Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Habarlar / Magtymguly Pyragynyň saýlanan eserleriniň hytaý diline terjime edilen kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy
    Magtymguly Pyragynyň saýlanan eserleriniň hytaý diline terjime edilen kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy
    Magtymguly Pyragynyň saýlanan eserleriniň hytaý diline terjime edilen kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy
    Magtymguly Pyragynyň saýlanan eserleriniň hytaý diline terjime edilen kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy
    Magtymguly Pyragynyň saýlanan eserleriniň hytaý diline terjime edilen kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy
    Magtymguly Pyragynyň saýlanan eserleriniň hytaý diline terjime edilen kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy
    Magtymguly Pyragynyň saýlanan eserleriniň hytaý diline terjime edilen kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy
    Magtymguly Pyragynyň saýlanan eserleriniň hytaý diline terjime edilen kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy
    25/12/2024

    1840

    Magtymguly Pyragynyň saýlanan eserleriniň hytaý diline terjime edilen kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy

    2024-nji ýylyň 25-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Magtymguly Pyragynyň saýlanan eserleriniň hytaý diline terjime edilen kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Tanyşdyrylyş dabarasyna daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň, ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, Daşary işler ministrliginiň işgärleri, professor-mugallymlar we talyp ýaşlar gatnaşdylar.
    Dabarada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory Gülşat Ýusupowanyň, Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Parahat Durdyýewiň, Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sýan Naýçeniň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Dünýä dilleri kafedrasynyň hytaý dili mugallymy Mähriban Gelenowanyň çykyşlary, şeýle-de Hytaý Atçylyk Assosiasiýasynyň baş sekretary Ýue Gaofengiň, Pekin daşary ýurt dilleri uniwersitetiniň Rus dili fakultetiniň dekany, professor Dai Guiszunyň, Hytaýyň Demirgazyk – Günbatar uniwersitetiniň «Ýüpek ýoly» arheologik hyzmatdaşlyk ylmy-barlag merkeziniň uly ylmy işgäri, uly mugallym Serdar Maşarykowyň wideoýüzlenmeleri diňlenildi. Çykyş edenler Gündogaryň beýik akyldary, umumadamzat şahyry Magtymguly Pyragynyň saýlanan eserleriniň hytaý diline terjime edilmeginiň iki doganlyk halklaryň arasyndaky ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmakda, medeni diplomatiýany ösdürmekde möhüm orun eýeleýändigini belläp geçdiler. Şeýle hem dabaranyň dowamynda dana şahyryň umman kibi çuň manyly şygyrlarynyň, bütin adamzady parahatçylyga, dost-doganlyga çagyrýan pikir-garaýyşlarynyň tutuş dünýäde parahat durmuşy berkitmekde, halklaryň arasynda medeni-ynsanperwer gatnaşyklary çuňlaşdyrmakda möhüm ähmiýetiniň bardygy dogrusynda giňişleýin gürrüň edildi.
    Bitarap Türkmenistan döwletimiz Hytaý Halk Respublikasy bilen strategik hyzmatdaşlygy ösdürmäge möhüm ähmiýet berýär. Iki doganlyk halkyň arasyndaky gatnaşyklaryň kökleri taryhyň çuňluklaryna uzaýar. Häzirki wagtda özara hormat goýmak, deňhukuklylyk, dostluk we birek-biregiň bähbitlerini nazara almak ýörelgelerine esaslanýan türkmen-hytaý gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarylýar. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda Hytaý Halk Respublikasy bilen söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklar, hususan-da, ylym, bilim, medeniýet, saglygy goraýyş, sport, syýahatçylyk ugurly hyzmatdaşlyk yzygiderli ösdürilýär. Türkmenistan Hytaý bilen diňe bir ikitaraplaýyn esasda däl, köptaraplaýyn esasda – iri halkara guramalaryň hem-de abraýly sebit düzümleriniň ugry boýunça, «Merkezi Aziýa – Hytaý» görnüşinde hem üstünlikli hyzmatdaşlyk edýär.
    Ýeri gelende bellesek, dana şahyr Magtymguly Pyragynyň «Çyn-Maçyn, Rum, Horezmi ýördüm ykbal agtaryp», «Göwün istär gezsem Çyn-Maçyn» ýaly setirlerinde taryhda Çyn-Maçyn diýlip atlandyrylan Hytaý döwleti barada bellenilip geçilýär. Magtymguly Pyragynyň saýlanan eserleriniň hytaý diline terjime edilmegi iki halkyň arasynda medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň has-da pugtalandyrylmagynda ägirt uly ähmiýeti bar.
    Bu dabara türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde umumadamzat şahyry Magtymguly Pyragynyň dürdäne eserleriniň at-abraýynyň dünýä dolandygyny doly aýdyňlygy bilen subut etdi.

    Yhlas HALLYÝEW,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara žurnalistikasy fakultetiniň II ýyl talyby.

    Bu barada şu ýerde hem okap bilersiňiz:
    https://www.mfa.gov.tm/news/5003

    https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/176320

    Soňky täzelikler

    Bütindünýä welosiped güni mynasybetli dabaralar geçirildi surady

    03/06/2025

    Bütindünýä welosiped güni mynasybetli dabaralar geçirildi
    HALKARA RUS DILINE BAGYŞLANAN BÄSLEŞIK surady

    03/06/2025

    HALKARA RUS DILINE BAGYŞLANAN BÄSLEŞIK
    ÇAGALARY GORAMAGYŇ HALKARA GÜNI MYNASYBETLI ONLINE  OKUW MASLAHATY GEÇIRILDI surady

    02/06/2025

    ÇAGALARY GORAMAGYŇ HALKARA GÜNI MYNASYBETLI ONLINE OKUW MASLAHATY GEÇIRILDI
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI