Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
        • HALYPA MUGALLYMYŇ GATNAŞMAGYNDA YLMY-DÖREDIJILIK MASLAHATY GEÇIRILDI
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • BILIM ULGAMYNDA TÜRKMEN-ÝAPON HYZMATDAŞLYGYNA BAGYŞLANAN DUŞUŞYK
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • BÜTINDÜNÝÄ «BRAÝL» HARPLYGYNYŇ GÜNI
        • Halkara epidemiýa garşy taýýarlyk güni: ählumumy howpsuzlygyň kepili
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
        • Взгляд на 2026 год лидеров США, России и Китая
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Media
    Esasy / Habarlar / Institutymyzda Iňlis dili hepdeligi öz işine başlady
    Institutymyzda Iňlis dili hepdeligi öz işine başlady surady
    30/11/-0001

    1219

    Institutymyzda Iňlis dili hepdeligi öz işine başlady

    2023-nji ýylyň 21-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Iňlis dili hepdeligi başlandy. Geçirilýän ders hepdeliginiň esasy maksady talyplaryň daşary ýurt dilini öwrenmäge bolan islegini we höwesini ýokarlandyrmakdan, dünýägaraýşyny giňeltmekden, medeni derejesini ýokarlandyrmakdan, aň-bilim we döredijilik işjeňligini ösdürmekden ybaratdyr. Dünýä dilleri kafedrasy tarapyndan gurnalan hepdeligiň çäginde birnäçe çäreler meýilleşdirildi.
    21-nji fewralda, ýagny Iňlis dili hepdeliginiň birinji gününde “Öwrenilýän diliň ýurdy bilen tanyşlyk" atly çäre geçirildi. Ähli fakultetleriň talyplarynyň gatnaşmagynda “Beýik Britaniýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky syýasy-diplomatik gatnaşyklar”, “Beýik Britaniýa: dil, medeniýet, däp-dessurlar”, “Beýik Britaniýanyň bilim ulgamy we ýokary okuw jaýlary”, “Beýik Britaniýanyň gözel ýerleri” atly temalarda prezentasiýaly çykyşlar edildi. Talyplar tarapyndan ýerine ýetirilen iňlis dilindäki goşgular, aýdymlar, şeýle hem, iňlis edebiýatynyň nusgawy eserlerinden monologlar çärä aýratyn öwüşgin çaýdy.
    Institutyň baş binasynyň girelgesinde gurnalan sergi meýdançasy çärä baýramçylyk ruhuny berdi.
    Institutymyza berkidilen umumy bilim edaralary bilen özara gatnaşyklary çuňlaşdyrmak maksady bilen, bu çärä paýtagtymyzyň 65-nji we 68-nji mekdepleriň okuwçylary we mugallymlary hem çagyryldy.
    Umuman, hepdäniň ilkinji çäresi talyplaryň iňlis dilini özleşdirmegiň dowamynda alan bilim, dil we sözleýiş tejribesiniň giňelmegine we baýlaşmagyna, dersara baglanyşyklary berkitmäge ýardam etdi.

    Aýna SÄTGELDIÝEWA,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Dünýä dilleri kafedrasynyň mugallymy.

    Soňky täzelikler

    WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI surady

    16/01/2026

    WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
    «PARAHATÇYLYGYŇ ÝAŞ ÇAPARLARY»: V MÖWSÜMIŇ III SAÝLAMA OÝNY surady

    14/01/2026

    «PARAHATÇYLYGYŇ ÝAŞ ÇAPARLARY»: V MÖWSÜMIŇ III SAÝLAMA OÝNY
    Magtymguly Pyragynyň rumyn dilindäki neşiri surady

    08/01/2026

    Magtymguly Pyragynyň rumyn dilindäki neşiri
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2026 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI