19/11/2026
57
“MILLILIK WE TERBIÝE” ATLY WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI
2026-njy ýylyň 19-njy noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda institutyň Ilkinji Ýaşlar guramasynyň guramagynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de 2026–2027-nji okuw ýylynyň başlanmagyna mynasybetli Arkadag şäheriniň «Ruhyýet» köşgünde geçiren okuw sapagynyň taryhy ähmiýetini has içgin düşündirmek, talyp ýaşlary watansöýüjilik, zähmetsöýerlik, päk ahlaklylyk ruhunda terbiýelemek maksady bilen “Millilik we terbiýe” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Wagyz-nesihat çäresine Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Duşak şäherçesiniň ýaşaýjysy, Türkmenistanyň Gaýrat medalynyň eýesi, pensioner Nurnazar Jumanazarow we institutyň mugallymlarydyr, talyplary gatnaşdylar.
Wagyz-nesihat çäresiniň dowamynda hormatly myhman türkmen halk döredijiligini, taryhy rowaýatlary we milli däp-dessurlary gorap saklamakda hem-de ýaş nesillere ýetirmekde alyp barýan işleri dogrusynda aýdyp, Gahryman Arkadagymyzyň watançylyk sapaklarynyň ähmiýeti barada nygtady. Ylaýta-da, türkmen halkynyň şöhratly taryhy, Garaşsyzlyk we hemişelik Bitaraplyk ýörelgeleri, şeýle hem pederleriň nusgalyk ýoly we maşgala terbiýesiniň ähmiýeti baradaky taglymatlaryny rowaýatlaryň, tymsallaryň, halk döredijilik eserleriniň, nusgawy şahyrlaryň seterlerinden mysallar getirmek bilen täsirli beýan etdi.
Tejribeli mirasgärleriň durmuş mekdebi ýaşlar üçin uly göreldedir. Olaryň gürrüňleri, toplan gymmatly maglumatlary we watançylyk ruhundaky sargytlary ýaşlarda taryha buýsanç we Watan öňündäki borja jogapkärçilik duýgusyny terbiýeleýär. Milli däp-dessurlaryň we ruhy gymmatlyklaryň unudylmazlygyna, döwrebap ösdürilmegine ýardam edýär.
Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar şeýle asylly işlere mümkinçilik döredýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
Kaýum ZAHYROW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň
2-nji ýyl talyby