20/05/2026
37
TÄSIRLI GEÇEN DUŞUŞYK
2026-njy ýylyň 20-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory Gülşat Ýusubowa bilen Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attaryň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda oňa gatnaşyjylar arap dili boýunça ýörite okuw sapaklaryny guramak, halkara tejribesini artdyrmak babatda hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar we ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň geljegi uly ugurlary barada pikir alyşdylar.
Ikitaraplaýyn duşuşykdan soň, hormatly myhman institutyň çäginde hereket edýän «Türkmen diplomatiýasynyň taryhy» muzeýinde, «Parahatçylyk medeniýeti» atly ÝUNESKO klubynda ýerleşýän maglumatlar bilen tanyşdyryldy. Bu duşuşyk we gezelenç hormatly myhmanda ýakymly täsir galdyrdy.
Güljemal ORAZOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň 2-nji ýyl talyby