70
«DEŇZE ÇYKALGASY BOLMADYK ÖSÜP BARÝAN ÝURTLARYŇ GEOSYÝASY AÝRATYNLYKLARY» ATLY YLMY-AMALY MASLAHAT
2025-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň geosyýasy aýratynlyklary» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahat 2025-nji ýylyň 5 — 8-nji awgusty aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň üstünlikli geçirilmegine bagyşlandy. Oňa institutyň professor-mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar.
Maslahatyň dowamynda çykyş edenler Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň geljek on ýyl üçin ösüşiniň strategik ugruny kesgitleýän 2024 — 2034-nji ýyllar üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň yglan edilmegi hem-de Awaza syýasy Jarnamasynyň kabul edilmegi barada aýratyn nygtap geçdiler. Şeýle-de bu resminamalaryň DÇBÖBD-nä mahsus meseleleriň halkara ykrarnamasy bolmak bilen, infrastrukturany, söwda gatnaşyklaryny ösdürmäge, howanyň üýtgemegine garşy durnuklylygy pugtalandyrmaga, maliýe serişdelerini herekete getirmäge gönükdirilen anyk çözgütleriniň teklip edilendigi, BMG-niň ýurdumyzda geçirilen bu iri çäresi dünýä metbugatynyň sahypalarynda hem giňden şöhlelendirilendigi barada aýtdylar.
Maslahatda çykyş edenler 2025-nji ýylyň 11-nji aprelinde ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde «BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyny geçirmegiň tertibine goşmaça maglumat» atly Kararnamanyň, 2025-nji ýylyň 14-nji oktýabrynda Nýu-Ýork şäherinde geçen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 18-nji plenar mejlisiniň dowamynda «Awaza syýasy Jarnamasy» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegini aýratyn belläp geçdiler.
Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza, ata kesbini mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözlerini aýtdylar.
Şyhdurdy ŞYHYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň III ýyl talyby.
Soňky täzelikler
24/10/2025
ŞANLY SENELERE BAGYŞLANAN MASLAHAT
17/10/2025
YLMY-DÖREDIJILIK MASLAHATY GEÇIRILDI
26/09/2025
SANLY ULGAM ARKALY GEÇIRILEN YLMY SEMINAR