17/08/2023
1491
Arzuwlarym wysal boldy...
Her bir ynsanyň durmuşynda ýatdan çykmajak, aýgytlaýjy pursatlar bolýar. Meniň
durmuşymdaky şeýle wakalaryň biri hem Gahryman Arkadagymyzyň ýörite Karary esasynda
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň düzüminde
döredilen «Ýaş diplomatlar» mekdebiniň guramagynda geçirilen «Parahatçylygyň ýaş çaparlary»
atly akyl-paýhas bäsleşigine gatnaşmagym boldy.
Durmuşda kähalatlar ykbalyň seni garaşylmadyk menzillere, ýollara atarýanyny duýman
galýan ekeniň. 2021-nji ýylyň güýz aýlarynda «Nesil» gazetini okap oturan pursadym
«Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşiginiň bildirişine gabat gelmegim meniň
ykbalymy düýpgöter üýtgetdi. Bu bäsleşige gatnaşmagym bilen mende diplomat bolmaklyk
höwesi döredi. 2022-nji ýylda maňa bäsleşigiň I möwsüminiň ýeňijisi bolup, I orny eýelemek
bagty miýesser etdi. Bäsleşigiň II möwsüminde bolsa maňa üstünlikli çykyş edip, Baş baýraga
hem-de Göçme kuboga mynasyp bolmak bagty miýesser etdi. Bu bäsleşige gatnaşanymyzda
türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebiniň mugallymlarydyr talyplarynyň bizi mähirli garşy
almagy, bäsleşige taýýarlyk pursatlarynda okamaly edebiýatlary biziň elektron poçtalarymyza
ugradyp, ýakyndan ýardam bermegi meniň bu ýokary okuw jaýynda okamaga bolan höwesimi
has-da goşalandyrdy. Bäsleşigiň II möwsümine gatnaşanymda bizi garşy alyp, bäsleşigiň ýokary
derejede geçirilmegine uly goşant goşýan talyplaryň I möwsümde meniň bilen bilelikde bäsleşen
ýoldaşlarymdygy bolsa mende has hem uly täsir galdyrdy.
Bu bäsleşik biz — ýaşlaryň türkmen diplomatiýasyny, gadymy döwletleriň daşary
syýasatyny öwrenmekligimize, ylaýta-da, diplomatiýa bolan höwesimiziň artmagyna uly ýardam
edýär. Men ýaşlykdan edebiýat, taryh, Türkmenistan döwletimiziň daşary syýasaty, goşgudyr
makalalar ýazmak bilen ýakyndan gyzyklanýardym. «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-
paýhas bäsleşiginde ýeňiji bolan pursadymda ýazyjy hem diplomat Gylyç Kulyýew meniň
hyýallarymdaky gahryman hökmünde göz öňümde janlandy.
2019-njy ýylda Türkmenistanyň mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilýän «Altyn
asyryň altyn zehinleri» ders bäsleşiginiň şäher tapgyrynda taryh dersi boýunça II orny eýeledim.
Şeýle-de 2022-nji Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň garamagyndaky «Ýaş
diplomatlar» mekdebiniň guramagynda geçirilen «Türkmen Bitaraplygynyň milli nusgasy:
parahatçylygy döretmegiň ykrar edilen ýörelgesi» atly düzme bäsleşiginde hem I orny eýelemek
bagty miýesser etdi. Gahryman Arkadagymyz «Parahatçylyk sazy — dostluk, doganlyk sazy»
atly ajaýyp eserinde: «Sungatlar söhbetleşýärkä, toplaryň sesi çykmaýar!» diýip, örän jaýdar
belleýär. Men hem şu pähim-parasada ýugrulan jümlelerden ugur alyp, geljekde döredijilik bilen
diplomatiýany bilelikde ýöredip, Türkmenistan döwletimiziň halkara abraýynyň mundan-da
beýläk belende galmagyna mynasyp goşandymy goşmaklygy maksat edinýärin. Başda-da
aýdyşym ýaly, ynsan ömrüniň her bir güni ýatdan çykmajak wakalara beslenýär. Ine, bu gün
bolsa men Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara
žurnalistikasy fakultetiniň talyby boldum.
Biz — ýaşlara okamaga, öwrenmäge, döretmäge, zehin-başarnyklarymyzy açyp
görkezmäge döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman
Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza köp sagbolsun aýdýaryn. Goý, Gahryman
Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, başlary dik, ömürleri uzak bolsun. Il-
ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Yhlas HALLYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
halkara
žurnalistikasy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby,
“Parahatçylygyň ýaş çaparlary”
akyl-paýhas bäsleşiginiň
II möwsüminiň
baş baýragynyň eýesi
Soňky täzelikler
01/06/2024
ÝAŞ ÇAPAR