Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Wakalar / Halkara gatnaşyklary: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti
    Halkara gatnaşyklary: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti surady
    18/05/2024

    2440

    Halkara gatnaşyklary: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti

    Mälim bolşy ýaly, 2024-nji ýylyň 22 — 25-nji maýy aralygynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň bilelikde guramagynda «Halkara gatnaşyklary: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti» atly halkara bäsleşik geçiriler. Bu bäsleşige gatnaşmak üçin Merkezi Aziýa, Hazarýaka döwletleriniň, Türkiýe Respublikasynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň şeýle hem Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinden talyplaryň jemi 250-dan gowragy hasaba alyndy. Has takygy, bäsleşige daşary ýurtlaryň 9-ysyndan 11 sany abraýly ýokary okuw mekdebinden 40-a golaý magistrler we talyplar, şeýle hem ýurdumyzyň 22 sany ýokary okuw mekdebinden talyp ýaşlar gatnaşarlar. Hususan-da, Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň Moskwa Döwlet Halkara gatnaşyklary institutynyň, Azerbaýjanyň ADA uniwersitetiniň, Eýran Yslam Respublikasynyň Syýasy we halkara ylmy barlaglary institutynyň, Gazagystanyň Ş.Esenow adyndaky tehnologiýalaryň we inžiniringiň Kaspiý uniwersitetiniň, Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň K.Dikambaýew adyndaky Diplomatiýa akademiýasynyň, Täjik milli uniwersitetiniň, Rus-täjik (slawýan) uniwersitetiniň, Eýran Yslam Respublikasynyň Ferdöwsi uniwersitetiniň, Türkiýe Respublikasynyň Stambul Jerrahpaşa uniwersitetiniň, Hytaýyň halkara gatnaşyklary uniwersitetiniň, Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Dünýä ykdysadyýeti we diplomatiýa uniwersitetiniň magistrleri we talyplary ýurdumyzda ilkinji gezek geçiriljek bu bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirdiler.
    Hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryndan ugur alyp, şeýle hem BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy boýunça kabul edilen «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamadaky parahatsöýüjilik, ynanyşmagy we özara dialogy berkitmek baradaky ýörelgeleri ýaşlaryň arasynda giňden dabaralandyrmak maksady bilen geçiriljek bu bäsleşik parahatçylygy wagyz etmek, halkara dialogy işjeňleşdirmek, medeni diplomatiýany ilerletmek, ýaşlaryň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek babatda oňyn netijeleri gazanmakda ähmiýetlidir. Şeýle-de Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň bilelikde guramagynda geçiriljek bu halkara bäsleşigi özara intellektual ýaryş esasynda talyplaryň halkara gatnaşyklary boýunça zehin başarnyklaryny ýüze çykarmagy, degişli sebitleriň talyp ýaşlarynyň arasynda dostlukly gatnaşyklary berkitmegi, okuw-bilim tejribeligini alyşmaga ýardam bermegi, häzirki zamanda ýüze çykýan ylmy we amaly meseleleri çözmäge ukyply ýaş hünärmenleri taýýarlamagy, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýmagy we pugtalandyrmagy, Bitarap Türkmenistanyň medeni we bilim diplomatiýasyny wagyz etmegi maksat edinýär.
    Halkara bäsleşik şahsy we toparlaýyn görnüşinde gurnalyp, degişli düzgünnama laýyklykda, onuň şahsy tapgyry test sowallary we ýazuw-barlag işleri esasynda geçiriler. Test sowallary sebit we halkara gatnaşyklary, olaryň syýasy-diplomatiki, söwda-ykdysady, taryhy-medeni we beýleki derwaýys ugurlaryny, hususan-da, şu aşakdaky ugurlary we meseleleri şöhlelendirer:
    — Garaşsyz we Bitarap Türkmenistanyň wajyp başlangyçlarynyň ähmiýeti we mazmuny;
    — BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy boýunça kabul edilen «2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamasynyň durmuşa geçirilmegine goňşy we sebit ýurtlarynyň ýaşlarynyň halkara derejesinde giňden gatnaşmagy;
