Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
        • TÜRKMEN MILLI LYBASLARYNYŇ GÖRKEZILIŞ DABARASY GEÇIRILDI
        • «Ýaşlyk» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde okuw sapagy geçirildi
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
        • Энергия, климат и транспорт: подход Туркменистана к приоритетам регионального развития
        • Дигитализация и AI как драйвер ускорения на треке Центральная Азия – Республика Корея
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
        • “Kiberhowpsuzlyk boýunça strategiýalar” atly sanly ulgam arkaly maslahat geçirildi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Habarlar / MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ SAÝLANAN ESERLERINIŇ ITALÝAN DILINE TERJIME EDILEN ÝYGYNDYSYNYŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY
    MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ SAÝLANAN ESERLERINIŇ ITALÝAN DILINE TERJIME EDILEN ÝYGYNDYSYNYŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY
    MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ SAÝLANAN ESERLERINIŇ ITALÝAN DILINE TERJIME EDILEN ÝYGYNDYSYNYŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY
    MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ SAÝLANAN ESERLERINIŇ ITALÝAN DILINE TERJIME EDILEN ÝYGYNDYSYNYŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY
    MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ SAÝLANAN ESERLERINIŇ ITALÝAN DILINE TERJIME EDILEN ÝYGYNDYSYNYŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY
    MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ SAÝLANAN ESERLERINIŇ ITALÝAN DILINE TERJIME EDILEN ÝYGYNDYSYNYŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY
    MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ SAÝLANAN ESERLERINIŇ ITALÝAN DILINE TERJIME EDILEN ÝYGYNDYSYNYŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY
    MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ SAÝLANAN ESERLERINIŇ ITALÝAN DILINE TERJIME EDILEN ÝYGYNDYSYNYŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY
    MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ SAÝLANAN ESERLERINIŇ ITALÝAN DILINE TERJIME EDILEN ÝYGYNDYSYNYŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY
    27/12/2024

    1626

    MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ SAÝLANAN ESERLERINIŇ ITALÝAN DILINE TERJIME EDILEN ÝYGYNDYSYNYŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY

    2024-nji ýylyň 27-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Magtymguly Pyragynyň saýlanan eserleriniň italýan diline terjime edilen ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Oňa daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň, ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, Daşary işler ministrliginiň işgärleri, professor-mugallymlar we talyp ýaşlar gatnaşdylar.
    Dabaranyň başynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory Gülşat Ýusupowa çykyş edip, beýik şahyrymyzyň döredijiliginiň dünýäde öwrenilişi, şeýle hem italýan dilinde neşir edilen ýygyndysynyň ähmiýeti dogrusynda giňişleýin durup geçdi. Soňra Türkmenistanyň Italiýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Toýly Kömekowyň, Italiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili, işewürlik meseleleri boýunça attaşesi Karmelo Leonyň çykyşlaryna hem giň orun berildi. Şeýle hem Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň alym kätibi, taryh ylymlarynyň kandidaty Kakajan Janbekowyň, Türkmenistanyň halk suratkeşi, Türkmenistanyň Gahrymany Saragt Babaýewiň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Roman-german dilleri kafedrasynyň italýan dili mugallymy Aýsoltan Agamyradowanyň, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Roman-german dilleri kafedrasynyň italýan dili mugallymy Mekan Saparowyň çykyşlary, Terjimeçileriň halkara assosiasiýasynyň agzasy, UNINT Rim uniwersitetiniň mugallymy Iwan Melkumýanyň wideoýüzlenmesi diňlenildi. Çykyş edenler beýik şahyryň döredijilik mirasynyň dünýä medeniýetiniň hazynasynyň aýrylmaz bölegidigini nygtadylar.
    Häzirki wagtda deňhukuklylyk, dostluk we birek-biregiň bähbitlerini nazara almak ýörelgelerine esaslanýan türkmen-italýan gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarylýar. Şunda Magtymguly Pyragynyň saýlanan eserleriniň italýan diline terjime edilmegi Türkmenistan bilen Italiýanyň arasynda dostlugyň, doganlygyň we ýakyn hyzmatdaşlygyň ýene bir aýdyň mysalydyr. Dabara gatnaşyjylar şahyryň garaýyşlarynyň beýleki halklar bilen hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine, däp- dessurlara ygrarlylyga esaslanýandygyny bellediler. Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar beýik şahyr Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny bütin dünýäde dabaralandyrýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini beýan etdiler.

    Güljemile DÄDEBAÝEWA,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara žurnalistikasy fakultetiniň III ýyl talyby.


    Şeýle hem bu barada şu ýerden hem okap bilersiňiz:

    https://www.mfa.gov.tm/news/5008
    https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/176637


    Soňky täzelikler

    Ylmy – amaly maslahat geçirildi surady

    23/06/2025

    Ylmy – amaly maslahat geçirildi
    ABŞ-NYŇ KENT DÖWLET UNIWERSITETINIŇ WEKILLERI BILEN DUŞUŞYK surady

    18/06/2025

    ABŞ-NYŇ KENT DÖWLET UNIWERSITETINIŇ WEKILLERI BILEN DUŞUŞYK
    Ýoluňyz ak bolsun, mähriban uçurymlar! surady

    16/06/2025

    Ýoluňyz ak bolsun, mähriban uçurymlar!
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI