195
YLMY-DÖREDIJILIK MASLAHATY GEÇIRILDI
2025-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Dünýä dilleri kafedrasynyň guramagynda Gahryman Arkadagymyzyň “Hakyda göwheri” atly ajaýyp eseriniň many-mazmuny barada ylmy-döredijilik maslahaty geçirildi. Bu maslahata institutymyzyň professor-mugallymlary we talyp ýaşlary, şeýle-de “Edebiýat we sungat” gazetiniň bölüm müdiri, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Baýrammyrat Taganow gatnaşdy.
Maslahatyň dowamynda Dünýä dilleri kafedrasynyň mugallymlary hem-de “Edebiýat we sungat” gazetiniň bölüm müdiri Gahryman Arkadagymyzyň “Hakyda göwheri” kitabynyň many-mazmuny, onda beýan edilýän taryhy wakalar, rowaýatlar hakynda hem-de eseriň terbiýeçilik ähmiýeti barada täsirli çykyş etdiler. Şeýle-de, Baýrammyrat Taganow öz çykyşynda eserde gürrüňi edilýän Paryzdepe taryhy-arheologik ýadygärliginde alnyp barlan gazuw-agtaryş işleri barada hem giňişleýin gürrüň berdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly eseri halkymyzyň şöhratly taryhy hem-de edebi mirasy hakyndaky toplan maglumatlarynyň esasynda ýazylyp, gadymy oguz edebiýatynyň ähmiýetini açyp görkezmekde hem gymmatly çeşmedir. Bu ajaýyp eser geljegi nazarlaýan ylmy açyşlaryň, edebi mirasyň özeni bolup, ösüp gelýän ýaş nesillerimizi watançylyk, edermenlik, dostlukly gatnaşyklary ösdürmek, parahatçylyk, başarjaňlyk ruhunda terbiýelemekde uly ähmiýete eýedir.
Çykyşlaryň ahyrynda talyplar özlerini gyzyklandyrýan sowallar bilen oňa gatnaşanlara ýüzlendiler. Ylmy-döredijilik maslahaty baý mazmunly hem täsirli boldy.
Şöhrat DIWANGULYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Dünýä dilleri kafedrasynyň uly mugallymy.