Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
        • HALYPA MUGALLYMYŇ GATNAŞMAGYNDA YLMY-DÖREDIJILIK MASLAHATY GEÇIRILDI
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • BILIM ULGAMYNDA TÜRKMEN-ÝAPON HYZMATDAŞLYGYNA BAGYŞLANAN DUŞUŞYK
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • BÜTINDÜNÝÄ «BRAÝL» HARPLYGYNYŇ GÜNI
        • Halkara epidemiýa garşy taýýarlyk güni: ählumumy howpsuzlygyň kepili
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
        • Взгляд на 2026 год лидеров США, России и Китая
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Media
    Esasy / Habarlar / Güýzüň şahyryna bagyşlandy
    Güýzüň şahyryna bagyşlandy
    Güýzüň şahyryna bagyşlandy
    Güýzüň şahyryna bagyşlandy
    Güýzüň şahyryna bagyşlandy
    Güýzüň şahyryna bagyşlandy
    Güýzüň şahyryna bagyşlandy
    Güýzüň şahyryna bagyşlandy
    16/10/2025

    1003

    Güýzüň şahyryna bagyşlandy

    2025-nji ýylyň 16-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Ýaş žurnalistler» ylmy-döredijilik gurnagynyň hem-de «Ýaş diplomatyň sesi» elektron gazetiniň redaksiýasynyň bilelikde guramagynda Gurbannazar Ezizowyň ömri we döredijiligine bagyşlanan döredijilik agşamy geçirildi. Oňa Türkmenistanyň halk artisti Atageldi Garýagdyýew, şahyryň uly gyzy Ýazgül Ezizowa, şeýle-de institutyň mugallymlarydyr talyp ýaşlary gatnaşdylar.

    Döredijilik agşamynda, ilki bilen, Ýazgül Ezizowa çykyş edip, türkmen edebiýatynda öçmejek yz goýan şahyr hakynda gyzykly hem-de ýakymly ýatlamalary gürrüň berdi. Elbetde, syrly dünýä ýaly bolup, söýgüli şahyrymyzyň şahsyýeti-de, edebiýata gelşi-de, döredijilik aýratynlygy-da hemmeleri gyzyklandyrýar. Şoňa görä-de, şahyr bilen bagly gürrüňler duşuşyga gatnaşyjylara ýatdan çykmajak täsirleri bagyşlady.

    Çykyş edenleriň nygtaýşy ýaly, Gurbannazar Ezizow öz şygyrlary bilen türkmen şygryýetine pikir taýdan-da, onuň aýdylyşy jähetden-de, düzüliş babatda-da täzelikleri getirdi. Bary-ýogy otuz bäş ýaşyň içinde tutuş bir halkyň şygryýetinde mekdep derejesine ýetmek diýseň seýrek hadysa. Şonuň üçinem Gurbannazar şahyryň şygyrlary bu günki gün her bir öýde, her bir türkmeniň kalbynda ýaşaýar.

    Duşuşykda şahyryň ömür ýoly dogrusynda hem söhbet edildi. Ýeri gelende bellesek, Gurbannazar Ezizow 1940-njy ýylyň 1-nji martynda Gökdepe etrabynyň Söwütli obasynda Azyz (Abdylazyz) Hümmedowyň maşgalasynda dünýä inýär. Ol 1964-nji ýylda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen filologiýasy fakultetini tamamlaýar. Soňra «Mydam taýýar» gazetiniň, «Pioner» žurnalynyň edebi işgäri, «Edebiýat we sungat» gazetiniň poeziýa bölüminiň müdiri, Türkmenistanyň ýazyjylar birleşiginde ýaş şahyrlaryň maslahatçysy wezipelerinde işleýär. Şahyr işiniň daşyndan zergärçilik bilen hem meşgullanyp, nepis şaý-sepleri ýasaýar.

    Soňra aýdym-saz muşdaklarynyň arasynda «Altyn bariton» adyny alan Atageldi Garýagdyýew şahyr dosty bilen bagly başdangeçirmelerini bu ýere ýygnananlar bilen paýlaşdy. Ýeri gelende aýtsak, Atageldi Garýagdyýewiň şahyryň sözlerine, meşhur kompozitor Nury Halmämmedowyň sazlaryna döredilen aýdymlaryny ýerine ýetirmegi döredijilik agşamynyň ähmiýetini has-da artdyrdy.

    Türkmenistanyň halk ýazyjysy, şahyr, dramaturg Gurbannazar Ezizowyň ömri we döredijiligine bagyşlanan duşuşygyň dowamynda institutyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyplary — Begnazar Begnazarowyň hem-de Peristan Töräýewanyň ýerine ýetirmeginde joşgunly aýdymlar ýaňlandy. Şeýle-de «Ýaş žurnalistler» ylmy-döredijilik gurnagynyň agzalary şahyryň hakydalarda baky orun alan goşgularyny labyzly okadylar.

    Döredijilik duşuşygynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar türkmen edebiýatynda öçmejek yz goýan şahsyýetleriň döredijilikleriniň içgin öwrenilmegi ugrunda giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözlerini beýan etdiler.


    Jahantäç GURBANGYLYJOWA,

    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

    Halkara gatnaşyklary institutynyň

    Halkara žurnalistikasy fakultetiniň IV ýyl talyby.

    Soňky täzelikler

    WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI surady

    16/01/2026

    WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
    «PARAHATÇYLYGYŇ ÝAŞ ÇAPARLARY»: V MÖWSÜMIŇ III SAÝLAMA OÝNY surady

    14/01/2026

    «PARAHATÇYLYGYŇ ÝAŞ ÇAPARLARY»: V MÖWSÜMIŇ III SAÝLAMA OÝNY
    Magtymguly Pyragynyň rumyn dilindäki neşiri surady

    08/01/2026

    Magtymguly Pyragynyň rumyn dilindäki neşiri
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2026 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI