Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
        • “Ýaşlar baradaky döwlet syýasaty: döwlet gurmagyň hukuk we dolandyryş esaslary” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • FINLANDIÝA RESPUBLIKASYNYŇ TÜRKMENISTANDAKY ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISI BILEN GEÇIRILEN DUŞUŞYK
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
        • Parahatçylyk we bitaraplyk kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
        • Туркменский вектор глобальной энергобезопасности – «Энергия. Сотрудничество. Развитие»
        • «AZIÝADA YNAMY BERKITMEK, ULAG BAGLANYŞYGYNY WE EKOLOGIÝA HOWPSUZLYGYNY ÜPJÜN ETMEK BOÝUNÇA INNOWASION BASLANGYÇLAR» ATLY OKUW-USULY SEMINARY GEÇIRILDI
        • «ЦА+1» в Самарканде: как регион ищет баланс между интеграцией и суверенитетом
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Sosial media
      • TikTok
      • Instagram
    • Media
    Esasy / Habarlar / ONLAÝN AÇYK SAPAGY GEÇIRILDI
    ONLAÝN AÇYK SAPAGY GEÇIRILDI
    ONLAÝN AÇYK SAPAGY GEÇIRILDI
    22/10/2025

    1115

    ONLAÝN AÇYK SAPAGY GEÇIRILDI

    2025-nji ýylyň 22-nji oktýabrynda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň guramagynda “Oýna baglylyk. Nomofobiýa” atly tema boýunça ýokary okuw mekdepleriniň pedogogik işgärleriniň we talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda onlaýn açyk sapagy geçirildi. Bu açyk sapaga Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymlary hem-de talyp ýaşlary işjeň gatnaşdy.

    Sapagyň dowamynda çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlarymyzyň döwrebap bilim almaklary hem-de hünär öwrenmekleri, ýaş hünärmenleriň döredijilikli iş alyp barmagy üçin giň mümkinçilikleriň döredilýändigi, “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň” durmuşa geçirilmeginiň milli bilim ulgamynyň döwrebap ösmegine şert döredýändigi barada bellediler. Çünki sanly bilim ulgamy elektron maglumatlar gorundan peýdalanmagy elýeterli edýär hem-de ulanyjynyň okuw okamakdaky gözleglerine sarp edýän wagtyny ep-esli tygşytlaýar.

    Açyk sapakda häzirki wagtda dünýäde internet ulgamynyň işjeňleşmegi netijesinde döredilýän mümkinçilikleri ýerlikli peýdalanmak, telefonlarda, kompýuterlerde adamyň psihikasyna täsir edip bilýän oýunlary oýnamazlyk, tehniki serişdelere çenden aşa bagly bolmazlyk barada giňişleýin gürrüň edildi. Kompýuter oýunlaryny aşa köp oýnamaklygyň sebäpleri bolan maglumat açlygy, şahsy häsiýetde ýüze çykýan aýratynlyklar, hakykatdan gaçmak, ýeke galmak, terbiýe täsirleri, jemgyýetçilik işjeňliginiň mejbury azalmagy, agyr psihiki keseller barada aýratyn düşündirildi. Mysal üçin bolmalysyndan aşa köp wagtyň kompýuter oýunlaryna sarp edilmegi we telefonda ýerliksiz köp wagtyň internet ulanmak bilen geçirilmegi: duýgudaşlyk, howsalalyk, özüňe pes baha bermek, göwnüçökgünlik ýaly adamyň durmuşyna täsir edýän kyn şahsy häsiýet aýratynlyklarynyň döremegine getirip bilýändigi barada düşündirildi. Şeýle hem depressiýa ýagdaýlaryna meýillilik, içe ýapyklyk, meseleleri çözüp bilmezlik, stres ýagdaýlaryny geçirmegiň kynçylygy adamlaryň jemgyýetçilik durmuşyna-da uýgunlaşmaklaryny kynlaşdyrýandygy barada nygtaldy. Bu sapak talyp ýaşlar üçin örän täsirli we peýdaly geçdi diýip bellemek bolar.


    Maral ORAZGYLYJOWA,

    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

    Halkara gatnaşyklary institutynyň

    Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi.

    Soňky täzelikler

    BEÝIK ÝÜPEK ÝOLY– GADYMY TÜRKMEN DÖWLETLERINIŇ PARAHATÇYLYKLY WE HOŞNIÝETLI BITARAPLYK SYÝASATYNYŇ MYSALY HÖKMÜNDE ATLY OKUW-USULY SEMINAR GEÇIRILDI surady

    23/10/2026

    BEÝIK ÝÜPEK ÝOLY– GADYMY TÜRKMEN DÖWLETLERINIŇ PARAHATÇYLYKLY WE HOŞNIÝETLI BITARAPLYK SYÝASATYNYŇ MYSALY HÖKMÜNDE ATLY OKUW-USULY SEMINAR GEÇIRILDI
    BMG-niň 81 ýyllygyna bagyşlanan «Model UN: Language & Negotiation Simulation» atly bäsleşik surady

    23/10/2026

    BMG-niň 81 ýyllygyna bagyşlanan «Model UN: Language & Negotiation Simulation» atly bäsleşik
    BILIM WE HALKARA HYZMATDAŞLYK – ÜSTÜNLIGE  BARÝAN ÝOL surady

    22/10/2026

    BILIM WE HALKARA HYZMATDAŞLYK – ÜSTÜNLIGE BARÝAN ÝOL
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2026 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI