30/11/-0001
749
Garaşsyzlyk bagtymdyr, Bitaraplyk binýadym
«Garaşsyzlyk, Bitaraplyk - ösüşiň goşa ganaty» atly çeper-publisistik makalalar bäsleşigine
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow:
Bitaraplyk Garaşsyz Watanymyzyň hemmetaraplaýyn gülläp ösmegine,
halkymyzyň bagtyýar durmuşa ýetmegine giň ýol açdy.
Biz Arkadag Prezidentimiziň rowaçlyklara, üstünliklere besleýän, bütin dünýäde ykrar edilýän Türkmenistan döwletimize guwanýarys. Alnyp barylýan ajaýyp işler biziň her birimiziň kalbymyzda Garaşsyzlygymyza guwanç, Bitaraplygymyza buýsanç, eziz Watanymyza söýgi duýgularyny bagyş edýär. Watanmyzyň şöhratly ýollary barasynda söz açyp, hormatly Prezidentimiz: “Biziň döwletimiziň mundan beýläk-de gülläp ösmeginde ilkinji we esasy şertimiz Watana bolan söýgimizdir! Watan biziň gözümiziň görejidir, Watan başymyzyň täjidir!” diýip belleýär.
Bitaraplyk hem Garaşsyzlyk türkmeniň goşa ganaty. Bu bagta halkymyz asyrlarboýy eden arzuwlary, yhlas-myrady, Arkadag Prezidenti bilen ýetdi. Bu beýik derejeler türkmen halkymyzy täze belentliklere tarap alyp barýar. Il-ulusymyzyň parahatçylyga, asudalyga goýýan sarpasy uly. Çünki halkymyz parahatçylygyň gadyr-gymmatyna, many-mazmunyna oňat düşünýär. Asudalygy hemişelik goramagy, ony dünýäde üpjün etmegi maksat edinýär. Parahatçylykly, asuda ýaşaýyş türkmeniň zandyna ene süýdi bolup siňipdir. Enelerimiz öz hüwdi setirleri bilen nesilleriň aňyna batyrlygy, mertligi, ata Watany, ene topragy söýmegi siňdiripdir. Şeýdibem umumadamzat gymmatlyklaryna uly goşant goşupdyr.
Biziň döwletimiz 1991-nji ýylyň altyn güýzünde milli Garaşsyzlygyna eýe bolan ilkinji günlerinden başlap, Bitaraplyk ýörelgelerine eýerýändigini beýan etdi. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda BMG-niň 185 döwletiniň goldamagynda eýe bolnan Bitaraplyk derejämiz bu günki gün özüniň ajaýyp miwelerini berýär. Türkmenistanyň Bitaraplyk ýörelgelerini dünýä ýüzi ykrar etdi. Bu Garaşsyzlykdan soň türkmen diplomatiýasynyň gazanan iň uly üstünligidir. Garaşsyzlygy, Bitaraplygy gazanmak bahasyna ýetip bolmajak ýeňiş. Şonuň üçin bu iki sütün milletiň baş baýramçylyklary, milli toýlary hökmünde milli hem halkara derejelerinde bellenilip geçilýär. Bu iki beýiklige hyzmat etmek, olaryň dabaralaryny artdyrmak, bu ugurda täze işleri berjaý etmek, täze sepgitlere ýetmek meselesi döwlet ýolbaşçysynyň öňünde jogapkärçiligi wezipe edip goýýar. Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe parahatçylygy gorap saklamak, Bitaraplygy ösdürmek meseleleri örboýuna galdy. Bu babatda milli Liderimiziň alyp barýan işleri häzirki zaman dünýäsinde nusga alarlykly işler hökmünde umumy ykrarnama eýe boldy.
Hemişelik Bitaraplygymyzy halkymyzyň ynsanperwer ýörelgeleriniň dowamy hasaplap, onuň gadyr-gymmatyny has-da dabaralandyrýan hormatly Prezidentimiz 2014-nji ýylda Lebap welaýatynda bolup geçen Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynda Bitaraplygymyzyň 20 ýyllyk toýunyň bellenjek senesi bolan 2015-nji ýyly “Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly” diýip yglan etdi.
Hormatly Prezidentimiz özygtyýarly Graşsyzlygymyzy Bitaraplygy ösdürmegiň täze strategiýalaryny işläp düzdi. BMG-niň beýik münberinden eden çykyşlarynda ýangyç geçirijileriň, sarp edijileriň hukuklaryny gorap, olaryň howpsuzlyk meselelerine seredilmelidigine ünsi çekdi. Merkezi Aziýada we Hazar deňziniň töwereklerinde ýerleşýän döwletleri parahatçylykly, dürli görnüşli ýaraglardan erkin zona öwürmek meseleleri boýunça uly işler alnyp baryldy. Hazaryň ekologik ýagdaýy, Aral meseleleri boýunça işleriň giň tapgyry amala aşyryldy. Sebitde BMG-niň öňüni alyş diplomatiýasynyň merkezi açyldy we bu ugurdan uly işler ýaýbaňlandyryldy. Häzirki zaman dünýäsinde ählumumy parahatçylygyyň täze nusgasyny, ýagny oňyn parahatçylykly gatnaşyklar, hyzmatdaşlyklar arkaly ösdürmegini üpjün etmegiň zerurdygyny ýer ýüzüne aýan etdi we bu ugurlardan belent sepgitlere ýetild. Şu işleriň ählisiniň sakasynda milli Liderimiziň hut özüniň durmagy bizi has hem buýsandyrýar, täze ösüşlere alyp barýar.
Türkmen halkynyň geçmiş taryhyny, ýazyjydyr şahyrlarymyzyň eserlerini okanyňda, halkymyzyň Watana howp salýan duşmanlar bilenem, başaryp bolsa, ylalaşmaga, abanyp duran howpy parahatçylykly ýol bilen çözmäge çalşandyklaryna göz ýetirýärsiň. Ony Oguzhan atamyzyň Watanyň asudalygy ugrundaky göreşleri, “Görogly” eposynda halkyň erkin, parahatçylykly, döredijilikli zähmetiň tarapynda bolup edýän çykyşlary hem subut edýär. Çardagly Çandybiliň soltany Jygaly beg agtygy Görogla:
Ýalňyz balam, algyn pendim,
Watany terk ediji bolma!
Ol duran gury agaja
Nähak gan sürüji bolma.
diýip, türkmen halkynyň adyndan nesihat edýär. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy bu pikirleri has hem ösdüripdir. Halkyň arzuw-hyýalyny, maksat- myradyny milletiň senasyna öwrüp, ynsanlary adamkärçilige, deňlige, doganlyga, hyzmatdaşlyga hem parahatçylykly ýaşaýşa çagyrypdyr.
Последние новости
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI