26/01/2024
1168
«ARKADAG HEM PYRAGY – PÄHIM-PAÝHAS UMMANY» ATLY BRIFING GEÇIRILDI
2024-nji ýylyň 25-nji ýanwarynda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň sekretariýatynyň we Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň binýadynda döredilen «Parahatçylygyň dilleri» atly ÝUNESKO kluby bilen bilelikde gurnamagynda «Arkadag hem Pyragy – pähim-paýhas ummany» atly brifing geçirildi.
Bu brifinge ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň jogapkär sekretary, Türkmenistanyň Gahrymany Çynar Rüstemowa onlaýn arkaly we Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda hereket edýän «Parahatçylyk medeniýeti» atly, Türkmen oba hojalyk institutynda hereket edýän «Daşky gurşawy goramak – durnukly ösüşiň möhüm konsepsiýasy» atly, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda hereket edýän «Ahalteke atlary – parahatçylygyň ilçileri» atly, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde hereket edýän «Dermanlyk ösümliklerimiz – saglygymyz, mirasymyz» atly ÝUNESKO klublarynyň ýolbaşçylary we işjeň agzalary täsirli çykyş etdiler hem-de şol çykyşlara ýokarda agzalan klublaryň agzalary hem onlaýn arkaly tomaşa etdiler.
Bu brifingiň dowamynda çykyş edenler 2024-nji ýylyň «Pähim paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip atlandyrylmagynyň türkmen halkynyň geçmişine, taryhyna, beýik şahslaryna goýýan hormatyny görkezýändigini, diňe bir türkmen edebiýatynda däl, eýsem, dünýä edebiýatynda hem Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň gymmatly hazyna hasaplanylýandygy, şahyryň jebislik, agzybirlik, watançylyk temalaryndaky goşgularynyň häzirki wagtda ýaşlar üçin ýol-ýörelge bolup durýandygy barada gyzykly gürrüňleri berdiler.
Bulardan başga-da, brifingiň dowamynda 2023-nji ýylyň 21-nji noýabrynda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygynyň 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçiljek şanly seneleriň sanawyna girizilmegi bilen ÝUNESKO agza döwletleri tarapyndan hem çäreler toplumynyň geçiriljekdigi, Magtymgulynyň goşgularynyň dünýäniň birnäçe dillerine terjime edilendigi dogrusynda täsirli çykyşlar diňlenildi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň üstünlikli durmuşa geçirýän medeni diplomatiýanyň üsti bilen ýurdumyzda türkmen nusgawy şahyry, filosofy Magtymguly Pyragynyň bahasyna ýetip bolmajak mirasyny gorap saklamak, düýpli öwrenmek we dünýä ýaýmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzda taryhy mirasy gorap saklamakda Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen edarasy bolan ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlyk saklamak babatynda giň tejribe toplanylyp, medeni we ynsanperwer ugurlarda ägirt uly işler amala aşyrylýar.
Mälim bolşy ýaly, 2023-nji ýylyň 24-nji maýynda Fransiýanyň Pariž şäherinde geçirilen ÝUNESKO-nyň ýerine ýetiriji Geňeşiniň 216-njy mejlisinde beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň golýazmalar ýygyndysy ÝUNESKO-nyň «Dünýä hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna goşuldy. Magtymguly Pyragynyň golýazmalar ýygyndysynyň ýokarda agzalan halkara sanawyna biziň ýurdumyzdan girizilen ilkinji ýazuw ýadygärligi bolmagy örän buýsandyryjydyr.
Bu guwandyryjy wakalar Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda türkmen halkynyň we tutuş adamzadyň belent ýörelgeleriniň dabaralanmagynyň bähbidine medeni we ylmy diplomatiýasynyň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň mysalydyr.
Ýurdumyzy parahatçylygyň, dostlugyň Watany hökmünde dünýä tanadýan, halkymyzy bagtyýar, eşretli, abadan durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, gadamlary elmydama rowaçlyklara beslensin!
Akjagül ANNAÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň laboranty