Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Bildirişler / «Halkara gatnaşyklary: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti» atly halkara bäsleşik
    «Halkara gatnaşyklary: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti» atly halkara bäsleşik surady
    16/03/2024

    5881

    «Halkara gatnaşyklary: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti» atly halkara bäsleşik

    Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň bilelikde gurnamagynda Merkezi Aziýa, Hazarýaka, Türkiýe hem-de Hytaý Halk Respublikalarynyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçiriljek «Halkara gatnaşyklary: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti» atly halkara bäsleşigini geçirmegiň
    DÜZGÜNNAMASY
    Şu Düzgünnama Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň bilelikde gurnamagynda Merkezi Aziýa, Hazarýaka, Türkiýe hem-de Hytaý Halk Respublikalarynyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçiriljek «Halkara gatnaşyklary: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti» atly halkara bäsleşigini guramagyň we geçirmegiň kadalaşdyryjy resminamasy bolup, bu bäsleşigi geçirmegiň düzgünlerini kesgitleýär.
    Bäsleşigiň esasy maksady talyplaryň halkara gatnaşyklary ugrundan bilimleri boýunça bilim bäsleşigi esasynda zehin başarnyklaryny ýüze çykarmakdan, degişli sebitleriň talyp ýaşlarynyň arasynda dostlukly gatnaşyklaryny berkitmekden, okuw-bilim tejribeligini alyşmaga ýardam bermekden, ylym-bilimleri özara bähbitli alyş-çalyş etmekden, häzirki zamanda ýüze çykýan ylmy we amaly meseleleri çözmäge ukyply ýaş hünärmenleri taýýarlamakdan, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýmakdan we berkitmekden, Bitarap Türkmenistanyň medeni we bilim diplomatiýasyny wagyz etmekden ybarat.
    Bäsleşigiň geçiriljek ýeri: Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty.
    Bäsleşige Merkezi Aziýa, Hazarýaka, Türkiýe hem-de Hytaý Halk Respublikalaryndan gatnaşýan her ýokary okuw mekdepden bir mugallymyň ýolbaşçylygy astynda 3 (üç) talyp gatnaşyp biler. Türkmenistanyň her ýokary okuw mekdebinden Bäsleşige bir mugallymyň ýolbaşçylygynda 1-12 aralygynda talyp gatnaşyp biler.
    Bu bäsleşigiň ýokary guramaçylykly geçirilmegi üçin Guramaçylyk komiteti döredilýär. Guramaçylyk komitetiniň düzümi Türkmenistanyň Bilim ministri bilen ylalaşyp, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektorynyň buýrugy bilen tassyklanylýar.
    Guramaçylyk komiteti:
    - bu bäsleşigi geçirmegiň esasy ýörelgelerini kesgitleýär;
    - bäsleşigi guramak we geçirmek boýunça guramaçylyk işlerini alyp barýar;
    - bäsleşigi geçirmegiň tertibini we möhletini kesgitlemek boýunça teklipleri taýýarlaýar;
    - ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri bilen bäsleşiginiň meselelerini taýýarlamak boýunça işleri alyp barýar;
    - daşary ýurtdan gelen gatnaşyjylaryň şäherdäki myhmanhanalarda bolmaklary, iýmit, ulag bilen üpjün edilmegini gurnaýar;
    - daşary ýurtly myhmanlar üçin medeni, dynç alyş, tanyşdyryş çärelerini gurnaýar;
    - ýeňijileri sylaglandyrmak, medallar, Diplomlar, Hormat hatlary we sowgatlar bilen üpjün etmek işlerini amala aşyrýar.
