05/12/2025
22
“BIR GUŞAK, BIR ÝOL” BAŞLANGYJYNY DURMUŞA GEÇIRMEGIŇ ÇÄKLERINDE HARBIN TEHNOLOGIÝALAR INSTITUTYNDA GEÇIRILEN HALKARA YLMY MASLAHATY
Häzirki wagtda türkmen-hytaý gatnaşyklary hem özara hormat goýmaga, umumy bähbitlere esaslanýan köpugurly hyzmatdaşlygyň üstünlikli nusgalarynyň biri bolup durýar. Bu hyzmatdaşlyk syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, energetika, medeni-ynsanperwer ulgamlarda yzygiderli ösdürilýär. Häzirki dünýä we sebit ýagdaýlary bilen baglylykda, bu gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy iki ýurduň, şeýle hem tutuş Ýewraziýa yklymynyň durnuklylygyna, ösüşine oňyn täsirini ýetirýär. Türkmenistan bilen Hytaý strategik hyzmatdaşlar bolmak bilen, parahatçylyk, durnukly ösüş ýörelgelerine ygrarlydyklaryny görkezýärler. Bu hyzmatdaşlyk özara hormat goýmaga, deňhukuklylyga esaslanyp, diňe bir iki ýurduň däl, eýsem, tutuş sebitiň gülläp ösmegine-de gönükdirilendir. Şeýle ygrarlylyk ýurtlarymyzyň daşary syýasatynda, bilelikdäki taslamalarda, halkara guramalaryň çäklerindäki işjeň hyzmatdaşlygynda öz beýanyny tapýar.
2025-nji ýylyň 17-nji noýabryndan 22-nji noýabry aralygynda Hytaý Halk Respublikasynyň Harbin Tehnologiýalar instituty tarapyndan “Bir guşak, bir ýol başlangyjyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy we pul serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy institutlaryň meseleleri boýunça ylmy barlaglar” atly geçirilen halkara maslahaty hem munuň aýdyň subutnamasydyr.
Halkara maslahata Gazagystan Respublikasynyň Al-Farabi adyndaky gazak milli uniwersitetiniň, I.N.Gumilew adyndaky Ýewraziýa milli uniwersitetiniň, Akademik E.A.Buketow adyndaky Karaganda uniwersitetiniň, Abai Gazak milli pedagogika uniwersitetiniň, Taşkent döwlet hukuk uniwersitetiniň hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň professor-mugallymlary gatnaşdylar. Ýeri gelende belläp geçsek, 2021-nji ýylyň 5-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen «Al-Farabi adyndaky gazak milli uniwersiteti» täjirçilik maksatly bolmadyk paýdarlar jemgyýetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama hem sanly ulgam arkaly gol çekilipdi.
Bilelikde maslahatlaşmak, gurmak we peýdalanmak, açyklyk, ekologik ugur, ýokary ölçegleriň, halklaryň abadançylygynyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegi “Bir guşak, bir ýol” başlangyjynyň bilelikde ýokary hilli kemala getirilmeginiň möhüm ugurlarydyr. HHR-iň Başlygy Si Szinpin tarapyndan öňe sürlen “Bir guşak, bir ýol” başlangyjynyň çäklerinde kemala gelen özara hyzmatdaşlyk müňlerçe ýyl taryhy bolan Beýik Ýüpek ýolunyň häzirki eýýamda täze ýaşaýyş, durmuş kuwwatyna eýe boldy. Soňky ýyllarda “Bir guşak, bir ýol” formatynyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň geljekki gözýetimlerini kesgitlemek nukdaýnazaryndan gatnaşyklaryň içgin, oýlanyşykly şertlerini işläp taýýarlamak tapgyryna geçendigini, öňde goýlan meýilnamalaryň bolsa iş ýüzünde amala aşyrylan taslamalara öwrülip, oňat netijeleri berendigini kanagatlanma bilen bellemek bolar.
“Bir guşak, bir ýol” başlangyjy hakykatdan-da, örän möhüm, ählumumy derejeli, uzak geljege, has adalatly köpugurly parahatçylygyň, gatnaşyklar ulgamynyň kemala gelmegine gönükdirilendir. Wagtyň bu strategiýanyň uly islege eýedigini subut edendigine aýratyn üns çekmek bolar. Häzirki wagtda ol ählumumy derejeli ägirt uly taslama öwrüldi. Dünýäniň aglaba döwletleriniň ösen medeni köpdürlülige we her bir döwletiň öz ösüş ýoluna hormat goýulmagynda, ählumumy durnukly, uzak möhletleýin ykdysady ösüşe, durmuş abadançylygyna ýetmek maksady bilen, deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlyk taglymatyny paýlaşýandygyny nygtamak gerek.
2025-nji ýylyň 17-nji noýabryndan 22-nji noýabry aralygynda Hytaý Halk Respublikasynyň Harbin Tehnologiýalar instituty tarapyndan “Bir guşak, bir ýol başlangyjyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy we pul serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy institutlaryň meseleleri boýunça ylmy barlaglar” atly geçirilen halkara maslahatynyň dowamynda Hytaýyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdebiniň talyplarynyň, magistrantlarynyň, doktorantlarynyň hem-de mugallymlarynyň öňünde umumy sapaklaryny geçdiler.
Umumy sapaklarda we duşuşyklarda halkara hukugynyň we milli kanunçylygyň esaslary, sebitleýin ösüş, häzirki zaman hukuk gatnaşyklarynyň ösüşi we Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) sebit ýurtlarynyň arasynda hukuk hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakdaky ähmiýeti ara alnyp maslahatlaşyldy. Merkezi Aziýa döwletleriniň hünärmenleri öz çykyşlarynda sebit döwletleriniň korrupsiýa garşy syýasatlaryna we korrupsiýa garşy göreş mehanizmleriniň deňeşdirme seljermesine aýratyn üns berdiler.
Şeýle-de, Merkezi Aziýa döwletleriniň wekilleri wekilçilik edýän ýokary okuw mekdepleriniň ylym, bilim ulgamy dogrusynda gürrüň berdiler. Maslahatyň çäklerinde gurnalan iki taraplaýyn we köptaraplaýyn duşuşyklar ýokary okuw mekdepleriniň arasynda hyzmatdaşlygyň ugurlaryny we mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmaga ýardam berdi.
Şeýle-de gurnalan medeni çäreler halkara maslahatynyň guramaçylygyna aýratyn öwüşgin berdi. Türkmenistanyň wekiliýetiniň bu maslahata gatnaşmagy, onuň çäklerinde gurnalan umumy okuw sapaklary Merkezi Aziýa döwletleriniň hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam berjekdigine ynanýarys.
Aýjan OMAROWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy we deňeşdirme
hukuk öwreniş kafedrasynyň mugallymy.