    — Sebit parahatçylygy ugrunda dialogy hem-de hyzmatdaşlygy netijeli ýola goýmak üçin halkara gün tertibiniň derwaýys meseleleri; — halkara gatnaşyklarynda parahatçylykly dialogyň häzirkizaman ugurlary we usullary; — parahatçylygy döretmekde bitaraplyk syýasatynyň täsiri; — medeni diplomatiýanyň netijeli ugurlary we onuň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekdäki täsiri;
    — sebit hyzmatdaşlygynyň täze we derwaýys ugurlary. Şeýle hem halkara bäsleşikde serediljek we çözülmegi teklip ediljek meseleleriň deslapky düzümi aşakdakylardan ybaratdyr: — halkara gatnaşyklarynda parahatçylykly dialogyň häzirkizaman ugurlary we usullary; — parahatçylygy döretmekde bitaraplyk syýasatynyň täsiriniň artmagy;
    — medeni diplomatiýanyň netijeli ugurlary we onuň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekdäki täsiriniň artmagy;
    — durnukly ösüşi modelirlemekde matematiki usullaryň täze ugurlary;
    — halkara gepleşiklerini modelirlemek;
    — halkara ykdysady gatnaşyklaryny öwrenmekde maglumat tehnologiýalaryny ulanmak;
    — halkara ulag logistikasynyň global trendlerini öwrenmek; halkara gatnaşyklarynda optimal çözgütleri kabul etmekde matematiki modelirlemegi ulanmak;
    — sebit hyzmatdaşlygynyň täze we derwaýys ugurlaryny teklip etmek.
    Mundan başga-da, halkara bäsleşigiň şahsy tapgyrynda gatnaşyjylar ýumuşlary we meseleleri çözmekde öz ukyplaryny synagdan geçirerler. Ýumuşlar we meseleler halkara gatnaşyklarynda matematiki usullary ulanmak, matematiki modelirlemek, ekonometrika, logistika we ş.m. ugurlardan bolar. Meseleleriň mazmuny durnukly ösüşi modelirlemekde matematiki usullaryň täze ugurlary, halkara gepleşiklerini modelirlemek, halkara ykdysady gatnaşyklaryny öwrenmekde maglumat tehnologiýalaryny ulanmak, halkara ulag logistikasynyň global trendlerini öwrenmek, halkara gatnaşyklarynda optimal çözgütleri kabul etmekde matematikany we matematiki modelirlemegi ulanmak we ş.m. ugurlardan bolar.
    Şahsy bäsleşikde netijeler ýokarky iki tapgyryň jemi boýunça kesgitleniler. Halkara bäsleşigiň toparlaýyn tapgyrynda bolsa gatnaşyjylar toparlaýyn görnüşde ýumuşlary we meseleleri çözmekde bäsleşerler. Bu tapgyryň dowamynda gatnaşyjylar halkara gatnaşyklarynda matematiki usullary ulanmak, matematiki modelirlemek, ekonometrika, logistika we ş.m. ugurlar boýunça 5-10 sany mesele-ýumuş çözerler. Bu tapgyrda toparlar boýunça ýeňijiler bahalandyrylar.
    Halkara bäsleşigiň gatnaşyjylaryň bilelikdäki «paýhas hüjümi» breýn-ring bäsleşigi hem geçiriler. Bu çäre akyl-paýhas hyzmatdaşlygy formatynda bolar, onda 1 sagat 30 minut diskussiýa, jemleýji teklibi taýýarlamak, ylalaşmak we gutarnykly görnüşde hödürlemek üçin goşmaça 30 minut göz öňünde tutular. Bu tapgyryň esasy wezipesi halkara we sebit ýagdaýlarynyň derwaýys meselesini seljermek netijesinde, halkara subýektleriniň arasynda optimal dialog we hyzmatdaşlyk usullaryny hem-de olaryň görnüşlerini bilelikde hödürlemek bolup durýar.
    Bu tapgyrda ýeňijiler kesgitlenmeýär. Diskussiýa işeňňir gatnaşyjylar, Jemleýji teklibiň mazmunynda pikirleri we teklipleri giňden şöhlelendirilen toparlar ýa-da gatnaşyjylar aýratyn bellenilip geçiler.
    Şahsy we toparlaýyn tapgyrdaky ýeňijiler altyn, kümüş we bürünç medallar, degişlilikde 1-nji, 2-nji we 3-nji derejeli Diplomlar, Hormat hatlary we sowgatlar bilen sylaglanylar.
    Halkara bäsleşigiň ýokary guramaçylykly geçirilmegi üçin Guramaçylyk komiteti döredildi. Daşary ýurtly myhmanlar üçin medeni, dynç alyş, tanyşdyryş çäreleri göz öňünde tutuldy. Munuň özi daşary ýurtly myhmanlaryň gözel paýtagtymyzyň täsinlikleri, şeýle hem türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebiniň aýratynlyklary, ýaş diplomatlary taýýarlamagyň milli tejribesi bilen tanyşmaklaryna şert döreder.
    Bäsleşik baradaky goşmaça maglumatlar Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň resmi saýtynda (www.iirmfa.edu.tm) ýerleşdirilendir.