    Daşary ýurtly talyplar we topar ýolbaşçysy bäsleşigiň dowamynda institutyň umumy ýaşaýyş jaýynda ýaşan ýagdaýlarynda olaryň ýaşaýyş üçin çykdajylaryny we institutyň naharhanasynda naharlar hem-de ulag bilen üpjün edilmegini Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty öz üstüne alýar. Guramaçy tarap daşary ýurtly gatnaşyjylaryň wiza almak bilen bagly çykdajylarynyň ýeňilleşdirilmegine kömek eder. Daşary ýurtly gatnaşyjylaryň Aşgabada gelmek we gitmek bilen bagly ýol petekleri üçin töleg we başga ýüze çykyp biljek çykdajylaryny gatnaşyjy tarap çekýär.
    Bäsleşik şahsy we toparlaýyn bäsleşikler görnüşinde geçiriler. Her topardaky talyp sany 1-6 aralygynda bolup biler.
    Bäsleşigi geçirmegiň Eminler toparyna gatnaşyjy toparlaryň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ylym we bilim edaralarynyň wekilleri giriziler. Eminler toparynyň düzümi we onuň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektorynyň buýrugy bilen tassyklanylýar. Eminler topary Bäsleşigiň ýeňijilerini kesgitleýär, ýüze çykýan meselelere we arz-şikaýatlara seredýär.
    Bäsleşigiň şahsy we toparlaýyn tapgyrdaky ýeňijileri altyn, kümüş we bürünç medallar, degişlilikde 1-nji, 2-nji we 3-nji derejeli Diplomlar, Hormat hatlary we sowgatlar bilen sylaglanylar. Ýeňijileriň sany gatnaşyjylaryň 50%-inden geçmeli däldir hem-de 1-nji, 2-nji, 3-nji ýerler 10%:15%:25% gatnaşykda bolmalydyrlar.
    Bäsleşik gatnaşyjy toparlaryň ýolbaşçylary öz meselelerini we ýumuşlaryny olaryň doly çözüwleri bilen bilelikde Guramaçylyk toparyna Bäsleşigiň geçirilmeginden 14 gün öňünden gijä galman teklip edip bilerler.
    Bäsleşikde serediljek we çözülmäge teklip ediljek meseleleriň deslapky düzümi aşakdakylardan ybarat:
    * halkara gatnaşyklarynda parahatçylykly dialogyň häzirkizaman ugurlary we usullary;
    * parahatçylygy döretmekde bitaraplyk syýasatynyň täsiriniň artmagy;
    * medeni diplomatiýanyň netijeli ugurlary we onuň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekdäki täsiriniň artmagy;
    * durnukly ösüşi modelirlemekde matematiki usullaryň täze ugurlary;
    * halkara gepleşiklerini modelirlemek;
    * halkara ykdysady gatnaşyklaryny öwrenmekde maglumat tehnologiýalaryny ulanmak;
    * halkara ulag logistikasynyň global trendlerini öwrenmek; halkara gatnaşyklarynda optimal çözüwleri kabul etmekde matematiki modelirlemegi ulanmak;
    * sebit hyzmatdaşlygynyň täze we derwaýys ugurlaryny teklip etmek.
    Bäsleşigi 2024-nji ýylyň 22-25-nji maýy aralygynda geçirmek meýilleşdirilýär.
    Bäsleşigiň resmi dilleri: türkmen, rus we iňlis dilleridir.
    Bäsleşik barada goşmaça maglumatlar Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň saýtynda goýlar.

    Bu barada şu ýerde hem okap bilersiňiz:
    https://turkmenportal.com/tm/blog/75419
    https://tmcars.info/tm/post/3343119808/aprel-iyun-aylarynda-turkmenistanda-geciriljek-halkara-internet-olimpiadalary-malim-edildi?ISCI=010902
    https://education.gov.tm/news-details/504

    Soňky täzelikler

    II halkara bäsleşigine gatnaşyjylaryň MAKSATNAMASY surady

    06/05/2025

    II halkara bäsleşigine gatnaşyjylaryň MAKSATNAMASY
    II halkara bäsleşik surady

    28/04/2025

    II halkara bäsleşik
    ÜNS BERIŇ, BÄSLEŞIK! surady

    22/04/2025

    ÜNS BERIŇ, BÄSLEŞIK!
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI