Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
        • YLYMLAR GÜNÜNE BAGYŞLANAN HALKARA YLMY MASLAHAT
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
        • ÝAŞLARYŇ YLMY ÜSTÜNLIGI
        • BUŞLUK, ÝAŞ ALYM BOLDUM!
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • EÝRANLY ÝAŞ DIPLOMATLAR ÜÇIN GEÇIRILEN TANYŞLYK SAPARY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
        • ITALIÝALY WEKIL BILEN GEÇIRILEN OKUW SAPAGY
      • Halkara günler
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
        • Parahatçylyk we bitaraplyk kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Sosial media
      • TikTok
      • Instagram
    • Media
    Esasy / Çäreler / HOŞALLYK MASLAHATY GEÇIRILDI
    HOŞALLYK MASLAHATY GEÇIRILDI
    HOŞALLYK MASLAHATY GEÇIRILDI
    HOŞALLYK MASLAHATY GEÇIRILDI
    HOŞALLYK MASLAHATY GEÇIRILDI
    HOŞALLYK MASLAHATY GEÇIRILDI
    HOŞALLYK MASLAHATY GEÇIRILDI
    HOŞALLYK MASLAHATY GEÇIRILDI
    HOŞALLYK MASLAHATY GEÇIRILDI
    09/05/2026

    2273

    HOŞALLYK MASLAHATY GEÇIRILDI

    2026-njy ýylyň 9-njy maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda taryhy ähmiýetli täze başlangyçlara bagyşlanan dabaraly hoşallyk maslahaty geçirildi. Bu hoşallyk maslahaty hormatly Prezidenrtimiziň kabul eden Kararyna laýyklykda, institutyň işini has-da kämilleşdirmek, täze gurluşy tassyklamak, Parahatçylyk we bitaraplyk kafedrasyny açmak hem-de 2026-2027-nji okuw ýylyndan başlap, degişli ugur boýunça magistrleri taýýarlamaga döredilen giň mümkinçiliklere bagyşlandy.
    Mälim bolşy ýaly, Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň maddy-enjamlaýyn we ylmy-usulyýet binýadyny kämilleşdirmek baradaky Karary ýokary okuw mekdebiniň professor-mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň kalbynda çuňňur buýsanç döretdi. Bu taryhy resminama laýyklykda institutyň gurluşynyň döwrebaplaşdyrylmagy, aýratyn-da, täze kafedranyň döredilmegi ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda täze sahypany açýar.
    Maslahatda bellenilişi ýaly, Halkara gatnaşyklary institutynda talyplaryň dünýä ölçeglerine laýyk bilim almagy üçin ähli şertler döredilendir. Institutyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli berkidilmegi, sanly bilim ulgamynyň işjeň ornaşdyrylmagy we okuw binalarynyň iň döwrebap tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylmagy geljekki diplomatlaryň hünär derejesiniň ýokary bolmagyna gönükdirilendir. Bu ýerde ýaşlaryň diňe bir nazary bilimleri däl, eýsem, tejribe endiklerini hem kämilleşdirmegi üçin döredilen mümkinçilikler döwletimiziň ylym-bilim syýasatynyň aýdyň miwesidir.
    Täze açyljak Parahatçylyk we bitaraplyk kafedrasy Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň, parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasat ugrunyň ylmy-nazary esaslaryny düýpli öwrenmekde we wagyz etmekde esasy merkezleriň birine öwrüler. 2026-2027-nji okuw ýylyndan başlap, "Parahatçylyk we bitaraplyk" ugry boýunça magistrleriň taýýarlanyp başlanmagy bolsa, halkara arenasynda döwletimiziň bähbitlerini ýokary derejede gorajak, giň dünýägaraýyşly hünärmenleriň täze neslini kemala getirer.
    Hoşallyk maslahatyna gatnaşyjylar döwletimiziň halkara abraýyny belende götermekde, parahatçylyk medeniýetini dabaralandyrmakda we bilim ulgamyny ösdürmekde döredilýän giň mümkinçilikler üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz sagbolsunlaryny aýtdylar.
    Bu täze gurluş milli diplomatiýamyzyň ylmy kuwwatyny artdyrmak bilen, geljekki diplomatlaryň dünýä derejesindäki garaýyşlarynyň kemala gelmegine uly goşant goşar.

    Mähriban GANDYMOWA,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasynyň mugallymy

    Soňky täzelikler

    UÇURYMLARYŇ BAÝRAMÇYLYK DABARASY GEÇIRILDI surady

    13/06/2026

    UÇURYMLARYŇ BAÝRAMÇYLYK DABARASY GEÇIRILDI
    Wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi surady

    10/06/2026

    Wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi
    BÜTINDÜNÝÄ WELOSIPED GÜNI MYNASYBETLI ÝÖRIŞ GEÇIRILDI surady

    03/06/2026

    BÜTINDÜNÝÄ WELOSIPED GÜNI MYNASYBETLI ÝÖRIŞ GEÇIRILDI
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2026 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI