21/05/2026
41
HALYPA MUGALLYMYŇ GATNAŞMAGYNDA YLMY-DÖREDIJILIK MASLAHATY GEÇIRILDI
2026-njy ýylyň 21-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Ýaş alymlar geňeşi, Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasynyň «Ýaş hukukçylar» ylmy gurnagynyň guramagynda «Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýy: halkara parahatçylygy we ynanyşmagy üpjün etmegiň kepili» atly ylmy-döredijilik maslahaty geçirildi. Onda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň dosenti, hukuk ylymlarynyň kandidaty Rejepmyrat Bekiýew çykyş etdi. Bu maslahata institutyň Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara hukugy fakultetiniň talyplary we magistrleri gatnaşdylar.
Ylmy-döredijilik maslahatynda halypa mugallym Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň hukuk ulgamynyň kemala gelmegi we döwrebap derejede kämilleşmegi ata Watanymyzyň ösüşleri, milli kanunçylygyň kämilleşdirilişi, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň hukuk esaslary hem-de häzirki wagtda halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda alnyp barylýan işler barada giňişleýin gürrüň berdi.
Bu ylmy-döredijilik maslahaty magistrleriň hem-de talyp ýaşlaryň ýurdumyzda halkara hukugynyň kadalaryna we ýörelgelerine laýyklykda kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan halkara gatnaşyklaryndaky hyzmatdaşlygyň ähmiýetini öwrenmek bilen, bilimlerini artdyrmaga mümkinçilik döredýär.
Merjen GURBANNAZAROWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş
kafedrasynyň uly mugallymy