26/02/2024
1495
Türkmenistan — Katar: ylym-bilim hyzmatdaşlygy giňeýär
Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda halkara hyzmatdaşlygynyň ähli ugurlary bilen bir hatarda, ylym-bilim ulgamyndaky gatnaşyklar hem netijeli ösdürilýär. Türkmenistanyň bilim ministri B.Orazdurdyýewanyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň Katar Döwletine iş saparyny amala aşyrmagy, onuň dowamynda geçirilen duşuşyklar türkmen-katar hyzmatdaşlygynda halkara ylym-bilim gatnaşyklarynyň möhüm orun eýeleýändigine şaýatlyk edýär.
2024-nji ýylyň 25-nji fewralynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary bilen Katar Döwletiniň Bilim we ýokary bilim ministri Buthaina bint Ali Al Jabr Al Nuaiminiň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda ylym-bilim ulgamyndaky netijeli hem-de işjeň hyzmatdaşlygy täze derejelere çykarmak bilen bagly teklipler hödürlenildi we käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Ýokary derejede geçirilen duşuşygyň ahyrynda türkmen wekiliýeti katar tarapyna ýadygärlik sowgat hökmünde türkmen halysyny peşgeş berdi.
Duşuşykdan soňra, türkmen wekiliýeti Doha şäherinde ýerleşýän «Katar Milli muzeýi» bilen tanyşdyryldy. Muzeý eksponatlary hronologiki yzygiderlilikde ýerleşdirilip, ol Pars aýlagynyň we çölüň tebigy taryhyndan başlap, beduin halklarynyň medeni artefaktlaryndan, Katar döwletini döretmekde uly iş bitiren taýpa söweşleriniň we nebit-gazyň tapylan döwürleriniň taryhy sergilerinden ybaratdyr. Audiowizual displeýler bilen enjamlaşdyrylan muzeý myhmanlarda uly täsirleri galdyrdy.
Şeýle-de türkmen wekiliýeti Doha şäherindäki «Yslam sungaty muzeýine» gezelenç etdiler. Bu ýerde golýazmalar, yslam medeniýetine mahsus bolan dokma we keramika sungatynyň gymmatlyklary görnükli orun tutýar. Muzeý Ispaniýadan, Müsürden, Eýrandan, Yrakdan, Türkiýeden, Hindistandan we Merkezi Aziýadan tapylan yslam artefaktlarynyň iň köp ýygnalan muzeýi hasaplanylýar.
Mälim bolşy ýaly, halkara tejribäni öwrenmek diňe bir ylym-bilimiň ösüşinde däl, eýsem, ähli babatda ýokary netijeleri gazanmak üçin örän möhümdir. Şu gezekki saparyň maksady dostlukly ýurduň ýokary okuw mekdepleridir döwlet edaralary bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmakdan, bilelikdäki taslamalary amala aşyrmakdan ybarat boldy.
2024-nji ýylyň 26-njy fewralynda türkmen wekiliýetiniň Katar Döwletine iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory J.Gurbangeldiýew bilen Katar döwletiniň Daşary işler ministrliginiň Diplomatiýa institutynyň direktory, jenap Abdulaziz bin Muhammed al-Horryň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu duşuşyga Türkmenistanyň Katar Döwletindäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Myratgeldi Seýitmämmedow hem gatnaşdy.
Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory J.Gurbangeldiýew katar tarapyny türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebi bilen tanyşdyryp, türkmen-katar gatnaşyklary barada giňişleýin gürrüň etdi we birnäçe mysallary getirmek bilen, biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary barada jikme-jik durup geçdi. Şeýle-de rektor J.Gurbangeldiýew iki ýokary okuw mekdebiniň arasynda arap dünýäsiniň diplomatiýasyny we arap dilini has-da çuňlaşdyryp öwrenmek maksady bilen, kitaphana hyzmatdaşlygyny ýola goýmak, şeýle-de talyplaryň, magistrantlaryň we mugallymlaryň hünär kämilleşdiriş alyş-çalyş saparlaryny guramak we katar tarapynyň bilim hünärmenleri bilen TDIM HGI-niň professor-mugallymlarynyň arasynda okuw-usulyýet sapaklaryny, talyplar üçin ylmy seminarlary guramak, «tegelek stol» maslahatlaryny geçirmek ýaly teklipleri öňe sürdi. Aýratyn-da, ýakynda türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebinde açylan «Diplomatik protokol» atly ýöriteleşdirilen okuw merkeziniň işine aýratyn ähmiýet berildi. Şunuň bilen baglylykda, katar tarapynyň hünärmenleriniň bu ýöriteleşdirilen okuw merkezinde nazary sapaklary, onlaýn okuwlary geçmegi teklip edildi. Munuň özi halkara tejribäniň möhüm şerti bolmak bilen, dünýä giňişliginde öz ýurdunyň bähbitlerine wekilçilik edip bilýän ýokary hünär derejeli diplomatik işgärleriň ylmy-barlag we intellektual mümkinçiliklerini artdyrar.
Rektor duşuşygyň türkmen-katar ylym-bilim gatnaşyklarynyň ösüşinde we ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda hyzmatdaşlygy giňeltmekde möhüm waka boljakdygyna we iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň giňelýändiginiň nusgasyna öwrüljekdigine berk ynam bildirýändigini belläp, agzalan teklipleri durmuşa geçirmek hem-de iki ýokary okuw mekdebiniň arasynda hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirmek maksatlary bilen türkmen tarapyndan taýýarlanan hyzmatdaşlyk etmek boýunça «Ýol kartasynyň» taslamasyny hödürledi. Katar tarapy teklipleri diňläp, olara uly gyzyklanma bildirip, netijede teklipleriň ählisini we «Ýol kartasynyň» taslamasyny oňlady.
Şol bir wagtyň özünde, Türkmenistanyň bilim ministri B.Orazdurdyýewanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet üçin «Bilim şäherçesinde» ýerleşen Kataryň Ylym we tehnologiýa boýunça orta bilim berýän mekdebi bilen tanyşdyrylyş dabarasy guraldy. Tanyşdyryş dabaranyň çäklerinde türkmen wekiliýetiniň «Bilim şäherçesiniň» ýokary bilime çenli okuw we akedemiýa işleri bölüminiň başlygy hanym Abir Al Halifa bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşykdan soňra, «Bilim şäherçesinde» ýerleşen uniwersitetleriň ýolbaşçy düzümi bilen duşuşyklar guraldy. Türkmen wekiliýetiniň «Bilim şäherçesinde» ýerleşen uniwersitetleriň ýolbaşçy düzümi bilen duşuşyklarda ikitaraplaýyn teklipler içgin öwrenildi. Hususan-da, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty tarapyndan hödürlenen teklipler hyzmatdaşlygyň täze gözýetimlerini açmakda möhüm ähmiýete eýedir. Şunda meşhur Jorjtaun uniwersiteti bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak meseleleri barada aýratyn durlup geçildi. Şunuň bilen baglylykda, ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň 6 aýlyk alyş-çalyş maksatnamasyny guramak, Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň professor-mugallymlarynyň we talyplaryň Jorjtaun uniwersitetine gysga möhletli tanyşdyryş saparyny guramak, Jorjtaun uniwersiteti tarapyndan geçirilýän BMG-niň modeline Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplaryny gatnaşdyrmak, şeýle hem başga-da ençeme möhüm teklipler beýan edildi. Agzalan teklipler boýunça hyzmatdaşlygy has hem işjeňleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň we Jorjtaun uniwersitetiniň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň taslamasy boýunça degişli işleri geçirmek bilen bagly beýan edilen garaýyşlary esasy başlangyçlaryň hatarynda görkezmek bolar. Türkmen wekiliýetiniň Bilim şäherçesinde ýerleşen Kataryň Milli kitaphananyň başlygy Hamad Al Kawary bilen duşuşygy hem geçirildi.
Günüň ikinji ýarymynda bolsa, türkmen wekiliýeti «Daşky gurşawyň hatyrasyna ýaşyl tebigat» şygary bilen geçirilýän «Ekspo – 2023 Doha» halkara sergisinde guralan Türkmenistanyň milli pawilýonyna aýlandylar. Umuman, iş saparynyň çäklerinde geçirilýän ähli çäreler türkmen-katar hyzmatdaşlygynyň ösüşinde täze ädimleri alamatlandyryp, gatnaşyklaryň möhüm we netijeli ugurlaryny kesgitleýär. Türkmen wekiliýetiniň Katar Döwletine iş sapary 28-nji fewrala çenli dowam eder.
Merdan BERDINYÝAZOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň uly mugallymy.
Bu barada şu ýerde hem okap bilersiňiz: