17/08/2023
1489
Arzuwlarym wysal boldy...
Her bir ynsanyň durmuşynda ýatdan çykmajak, aýgytlaýjy pursatlar bolýar. Meniň durmuşymdaky şeýle wakalaryň biri hem Gahryman Arkadagymyzyň ýörite Karary esasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň düzüminde döredilen «Ýaş diplomatlar» mekdebiniň guramagynda geçirilen «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşigine gatnaşmagym boldy.
Durmuşda kähalatlar ykbalyň seni garaşylmadyk menzillere, ýollara atarýanyny duýman galýan ekeniň. 2021-nji ýylyň güýz aýlarynda «Nesil» gazetini okap oturan pursadym «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşiginiň bildirişine gabat gelmegim meniň ykbalymy düýpgöter üýtgetdi. Bu bäsleşige gatnaşmagym bilen mende diplomat bolmaklyk höwesi döredi. 2022-nji ýylda maňa bäsleşigiň I möwsüminiň ýeňijisi bolup, I orny eýelemek bagty miýesser etdi. Bäsleşigiň II möwsüminde bolsa maňa üstünlikli çykyş edip, Baş baýraga hem-de Göçme kuboga mynasyp bolmak bagty miýesser etdi. Bu bäsleşige gatnaşanymyzda türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebiniň mugallymlarydyr talyplarynyň bizi mähirli garşy almagy, bäsleşige taýýarlyk pursatlarynda okamaly edebiýatlary biziň elektron poçtalarymyza ugradyp, ýakyndan ýardam bermegi meniň bu ýokary okuw jaýynda okamaga bolan höwesimi has-da goşalandyrdy. Bäsleşigiň II möwsümine gatnaşanymda bizi garşy alyp, bäsleşigiň ýokary derejede geçirilmegine uly goşant goşýan talyplaryň I möwsümde meniň bilen bilelikde bäsleşen ýoldaşlarymdygy bolsa mende has hem uly täsir galdyrdy.
Bu bäsleşik biz — ýaşlaryň türkmen diplomatiýasyny, gadymy döwletleriň daşary syýasatyny öwrenmekligimize, ylaýta-da, diplomatiýa bolan höwesimiziň artmagyna uly ýardam edýär. Men ýaşlykdan edebiýat, taryh, Türkmenistan döwletimiziň daşary syýasaty, goşgudyr makalalar ýazmak bilen ýakyndan gyzyklanýardym. «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl- paýhas bäsleşiginde ýeňiji bolan pursadymda ýazyjy hem diplomat Gylyç Kulyýew meniň hyýallarymdaky gahryman hökmünde göz öňümde janlandy.
2019-njy ýylda Türkmenistanyň mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilýän «Altyn asyryň altyn zehinleri» ders bäsleşiginiň şäher tapgyrynda taryh dersi boýunça II orny eýeledim. Şeýle-de 2022-nji Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň garamagyndaky «Ýaş diplomatlar» mekdebiniň guramagynda geçirilen «Türkmen Bitaraplygynyň milli nusgasy: parahatçylygy döretmegiň ykrar edilen ýörelgesi» atly düzme bäsleşiginde hem I orny eýelemek bagty miýesser etdi. Gahryman Arkadagymyz «Parahatçylyk sazy — dostluk, doganlyk sazy» atly ajaýyp eserinde: «Sungatlar söhbetleşýärkä, toplaryň sesi çykmaýar!» diýip, örän jaýdar belleýär. Men hem şu pähim-parasada ýugrulan jümlelerden ugur alyp, geljekde döredijilik bilen diplomatiýany bilelikde ýöredip, Türkmenistan döwletimiziň halkara abraýynyň mundan-da beýläk belende galmagyna mynasyp goşandymy goşmaklygy maksat edinýärin. Başda-da aýdyşym ýaly, ynsan ömrüniň her bir güni ýatdan çykmajak wakalara beslenýär. Ine, bu gün bolsa men Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby boldum.
Biz — ýaşlara okamaga, öwrenmäge, döretmäge, zehin-başarnyklarymyzy açyp görkezmäge döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza köp sagbolsun aýdýaryn. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, başlary dik, ömürleri uzak bolsun. Il- ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Yhlas HALLYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
halkara žurnalistikasy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby,
“Parahatçylygyň ýaş çaparlary” akyl-paýhas bäsleşiginiň
II möwsüminiň baş baýragynyň eýesi
Последние новости
02/07/2024
«Юные вестники мира»: новости проекта01/06/2024
ÝAŞ ÇAPAR