142
«MENIŇ HALYPA MUGALLYMYM» ATLY DABARALY MASLAHAT
2025-nji ýylyň 7-nji oktýabrynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de 5-nji oktýabr – Bütindünýä mugallymlar güni mynasybetli ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň sekretariaty bilen «Parahatçylyk medeniýeti» atly klubynyň we «Ýaş žurnalistler» ylmy-döredijilik gurnagynyň bilelikde gurnamagynda «Meniň halypa mugallymym» atly dabaraly maslahat geçirildi. Oňa «Parahatçylyk medeniýeti» atly ÝUNESKO klubunyň we «Ýaş žurnalistler» ylmy-döredijilik gurnagynyň işjeň agzalary gatnaşdylar.
Dabaraly maslahatda çykyş edenler ÝUNESKO tarapyndan 1994-nji ýylda her ýylyň 5-nji oktýabrynyň Bütindünýä mugallymlar güni diýlip yglan edilmeginiň taryhy ähmiýeti, hormatly käriň eýeleri mugallymlaryň bilim ulgamynda, mekdeplerde we jemgyýetçilik ýerlerinde, islendik adamyň şahsy durmuşynda tutýan möhüm orny barada bellediler.
Şeýle-de dabaraly maslahatyň dowamynda şanly sene mynasybetli mugallymlary begendirmek, mundan beýläk-de höwesli zähmet çekmekleri üçin talyplar ýörite prezentasiýalar, goşgudyr, aýdym-sazly çykyşlary gurap, süýjiden-süýji gutlaglar aýtdylar.
Oguljan KURBANOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň II ýyl talyby.