30/11/-0001
747
Garaşsyzlyk bagtymdyr, Bitaraplyk binýadym
«Garaşsyzlyk, Bitaraplyk - ösüşiň goşa ganaty» atly çeper-publisistik makalalar bäsleşigine
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow:
Bitaraplyk Garaşsyz Watanymyzyň hemmetaraplaýyn gülläp ösmegine,
halkymyzyň bagtyýar durmuşa ýetmegine giň ýol açdy.
Biz Arkadag Prezidentimiziň rowaçlyklara, üstünliklere besleýän, bütin dünýäde ykrar edilýän Türkmenistan döwletimize guwanýarys. Alnyp barylýan ajaýyp işler biziň her birimiziň kalbymyzda Garaşsyzlygymyza guwanç, Bitaraplygymyza buýsanç, eziz Watanymyza söýgi duýgularyny bagyş edýär. Watanmyzyň şöhratly ýollary barasynda söz açyp, hormatly Prezidentimiz: “Biziň döwletimiziň mundan beýläk-de gülläp ösmeginde ilkinji we esasy şertimiz Watana bolan söýgimizdir! Watan biziň gözümiziň görejidir, Watan başymyzyň täjidir!” diýip belleýär.
Bitaraplyk hem Garaşsyzlyk türkmeniň goşa ganaty. Bu bagta halkymyz asyrlarboýy eden arzuwlary, yhlas-myrady, Arkadag Prezidenti bilen ýetdi. Bu beýik derejeler türkmen halkymyzy täze belentliklere tarap alyp barýar. Il-ulusymyzyň parahatçylyga, asudalyga goýýan sarpasy uly. Çünki halkymyz parahatçylygyň gadyr-gymmatyna, many-mazmunyna oňat düşünýär. Asudalygy hemişelik goramagy, ony dünýäde üpjün etmegi maksat edinýär. Parahatçylykly, asuda ýaşaýyş türkmeniň zandyna ene süýdi bolup siňipdir. Enelerimiz öz hüwdi setirleri bilen nesilleriň aňyna batyrlygy, mertligi, ata Watany, ene topragy söýmegi siňdiripdir. Şeýdibem umumadamzat gymmatlyklaryna uly goşant goşupdyr.
Biziň döwletimiz 1991-nji ýylyň altyn güýzünde milli Garaşsyzlygyna eýe bolan ilkinji günlerinden başlap, Bitaraplyk ýörelgelerine eýerýändigini beýan etdi. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda BMG-niň 185 döwletiniň goldamagynda eýe bolnan Bitaraplyk derejämiz bu günki gün özüniň ajaýyp miwelerini berýär. Türkmenistanyň Bitaraplyk ýörelgelerini dünýä ýüzi ykrar etdi. Bu Garaşsyzlykdan soň türkmen diplomatiýasynyň gazanan iň uly üstünligidir. Garaşsyzlygy, Bitaraplygy gazanmak bahasyna ýetip bolmajak ýeňiş. Şonuň üçin bu iki sütün milletiň baş baýramçylyklary, milli toýlary hökmünde milli hem halkara derejelerinde bellenilip geçilýär. Bu iki beýiklige hyzmat etmek, olaryň dabaralaryny artdyrmak, bu ugurda täze işleri berjaý etmek, täze sepgitlere ýetmek meselesi döwlet ýolbaşçysynyň öňünde jogapkärçiligi wezipe edip goýýar. Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe parahatçylygy gorap saklamak, Bitaraplygy ösdürmek meseleleri örboýuna galdy. Bu babatda milli Liderimiziň alyp barýan işleri häzirki zaman dünýäsinde nusga alarlykly işler hökmünde umumy ykrarnama eýe boldy.
Hemişelik Bitaraplygymyzy halkymyzyň ynsanperwer ýörelgeleriniň dowamy hasaplap, onuň gadyr-gymmatyny has-da dabaralandyrýan hormatly Prezidentimiz 2014-nji ýylda Lebap welaýatynda bolup geçen Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynda Bitaraplygymyzyň 20 ýyllyk toýunyň bellenjek senesi bolan 2015-nji ýyly “Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly” diýip yglan etdi.
