30/11/-0001
756
Aşgabat Dizaýn Moda - 2022
Türkmenistan taryhy-medeni gymmatlyklarymyzy gorap saklamak, gaýtadan dikeltmek maksady bilen, 1993-nji ýyldan bäri Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet baradaky guramasynyň ýagny, ÝUNESKO-nyň doly hukukly agzasy boldy. Bu abraýly gurama bilen işjeň gatnaşyk saklap gelýär. Bu ugurlar boýunça ýurdumyz birnäçe Konwensiýalara goşuldy we tassyklady. ÝUNESKO medeni ýadygärlikleri, tebigy gözellikleri gorap saklamak boýunça halkara işlerde möhüm orun eýeleýän, her bir halkyň ählumumy gymmatlyklaryna hormat goýmaga esaslanan açyk gatnaşyklar üçin şertleri döredýär, ol medeniýete degişli ýadygärlikleri, tebigatyň gözelliklerini aýawly saklamak boýunça örän netijeli işleri alyp barýar. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Hökümetiniň we ÝUNESKO-nyň arasynda 2021-2023-nji ýyllar üçin Herketleriň täze meýilnamasy işlenilip düzüldi. Bilşimiz ýaly, ÝUNESKO-nyň Şäherleriň döredijilik tory 2004-nji ýylda döredilen özboluşly taslama bolup, ol medeni köpdürliligiň goraglylygyna we ilerledilmegine ýardam berilmegine, şonuň ýaly-da dünýäniň şäherleriniň durnukly we inklýuziw ösüşiniň ähmiýetli şerti hökmünde innowasiýalaryň we döredijilik aýratynlyklarynyň hemmeteraplaýyn ösdürilmegine ýardam bermeklige gönükdirilendir. Guramanyň bu tory amaly-haşam we halk sungaty, dizaýn, kinematografiýa, gastronomiýa, edebiýat, media sungaty we saz ýaly ýedi sany tematiki ulgamlar boýunça şäherleriň döredijilik mümkinçiliklerini şöhlelendirýändir. Bu resminamanyň taslamasy tarapyndan ähmiýetli medeniýet meseleleri bilen bir hatarda Aşgabat şäherini «Dizaýn» döredijilik ulgamy boýunça ÝUNESKO-nyň Şäherleriň global döredijilik toruna girizmek boýunça hödürnamany taýýarlamak boýunça işler güýçli depginde dowam edýär.
Ine, şu işleriň çäginde 2022-nji ýylyň 5-nji awgustynda “Gül Zaman” medeni dynç alyş merkezinde paýtagtymyz Aşgabat şäherini ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherler toruna “Dizaýn” ulgamy bilen girizmek babatynda Aşgabat şäher häkimligi hem-de ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Türkmenistanyň milli toparynyň Sekretariaty tarapyndan “Aşgabat Dizaýn Moda - 2022” atly milli we döwrebap lybaslaryň görkeziliş dabarasy geçirildi. Bu dabarada Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Aşgabat şäherindäki we “Gül Zaman” modalar öýleriniň 2022-nji ýylyň ýaz-tomus möwsümleri üçin ökde, zehinli dizaýnerler tarapyndan taýýarlanylan milli we döwrebap lybaslaryň taslamalary görkezildi. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda milli we döwrebap lybaslaryň görkezilişi her ýyl her pasyl bilen baglylykda yzygider dowam etdirilýär. Bu günki dabarada Türkmen zenanlarynyň owadan el hünärleri bilen bejerlen lybaslary biri-birinden özboluşlylygy bilen tapawutlandy. Bu bolsa, Aşgabat şäherimiziň gözelligi bilen utgaşyp, ajaýyp milli mirasymyzyň hazynasyny döretmäge we ony baýlaşdyrmaga itergi berdi. Gahryman Arkadagymyzyň “Enä tagzym – mukaddeslige tagzym” atly eserinde “Käbämiň gyzlary bilen bile oturyp keşde gaýaýandygy, jorap örýändigi hem edil janly surat eseri ýaly” diýip belleýşi ýaly, inçe el senetleri reňkleriň sazlaşygy bilen elmydama göze gelüwliligi bilen özüne çekýär. Ene-mamalarymyzdan galan bu bahasyna ýetip bolmajak senediň häzirki wagtda has-da dürli nagyşlar, döwrebap bezegler bilen ussatlarça ýerine ýetirilen işler diňe bir türkmen halkynyň kalbynyň töründen orun alman, eýsem dünýäniň ähli künjeklerinde geçirilýän dünýä belli lybaslaryň görkeziliş dabaralarynda uly gyzyklanma hem öwgä mynasyp bolmagy başarýarlar. Türkmen zenany diňe bir özüni bezemän, eýsem ähli maşgala agzalarynyň, öýüniň hem daş-töwereginiň sazlaşykly hem göze ýakymlylygyny gazanmagy başarýarlar. Bezeg nagyşlary, haly gölleri şäherlerimiziň amaly-haşam sungatymyzda hem aýratyn orun eýeledi. Köşk-eýwanlaryň, kaşaň binalaryň binagärlik sungatyna siňdirildi. Çünki döredijilik aýratynlyklary bilen utgaşdyrylan şäherler geografiki, demografiki ýa-da ykdysady tapawutlaryna garamazdan, döredijilikli ulgamlarynyň ösdürilmegine, medeniýet ulgamyndaky durmuşa gatnaşygyň işjeňleşdirilmegine we medeniýetiň şäherleriň durnukly ösüşiniň gün tertibine integrirlenmegi maksat edinip, öňdebaryjy kämil tejribeleri ýaýbaňlandyrmakdan ybaratdyr. Paýtagt şäherimiz – Aşgabat şäheri Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň ak mermere beslenip, Merkezi Aziýanyň merjen şäheri bolmak bilen, iri administratiw-syýasy, ulag, söwda, ylmy-medeni merkezi bolup durýar. Ol durnukly ösüşiň, howpsuzlygyň we amaly haşam sungatynyň gaýtalanmajak gözelligiň çeşmesidir. 2013-nji ýylyň 25-nji maýynda Aşgabat ak mermerli binalaryň has köp jemlenen şäheri hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi we bu neşiriň degişli şahadatnamasy gowşuryldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararyna laýyklykda 2013-nji ýyldan başlap, 25-nji maý Paýtagtyň güni – Aşgabat şäheriniň güni hökmünde bellenilip başlandy.
2020-nji ýylyň 1-nji maýynda Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäheri Syýahatçylyk şäherleriniň Bütindünýä Federasiýasynyň agzalygyna kabul edildi. Bu abraýly halkara guramadaky agzalyk şähere dürli syýahatçylyk ugurlarynyň ösdürilmegine we ýaýbaňlandyrylmagyna itergi berdi. Asylly ýörelgeler biziň häzirki günlerimizde paýtagtymyz Aşgabat şäheri yklymlary birleşdirýän halkara maslahatlaryň, forumlaryň, ylmy simfoziumlaryň, dürli festiwallaryň mesgenine öwrüldi. Dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek babatda ählumumy tagallalaryň birleşdirilýän, hoşniýetli hyzmatdaşlygyň hatyrasyna gönükdirilen tutumly maksatlardyr halkara başlangyçlaryň durmuşa geçirilýän ajaýyp mekany hökmünde-de giň halkara jemgyýetçiliginde mynasyp orny eýeleýär.
Gülşat ÝUSUPOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
okuw işleri boýunça prorektory.