Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
        • YLYMLAR GÜNI MYNASYBETLI GEÇIRILEN YLMY-AMALY MASLAHAT
        • «YLYM WE BILIM XXI ASYRDA» ATLY HALKARA ONLAÝN YLMY MASLAHATY GEÇIRILDI
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • ILÇI BILEN GEÇIRILEN DUŞUŞYK
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
        • «ÝAŞYL GELJEK ÜÇIN HYZMATDAŞLYK» ATLY EKOLOGIK ÇÄRESI GEÇIRILDI
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ BÜTINDÜNÝÄ GÜNÜNE BAGYŞLANAN OKUW SEMINARY GEÇIRILDI
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Sosial media
      • TikTok
      • Instagram
    • Media
    Esasy / Ylmy-amaly maslahatlar / Milli mirasa we ylma wepadarlyk: Halkara gatnaşyklary institutynda ylmy-döredijilik maslahaty geçirildi
    Milli mirasa we ylma wepadarlyk: Halkara gatnaşyklary institutynda ylmy-döredijilik maslahaty geçirildi
    Milli mirasa we ylma wepadarlyk: Halkara gatnaşyklary institutynda ylmy-döredijilik maslahaty geçirildi
    Milli mirasa we ylma wepadarlyk: Halkara gatnaşyklary institutynda ylmy-döredijilik maslahaty geçirildi
    20/05/2026

    843

    Milli mirasa we ylma wepadarlyk: Halkara gatnaşyklary institutynda ylmy-döredijilik maslahaty geçirildi

    2026-njy ýylyň 20-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Dünýä dilleri kafedrasy tarapyndan Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ylmy işgärleriniň hem-de ýaş ylmy gözlegçileriň arasynda «Mahmyt Zamahşarynyň edebi mirasynyň dil biliminde ähmiýeti» atly ylmy-döredijilik maslahaty geçirildi. Maslahaty Dünýä dilleri kafedrasynyň uly mugallymy M.Atajanowa alyp bardy.
    Ylmy-döredijilik maslahaty Mahmyt Zamahşarynyň edebi-lingwistik mirasyny häzirki zaman dilşynaslyk ylmynyň usulyýetleri arkaly gaýtadan seljermek, alymyň ylmy garaýyşlarynyň dünýä medeniýetindäki we Gündogar renessansyndaky ornuny dabaralandyrmak hem-de ýaş gözlegçileriň ylmy-döredijilik ukyplaryny halkara standartlaryna laýyklykda kämilleşdirmek maksadyna bagyşlandy. Maslahatda alymyň «Al-Mufassal», «Esasyl-belaga» we «Mukaddimat-al-Adab» ýaly eserleriniň dünýä dilşynaslygyndaky ähmiýeti, olaryň esasynda ýaş nesilde watançylyk, ynsanperwerlik duýgularyny terbiýelemek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem umumybilim we hünär bilimi maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini guramaçylyk-usuly, innowasion-pedagogik, ylmy-usulyýet nukdaýnazardan has-da kämilleşdirmek, ýaş nesliň döredijilik başarnyklaryny ösdürmek ýaly möhüm ugurlara degişli çykyşlar diňlenildi. Çykyşlarda aýratyn-da, «Esasyl-belaga» eseriniň metodologik, leksikografik we frazeologik esaslaryny häzirki zaman lingwokulturologiýa ylmy we daşary ýurt dillerini (arap dilini) okatmagyň döwrebap usulyýeti bilen utgaşdyrmagyň amaly ähmiýetine üns çekildi.
    Maslahatyň ahyrynda gatnaşyjylar tarapyndan beýik akyldaryň lingwistik mirasyny okuw gollanmalaryna we elektron sözlüklere ornaşdyrmak barada möhüm teklipler öňe sürüldi we degişli ylmy çözgütler kabul edildi. Gatnaşyjylar ýurdumyzda ylmyň we bilimiň ösmegine, nusgawy mirasymyzyň dünýä ýüzünde dabaralandyrylmagyna yzygiderli goldaw berýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdiler.

    Guwanç ALIÝEW,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara gatnaşyklary fakultetiniň 2-nji ýyl talyby

    Soňky täzelikler

    YLYMLAR GÜNI MYNASYBETLI GEÇIRILEN  YLMY-AMALY MASLAHAT surady

    08/06/2026

    YLYMLAR GÜNI MYNASYBETLI GEÇIRILEN YLMY-AMALY MASLAHAT
    «YLYM WE BILIM XXI ASYRDA» ATLY HALKARA ONLAÝN YLMY MASLAHATY GEÇIRILDI surady

    05/06/2026

    «YLYM WE BILIM XXI ASYRDA» ATLY HALKARA ONLAÝN YLMY MASLAHATY GEÇIRILDI
    HALKARA YLMY-AMALY MASLAHATY GEÇIRILDI surady

    04/06/2026

    HALKARA YLMY-AMALY MASLAHATY GEÇIRILDI
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2026 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI