10/12/2024
466
«Dünýä medeniýeti» atly döredijilik-festiwaly geçirildi
2024-nji ýylyň 10-njy dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň Sekretariatynyň hem-de türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebiniň guramagynda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli «Dünýä medeniýeti» atly döredijilik-festiwaly geçirildi. Oňa ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde hereket edýän ÝUNESKO klublarynyň we kafedralarynyň wekilleri, şeýle-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymlarydyr talyp ýaşlary gatnaşdylar.
Döredijilik-festiwalyna gatnaşyjylar, ilki bilen, dürli döwletleriň medeniýetlerini şöhlelendirýän sergä aýlanyp gördüler. Soňra Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Dünýä dilleri kafedrasynyň uly mugallymy Aýgözel Öwezowanyň alyp barmagynda badalga alan döredijilik-festiwaly Türkmenistanyň Gahrymany, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Rustemowanyň çykyşy bilen dowam etdi. Ol, öz gezeginde, ýurdumyzyň ÝUNESKO-nyň maksatnamalaryna we taslamalaryna gatnaşygy, guramanyň iri gurluş bölümlerindäki orny, sanly taslamalarda we maglumat alyşmakda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri, dünýä medeniýeti, maddy we ruhy gymmatlyklaryň aýratynlyklary dogrusynda giňişleýin gürrüň berdi. Şeýle-de dabaranyň dowamynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň uly mugallymy, «Medeni miras — geçmişden geljege» atly ÝUNESKO kafedrasynyň müdiri Bike Diwangulyýewa, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň uly mugallymy, «Parahatçylygyň dilleri» ÝUNESKO klubynyň başlygy Ogulsabyr Berdiýewa, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň «Dermanlyk ösümliklerimiz — saglygymyz, mirasymyz» atly ÝUNESKO klubunyň başlygy Merjen Berdiýewa dagy çykyş etdiler. Çykyşlarda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň arasyndaky hyzmatdaşlyk, türkmen halkynyň baý medeni mirasyny gorap saklamak boýunça ÝUNESKO bilen uzak ýyllaryň dowamynda alnyp barylýan medeni-ynsanperwer gatnaşyklar dogrusynda nygtaldy.
Soňra döredijilik-festiwaly Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň çeper höwesjeňler toparynyň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan dost-doganlyk gatnaşyklary baradaky aýdym bilen utgaşdy. Şeýle-de Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň talyby Emir Sopyýewiň ýerine ýetiren «Une vie d’amour» atly fransuz aýdymy, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň «Altyn Miras» medeni merkeziniň «Aýazly» atly hytaý tansy we şol institutyň talyplary Seýitguly Seýitgulyýewiň we Aýlar Batyrowanyň ýerine ýetiren aýdymy döredijilik-festiwalyna aýratyn öwüşgin çaýdy.
Jemile PÜRJÄÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasynyň uly mugallymy.