Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Bildirişler / «Halkara gatnaşyklary: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti» atly halkara bäsleşigine gatnaşyjylara hödürleniljek test we ýumuşlar, geçiriljek breýn-ring boýunça gysgaça MAGLUMAT
    «Halkara gatnaşyklary: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti» atly halkara bäsleşigine gatnaşyjylara hödürleniljek test we ýumuşlar, geçiriljek breýn-ring boýunça gysgaça MAGLUMAT surady
    26/04/2024

    4804

    «Halkara gatnaşyklary: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti» atly halkara bäsleşigine gatnaşyjylara hödürleniljek test we ýumuşlar, geçiriljek breýn-ring boýunça gysgaça MAGLUMAT

    Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň bilelikde gurnamagynda 2024-nji ýylyň 22-25-nji maýy aralygynda Aşgabat şäherinde Merkezi Aziýa, Hazarýaka ýurtlarynyň, Türkiýe Respublikasynyň we Hytaý Halk Respublikasynyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň we magistrantlarynyň arasynda «Halkara gatnaşyklary: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti» atly halkara bäsleşiginde gatnaşyjylara hödürleniljek test we ýumuşlar, geçiriljek breýn-ring boýunça gysgaça
    MAGLUMAT
    1. 2024-nji ýylyň 23-nji maýynda sagat 11:00-12:00 aralygynda Halkara bäsleşigiň şahsy tapgyrynda test geçiriler.
    Testde 30 sorag bolar, jemi berilýän ballaryň möçberi 50 bal.
    Test soraglary sebit we halkara gatnaşyklary, olaryň syýasy-diplomatiki, söwda-ykdysady, taryhy-medeni we beýleki derwaýys ugurlaryny öz içine alar.
    Has takygy, test soraglary aşakdaky ugurlary we meseleleri şöhlelendirer:
    - Garaşsyz we Bitarap Türkmenistanyň wajyp başlangyçlarynyň ähmiýeti we mazmuny;
    - BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy boýunça kabul edilen «2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamasynyň durmuşa geçirilmegine goňşy we sebit ýurtlarynyň ýaşlarynyň halkara derejesinde giňden gatnaşmagy;
    - Sebit parahatçylygy ugrunda dialogy hem-de hyzmatdaşlygy netijeli ýola goýmak üçin halkara gün tertibiniň derwaýys meseleleri;
    - halkara gatnaşyklarynda parahatçylykly dialogyň häzirkizaman ugurlary we usullary;
    - parahatçylygy döretmekde bitaraplyk syýasatynyň täsiri;
    - medeni diplomatiýanyň netijeli ugurlary we onuň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekdäki täsiri;
    - sebit hyzmatdaşlygynyň täze we derwaýys ugurlary.
    2. 2024-nji ýylyň 23-nji maýynda sagat 14:00-18:00 aralygynda Halkara bäsleşigiň şahsy tapgyrynda ýumuşlary we meseleleri çözmek.
    Ýumuşlar we meseleler halkara gatnaşyklarynda matematiki usullary ulanmak, matematiki modelirlemek, ekonometrika, logistika we ş.m. ugurlardan bolar. Meseleleriň mazmuny durnukly ösüşi modelirlemekde matematiki usullaryň täze ugurlary, halkara gepleşiklerini modelirlemek, halkara ykdysady gatnaşyklaryny öwrenmekde maglumat tehnologiýalaryny ulanmak, halkara ulag logistikasynyň global trendlerini öwrenmek, halkara gatnaşyklarynda optimal çözüwleri kabul etmekde matematikany we matematiki modelirlemegi ulanmak we ş.m. ugurlardan bolar.
    Gatnaşyjylar 5 ýumuşdan ybarat ýazuw işini ýerine ýetirerler. Bu tapgyrda jemi beriljek ballar 50 bal bolar.
    Şahsy bäsleşikde netijeler ýokarky iki tapgyryň jemi boýunça kesgitleniler.
    3. 2024-nji ýylyň 24-nji maýynda sagat 9:00-11:00 aralygynda Halkara bäsleşigiň toparlaýyn tapgyrynda ýumuşlary we meseleleri çözmek.
    Bu tapgyryň dowamynda gatnaşyjylar toparlaýyn bäsleşikde halkara gatnaşyklarynda matematiki usullary ulanmak, matematiki modelirlemek, ekonometrika, logistika we ş.m. ugurlar boýunça 5-10 sany mesele-ýumuş çözerler.
    Bu tapgyrda toparlar boýunça ýeňijiler bahalandyrylar.
    4. 2024-nji ýylyň 24-nji maýynda sagat 11:00-13:00 aralygynda Halkara bäsleşigiň gatnaşyjylaryň bilelikdäki «paýhas hüjümi» (brainstorm, мозговой штурм, beyin fırtınası, ایده پردازی, 头脑风暴 - Tóunǎo fēngbào).
    Bu çäre akyl-paýhas hyzmatdaşlygy formatynda bolar, onda 1 sagat 30 minut diskussiýa, jemleýji teklibi taýýarlamak, ylalaşmak we gutarnykly görnüşde hödürlemek üçin goşmaça 30 minut göz öňünde tutulýar.
    Bu tapgyryň esasy wezipesi halkara we sebit ýagdaýlarynyň derwaýys meselesini seljermek netijesinde, halkara subýektleriniň arasynda optimal dialog we hyzmatdaşlyk usullaryny hem-de olaryň görnüşlerini bilelikde hödürlemek bolup durýar.
    Bu tapgyrda ýeňijiler kesgitlenmeýär. Diskussiýa işeňňir gatnaşyjylar, Jemleýji teklibiň mazmunynda pikirleri we teklipleri giňden şöhlelendirilen toparlar ýa-da gatnaşyjylar aýratyn bellenilip geçiler.

    Soňky täzelikler

    II halkara bäsleşigine gatnaşyjylaryň MAKSATNAMASY surady

    06/05/2025

    II halkara bäsleşigine gatnaşyjylaryň MAKSATNAMASY
    II halkara bäsleşik surady

    28/04/2025

    II halkara bäsleşik
    ÜNS BERIŇ, BÄSLEŞIK! surady

    22/04/2025

    ÜNS BERIŇ, BÄSLEŞIK!
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI