Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • TÜRKMEN-FRANSUZ GATNAŞYKLARYNY ÖSDÜRMÄGE BAGYŞLANAN DUŞUŞYK
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
        • BEÝIK BRITANIÝALY DIPLOMAT BILEN DUŞUŞYK
        • AWSTRIÝANYŇ ÝEWROPA WE HOWPSUZLYK SYÝASATY INSTITUTYNYŇ WEKILI BILEN GEÇIRILEN DUŞUŞYKLAR
      • Halkara günler
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • ADAM HUKUKLARY BOÝUNÇA OKUW SAPAGY GEÇIRILDI
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
        • «PARAHATÇYLYGYŇ ÝAŞ ÇAPARLARY»: V MÖWSÜMIŇ VI SAÝLAMA OÝNY
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Media
    Esasy / Parahatçylygyň ýaş çaparlary / «PARAHATÇYLYGYŇ ÝAŞ ÇAPARLARY»: V MÖWSÜMIŇ VI SAÝLAMA OÝNY
    «PARAHATÇYLYGYŇ ÝAŞ ÇAPARLARY»: V MÖWSÜMIŇ VI SAÝLAMA OÝNY
    «PARAHATÇYLYGYŇ ÝAŞ ÇAPARLARY»: V MÖWSÜMIŇ VI SAÝLAMA OÝNY
    «PARAHATÇYLYGYŇ ÝAŞ ÇAPARLARY»: V MÖWSÜMIŇ VI SAÝLAMA OÝNY
    18/03/2026

    71

    «PARAHATÇYLYGYŇ ÝAŞ ÇAPARLARY»: V MÖWSÜMIŇ VI SAÝLAMA OÝNY

    2026-nji ýylyň 18-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşiginiň V möwsüminiň VI saýlama oýny geçirildi.
    Mälim bolşy ýaly, institutyň düzüminde hereket edýän Ýaş diplomatlaryň mekdebiniň guramagynda geçirilýän «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşiginiň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda badalga berlen V möwsümi «Garaşsyz we Bitarap Türkmenistan — parahatçylyk syýasatynyň hem-de özara ynanyşmak dialogynyň merkezi» atly umumy şygar astynda geçirilýär. Bu bolsa ýaş nesilleriň hemişelik Bitarap döwletimiziň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyna bolan gyzyklanmalarynyň artmagyna uly goşant goşýar. Möwsümiň nobatdaky saýlama oýny «Türkmenistanyň hoşniýetli goňşuçylykly daşary syýasaty – sebit parahatçylygynyň we howpsuzlygynyň binýatlyk sütüni» atly tema bagyşlanyldy.
    «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşiginiň V möwsüminiň VI saýlama oýnuna Aşgabat şäheriniň Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumy bilim berýän mekdep internatynyň 12-nji synp okuwçysy Selbi Aknyýazowa, Aşgabat şäheriniň Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumy bilim berýän mekdep internatynyň 12-nji synp okuwçysy Akmuhammedowa Mähri, Aşgabat şäheriniň Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow adyndaky zehinli ýaşlar mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy Maýsa Berdigylyjowa, Aşgabat şäheriniň 60-njy orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy Nurberdi Çerkezow, Aşgabat şäheriniň Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumy bilim berýän mekdep internatynyň 10-njy synp okuwçysy Şamyrat Bezirgenow, Aşgabat şäheriniň Annanyýaz Artyk adyndaky daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 68-nji orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy Nepes Jorakulyýew, Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň 50-nji orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy Farida Jumaýewa dagy gatnaşdylar.
    Akyl-paýhas bäsleşiginiň V möwsüminiň VI saýlama oýnuna «Pähimdarlar geňeşiniň» agzalary hökmünde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň uly mugallymy, filosofiýa ylymlarynyň kandidaty Begenç Karaýew, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Arheologiýa we etnologiýa kafedrasynyň uly mugallymy, taryh ylymlarynyň kandidaty Mähri Perdeliýewa, Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygy Jemal Saparlyýewa dagy adalatly eminlik etdiler.
    Gyzgalaňly geçen bäsleşigiň netijelerine laýyklykda Aşgabat şäheriniň Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow adyndaky zehinli ýaşlar mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy Maýsa Berdigylyjowa hem-de Aşgabat şäheriniň 60-njy orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy Nurberdi Çerkezow nobatdaky oýunda ýeňiş gazanmagy başardylar.
    Akyl-paýhas bäsleşiginiň V möwsüminiň VI saýlama oýnuna Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasy hemaýatkärlik etdi. Bäsleşigiň ýeňijileri we gatnaşyjylary hemaýatkärler tarapyndan taýýarlanylan ýadygärlik sowgatlar bilen sylaglandylar. Şeýle-de olara institutymyzyň Hormat hatlary gowşuryldy.

    Güljemal ORAZOWA,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara gatnaşyklary fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.

    Soňky täzelikler

    «PARAHATÇYLYGYŇ ÝAŞ ÇAPARLARY»: V MÖWSÜMIŇ V SAÝLAMA OÝNY surady

    25/02/2026

    «PARAHATÇYLYGYŇ ÝAŞ ÇAPARLARY»: V MÖWSÜMIŇ V SAÝLAMA OÝNY
    “Parahatçylygyň ýaş çaparlary” atly akyl-paýhas bäsleşiginiň V möwsüminiň IV saýlama oýny surady

    04/02/2026

    “Parahatçylygyň ýaş çaparlary” atly akyl-paýhas bäsleşiginiň V möwsüminiň IV saýlama oýny
    «PARAHATÇYLYGYŇ ÝAŞ ÇAPARLARY» ATLY AKYL-PAÝHAS BÄSLEŞIGINIŇ V MÖWSÜMINE BADALGA BERILDI surady

    05/11/2025

    «PARAHATÇYLYGYŇ ÝAŞ ÇAPARLARY» ATLY AKYL-PAÝHAS BÄSLEŞIGINIŇ V MÖWSÜMINE BADALGA BERILDI
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2026 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI