02/11/2026
114
HORMATLY PREZIDENTIMIZE GÖRKEZILEN BELENT HORMAT MYNASYBETLI HOŞALLYK MASLAHATY
2026-njy ýylyň 2-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa Türkiýe Respublikasynyň Hajettepe uniwersitetiniň halkara gatnaşyklar ugry boýunça hormatly doktory diýen akademiki derejäniň berilmegi hem-de Türkiýäniň Daşary ykdysady gatnaşyklar geňeşi (DEIK) tarapyndan «Strategik dostluk nyşany» bilen sylaglanylmagyň mynasybetli hoşallyk maslahaty geçirildi.
Maslahaty institutyň rektory Gülşat Ýusupowa açdy we alyp bardy. Maslahatda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa, Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Şener Jebeji hem-de Türkmenistanyň Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýew çykyş etdiler. Şeýle hem Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti Allaberdi Aşirowyň, Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Nazar Agahanowyň hem-de Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy Mergen Gurdowyň çykyşlary diňlenildi.
Hormatly derejäniň we nyşanyň berilmegi döwlet Baştutanymyzyň halkara hyzmatdaşlygy, parahatçylygy we özara ynanyşmagy pugtalandyrmak ugrunda alyp barýan işlerine berlen ýokary bahanyň beýanydyr. Bu waka türkmen-türk gatnaşyklarynyň bilim, ylym hem-de söwda-ykdysady ugurlarda yzygiderli ösdürilýändigini tassyklaýar.
Maslahatyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul edildi.
Mergen GELDIMYRADOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň 2-nji ýyl talyby