10/06/2026
16
GANDBOL BOÝUNÇA TÜRKMENISTANYŇ BIRINJILIGI UGRUNDA ÝARYŞ GEÇIRILÝÄR
2026-njy ýylyň 9-13-nji iýuny aralygynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň sport toplumynda sportuň gandbol görnüşi boýunça 2010-njy ýylda doglan hem-de ondan kiçi ýaşly oglanlaryň we gyzlaryň arasynda Türkmenistanyň birinjiligi ugrunda ýaryş geçirilýär.
Bu sport çäresi 2026-njy ýyl üçin Umumydöwlet we halkara sport çäreleriniň ýeke-täk senenama meýilnamasyna laýyklykda guralýar. Ýaryşa ýurdumyzyň dürli künjeklerinden ýaş türgenleriň gatnaşmagy, olaryň sport ussatlygyny ýokarlandyrmaga, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmäge hem-de ýaş nesilleriň arasynda sporta bolan gyzyklanmany artdyrmaga ýardam berýär.
Gandbol boýunça geçirilýän Türkmenistanyň birinjiligi ýaş türgenleriň ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmakda, olaryň tejribesini artdyrmakda we geljekde halkara ýaryşlara taýýarlygyny berkitmekde möhüm ähmiýete eýedir. Şeýle-de bu çäre ýurdumyzda sporty ösdürmek, bedenterbiýe-sagaldyş hereketini giňden ýaýbaňlandyrmak we ýaşlaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak babatda alnyp barylýan işleriň üstünlikli dowam etdirilýändiginiň aýdyň beýanydyr.
Ýaryşyň ýokary guramaçylykly geçirilmegi üçin Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň sport toplumynda degişli şertler döredildi. Bu bolsa ýurdumyzda ýaş nesilleriň sagdyn, ruhubelent we watansöýüji bolup ýetişmegi ugrunda edilýän aladalaryň möhüm netijesidir.
Türkmenistanyň sport abraýyny belende götermäge gönükdirilen şeýle çäreler ýaşlaryň sporta bolan höwesini artdyrmak bilen bir hatarda, olaryň beden taýdan berk, maksadaokgunly we üstünlik gazanmaga ymtylýan nesil bolup kemala gelmegine giň mümkinçilik döredýär.
Rasul ATAJANOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 3-nji ýyl talyby
Soňky täzelikler