    Bäsleşik barada goşmaça maglumatlary şu ýerden okap bilersiňiz:
    https://iirmfa.edu.tm/tm/sahypa/halkara-gatnasyklary-we-geosyyasy-modelirleme-atly-halkara-olimpiadasy_9678
    https://iirmfa.edu.tm/tm/sahypa/halkara-gatnasyklary-parahatcylyk-dialogynyn-medeniyeti-atly-halkara-baslesiginde-gatnasyjylara-hodurleniljek-test-we-yumuslar-geciriljek-breyn-ring-boyunca-gysgaca-maglumat_6029
    https://turkmengazet.com/2024/05/19/halkara-gatnasyklary-parahatcylyk-dialogynyn-medeniyeti/
    https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/50/articles/149130
    https://br.com.tm/sections/7/9218
    https://education.gov.tm/news-details/548
    https://ashgabat.in/2024/05/22/su-gun-paytagtymyzda-halkara-baslesik-badalga-alyar/
    https://ashgabat.in/2024/05/22/halkara-parahatcylygyny-upjun-etmekde-yaslaryn-orny/
    Ylym-bilim döwrebap ösdürilýär (ahal.info)
    Türkmenmetbugat (turkmenmetbugat.gov.tm)
    Halkara gatnaşyklary: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti · Biznes Reklama (br.com.tm)
    Halkara parahatçylygyny üpjün etmekde ýaşlaryň orny - InAshgabat
    https://ahal.info/tm/news/halkara-gatnasyklary-parahatcylyk-dialogynyn-medeniyeti-atly-halkara-baslesigi-geciriler





    Soňky täzelikler

    “TALYP JOŞGUNY – 2025” ATLY DÖREDIJILIK FESTIWALY surady

    22/05/2025

    “TALYP JOŞGUNY – 2025” ATLY DÖREDIJILIK FESTIWALY
    BAÝRAMÇYLYGA BAGYŞLANAN GEZELENÇ surady

    22/05/2025

    BAÝRAMÇYLYGA BAGYŞLANAN GEZELENÇ
    DAŞARY ÝURTLY MYHMANLAR ÜÇIN WATANYMYZYŇ TARYHY ÝADYGÄRLIKLERINE GEZELENÇ surady

    13/05/2025

    DAŞARY ÝURTLY MYHMANLAR ÜÇIN WATANYMYZYŇ TARYHY ÝADYGÄRLIKLERINE GEZELENÇ
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI