Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • TÜRKMEN-FRANSUZ GATNAŞYKLARYNY ÖSDÜRMÄGE BAGYŞLANAN DUŞUŞYK
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
        • BEÝIK BRITANIÝALY DIPLOMAT BILEN DUŞUŞYK
        • AWSTRIÝANYŇ ÝEWROPA WE HOWPSUZLYK SYÝASATY INSTITUTYNYŇ WEKILI BILEN GEÇIRILEN DUŞUŞYKLAR
      • Halkara günler
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • ADAM HUKUKLARY BOÝUNÇA OKUW SAPAGY GEÇIRILDI
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
        • «PARAHATÇYLYGYŇ ÝAŞ ÇAPARLARY»: V MÖWSÜMIŇ VI SAÝLAMA OÝNY
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Media
    Esasy / Habarlar / Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasyna gatnaşmagy we onda öňe sürülen teklipler mynasybetli ylmy döredijilik maslahaty
    Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasyna gatnaşmagy we onda öňe sürülen teklipler mynasybetli ylmy döredijilik maslahaty surady
    03/11/2025

    1446

    Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasyna gatnaşmagy we onda öňe sürülen teklipler mynasybetli ylmy döredijilik maslahaty

    2025-nji ýylyň 3-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda “Ýaş diplomatlar” ylmy gurnagynyň Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi bilen bilelikde guramagynda Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 80 ýyllygy, Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasyna gatnaşmagy we onda öňe sürülen teklipler mynasybetli ylmy döredijilik maslahaty geçirildi. Maslahatyň maksady ýaş diplomatlaryň arasynda hormatly Prezidentimiziň halkara syýasy giňişliginde öňe sürýän uzak möhletli maksatlara laýyk gelýän tekliplerini giňden wagyz etmekden we ýurdumyzyň alyp barýan parahatsöýüjilikli syýasaty baradaky bilimlerini has-da artdyrmakdan ybaratdyr.

    Ylmy döredijilik maslahatda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň Jemgyýetçilik bilen gatnaşyklar boýunça kömekçisi Bahargül Rahmanowa, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň ýanyndaky Maglumat, maslahat beriş we meýletinçilik hereketiniň işleri boýunça Merkeziniň başlygy Annageldi Godorow, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň Halkara gatnaşyklary kafedrasynyň müdiri Arslan Çaryýew, şeýle-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa fakultetiniň talyby Aýlar Nedirowa dagylar çykyş etdiler.

    Çykyş edenler Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk baýramynyň, Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 80 ýyllygynyň bellenilýän günlerinde geçirilen guramanyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň dabaraly açylyşyna hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagy we dünýä ähmiýetli öňe süren oňyn başlangyçlary barada giňişleýin belläp geçdiler. Maslahatyň ahyrynda çykyş edenler talyplaryň özlerini gyzyklandyrýan soraglaryna jogap berdiler.


    Aýgözel BAÝRAMOWA,

    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

    Halkara gatnaşyklary institutynyň

    Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi.

    Soňky täzelikler

    ONLAÝN SEMINAR GEÇIRILDI surady

    17/03/2026

    ONLAÝN SEMINAR GEÇIRILDI
    OKSFORD INSTITUTYNYŇ WEKILI BILEN GEÇIRILEN OKUW SAPAGY surady

    14/03/2026

    OKSFORD INSTITUTYNYŇ WEKILI BILEN GEÇIRILEN OKUW SAPAGY
    Merkezi Aziýanyň ýaş diplomatlary we döwlet gullukçylary üçin ikinji  sebitleýin okuw maslahatynyň ýapylyş dabarasy surady

    13/03/2026

    Merkezi Aziýanyň ýaş diplomatlary we döwlet gullukçylary üçin ikinji sebitleýin okuw maslahatynyň ýapylyş dabarasy
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2026 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI