140
BIRLEŞEN MILLETLER GURAMASYNYŇ DÖREDILMEGINIŇ 80 ÝYLLYGY MYNASYBETLI MASLAHAT
Birleşen Milletler Guramasy dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy, ösüşi hem-de halklaryň arasynda dostlugy pugtalandyrmak babatda iň möhüm halkara guramalaryň biridir. Bu gurama döredilenden bäri geçen 80 ýylyň dowamynda dünýä jemgyýetçiliginde möhüm orun eýeledi, döwletleriň özara gatnaşyklarynda halkara hukugynyň, deňhukuklylygyň, parahatçylykly çözgütleriň we ynsanperwer gymmatlyklaryň esasy goragçysy boldy. Şonuň üçin hem onuň 80 ýyllygy mynasybetli geçirilýän dabaralar we maslahatlar diňe bir halkara derejesinde däl, eýsem, milli derejede-de aýratyn ähmiýete eýedir. Munuň aýdyň mysaly hökmünde 2025-nji ýylyň 23-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda BMG-niň döredilmeginiň 80 ýyllygy mynasybetli maslahatyň geçirilmegidir. Oňa Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky ýokary derejeli wekilleri, Türkmenistanda ýerleşýän daşary ýurt wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, beýleki ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň professor-mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar.
BMG-niň döredilmeginiň 80 ýyllygy bu diňe bir taryhy sene däl, eýsem, parahatçylygyň, ynsanperwerligiň we halkara hyzmatdaşlygyň dabaralanmasydyr. Türkmenistan BMG-niň ähli başlangyçlaryna hemişe işjeň gatnaşýar, sebitde we bütin dünýäde parahatçylyk, durnukly ösüş, energetika howpsuzlygy, suwuň tygşytly peýdalanylyşy ýaly möhüm meselelerde öňe sürýän teklipleri bilen ynamdar hyzmatdaşlaryň biri hökmünde tanalýar.
Çäräniň öňüsyrasynda institutyň eýwanynda oňa gatnaşyjylar üçin ýurdumyzda hereket edýän halkara guramalaryň sergileri guraldy. Sergilerde BMG-niň Türkmenistandaky düzüm birlikleriniň — Ösüş Maksatnamasynyň, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň, ÝUNISEF-iň hem-de beýleki halkara merkezleriniň alyp barýan taslamalary, kitaplary we maglumat bukjalary görkezildi. Bu çäre gatnaşyjylarda BMG-niň işiniň many-mazmuny, ýurdumyzyň daşary syýasatda gazanan üstünlikleri baradaky düşünjeleriniň has-da artmagyna täsir etdi.
Maslahatyň başynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory Gülşat Ýusupowa giriş sözi bilen çykyş etdi. Soňra Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň BMG-niň döredilmeginiň 80 ýyllygy mynasybetli maslahata gatnaşyjylaryň adyna iberen Gutlagy okaldy. Onuň dowamynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenkonyň, Türkmenistanyň Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň, BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky Hemişelik wekili Narine Saakýanyň, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň başlygynyň orunbasary Filip Saprykiniň, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri Myrat Mämmedowyň, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Türkmenistandaky wekili Ýegor Zaýsewiň, BMG-niň Çagalar Gaznasynyň Türkmenistandaky wekiliniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijisi Maaýke Biýkeriň, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Mämmetguly Astanagulowyň çykyşlaryna giň orun berildi.
Çykyş edenler häzirki wagtda Türkmenistanyň halkara abraýynyň barha ýokarlanýandygyny, halkara we sebit düzümleri, ilkinji nobatda, BMG bilen netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilýändigini nygtadylar. Döwletimiz kabul edilen ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn halkara ylalaşyklary, şertnamalary, konwensiýalary berjaý etmek bilen, öz üstüne alan borçnamalaryna gyşarnyksyz eýerip, öz ägirt uly syýasy, ykdysady, medeni mümkinçiliklerini parahatçylygyň, ösüşiň bähbidine gönükdirýär. Dürli ulgamlarda amala aşyrylýan bilelikdäki taslamalar, BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň başlangyjy boýunça kabul eden Kararnamalary hem munuň aýdyň mysalydyr. Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň üstünlikleri oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, netijeli halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýar. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döredijilikli syýasat halkara jemgyýetçiligiň giň goldawyna eýe bolýar.
Çykyşlaryň her biri ýurdumyzyň BMG-niň taglymatlaryna laýyklykda durmuşa geçirýän maksatnamalarynyň dünýäde durnukly ösüşe goşant goşýandygyny görkezýär.
Halkara meseleleriň oňyn çözgüdiniň tapylmagyna deňagramly, köpugurly, yzygiderli çemeleşmek, köptaraplaýyn hyzmatdaşlyga ygrarlylyk ýurdumyzyň daşary syýasy strategiýasynyň möhüm aýratynlyklarydyr. Soňky ýyllarda Türkmenistan ykdysady, ulag, energetika, ekologiýa, suw, ylmy, lukmançylyk, medeniýet hem sport ýaly diplomatiýanyň dürli ugurlarynyň ösdürilmegine gönükdirilen başlangyçlary öňe sürýär. Munuň özi halkara parahatçylygy, howpsuzlygy, hyzmatdaşlygy berkitmekde wajyp orny eýeleýär. Türkmenistan uzak möhletleýin geljekde özara gatnaşyklaryň usullaryny we binýadyny emele getirmek, taryhyň hem-de maksatlaryň umumylygy esasynda sebit gatnaşyklarynyň esaslaryny berkitmek arkaly öňdengörüjilikli syýasaty durmuşa geçirýär. 2007-nji ýylda sebit döwletleriniň ählisiniň goldamagynda Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagy Watanymyzyň häzirki zaman dünýä gurluşynyň durnuklylygyna goşýan uly goşandy bolup durýar. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly filosofiýasynyň dabaralanmagy bilen bu ugurda «Türkmenistan — BMG» strategik maslahat beriş geňeşiniň döredilmegi ýurdumyzyň saýlap alan Bitaraplyk syýasatynyň many-mazmunyny açyp görkezýär.
Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň adyna Ýüzlenme kabul edip, onda ýurdumyzyň BMG bilen işini kämilleşdirmek meselelerine aýratyn üns berilýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler hem-de geljekde-de öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmekde ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.
Maslahatdan soň Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda ikitaraplaýyn gol çekmek dabarasy geçirildi. Dabaranyň çäklerinde Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda ýurduň geljekki bäş ýyly üçin Durnukly ösüş ugrunda hyzmatdaşlygyň täze 2026˗2030-njy ýyllar üçin Çarçuwaly maksatnamasyna gol çekildi.
Suraý ÖWLIÝAGULYÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň mugallymy.