Hormatly Prezidentimiz özygtyýarly Graşsyzlygymyzy Bitaraplygy ösdürmegiň täze strategiýalaryny işläp düzdi. BMG-niň beýik münberinden eden çykyşlarynda ýangyç geçirijileriň, sarp edijileriň hukuklaryny gorap, olaryň howpsuzlyk meselelerine seredilmelidigine ünsi çekdi. Merkezi Aziýada we Hazar deňziniň töwereklerinde ýerleşýän döwletleri parahatçylykly, dürli görnüşli ýaraglardan erkin zona öwürmek meseleleri boýunça uly işler alnyp baryldy. Hazaryň ekologik ýagdaýy, Aral meseleleri boýunça işleriň giň tapgyry amala aşyryldy. Sebitde BMG-niň öňüni alyş diplomatiýasynyň merkezi açyldy we bu ugurdan uly işler ýaýbaňlandyryldy. Häzirki zaman dünýäsinde ählumumy parahatçylygyyň täze nusgasyny, ýagny oňyn parahatçylykly gatnaşyklar, hyzmatdaşlyklar arkaly ösdürmegini üpjün etmegiň zerurdygyny ýer ýüzüne aýan etdi we bu ugurlardan belent sepgitlere ýetild. Şu işleriň ählisiniň sakasynda milli Liderimiziň hut özüniň durmagy bizi has hem buýsandyrýar, täze ösüşlere alyp barýar.
Türkmen halkynyň geçmiş taryhyny, ýazyjydyr şahyrlarymyzyň eserlerini okanyňda, halkymyzyň Watana howp salýan duşmanlar bilenem, başaryp bolsa, ylalaşmaga, abanyp duran howpy parahatçylykly ýol bilen çözmäge çalşandyklaryna göz ýetirýärsiň. Ony Oguzhan atamyzyň Watanyň asudalygy ugrundaky göreşleri, “Görogly” eposynda halkyň erkin, parahatçylykly, döredijilikli zähmetiň tarapynda bolup edýän çykyşlary hem subut edýär. Çardagly Çandybiliň soltany Jygaly beg agtygy Görogla:
Ýalňyz balam, algyn pendim,
Watany terk ediji bolma!
Ol duran gury agaja
Nähak gan sürüji bolma.
diýip, türkmen halkynyň adyndan nesihat edýär. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy bu pikirleri has hem ösdüripdir. Halkyň arzuw-hyýalyny, maksat- myradyny milletiň senasyna öwrüp, ynsanlary adamkärçilige, deňlige, doganlyga, hyzmatdaşlyga hem parahatçylykly ýaşaýşa çagyrypdyr.
Gel, eý, köňlüm, saňa nesihat kylaý:
Watany terk edip, gidiji bolma!
Özüňden egsik bir gaýry namardyň
Hyzmatynda gulluk ediji bolma!
Bu setirler halkyň pikiri. Şahyr halkyň dilinden gürleýär. Çünki beýik söz ussady özüni halkdan üzňe göz öňüne getirmändir. Ata-babalarymyzyň arzuwlan bagtyýarlygy, parahatlygy bu günki gün Arkadag Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde halkymyzy eşretli günlere eýe etdi. Şol belent sepgitler dogrusynda milli Liderimiz özüniň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan” atly kitabynda buýsanç bilen beýan edýär.
Sensiň Oguz hanyň mirasdar ogly,
Agzybir, abadan illi türkmen sen.
Bu dünýä töründen tutupsyň orny,
Sylagly, sarpaly, synly türkmen sen.
Hawa, Gahryman Arkadagymyzyň buýsanç bilen wasp edýän türkmenimiň sarpasy belent. Ilimiz abadan, ýurdumyz parahat. Öýlerden eşidilýän çaga gülküleri, ene hüwdüleri, aýdymdyr sazyň sesi bolsa halkymyzyň eşretli durmuşynyň beýanydyr.
Garaşsyzlyk gül açdyrdy ykbalyn,
Ata Watan, Türkmenistan-Bitarap,
Jigerimde orny, damarda ganym,
Ata Watan,Türkmenistan-Bitarap.
Her gysym topragy altyndan gymmat,
Rysgal, berkedi egsilmez hümmet,
Eşreti dowamat, misli bir jennet,
Ata Watan, Türkmenistan-Bitarap.
Binýady Arkadag pähminden bekän,
Şöhraty äleme ýaň salan mukam,
Berkarar, bagtyýar keremli mekan,
Ata Watan, Türkmenistan-Bitarap.
Türkmen halky bu ýyl ýurdumyzyň mukaddes Graşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk ýubileý toýuny uly ruhubelentlik bilen toýlaýar. Garaşsyzlyk biziň häzirki döwürde gazanýan üstünliklerimize buýsanç döredýär, beýik geljegimize uly ynamy berkidýär we ýurdumyzyň dünýä ýüzündäki abraý-mertebesini şöhratlandyrýar. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy halkara durnuklylygy üpjün etmekde düýpli binýada öwrülip, parahatlyk baradaky gepleşikler, özara bähbitli hyzmatdaşlyklar, ynsanperwer gatnaşyklar üçin esas bolup hyzmat edýär.
Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk hukugyna eýe bolmak bilen, halkara gatnaşyklarynda “Açyk gapylar” syýasatyny ýöredýär. Umumylaşdyryp alnanda, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk syýasatynyň mazmuny aşakdakylardan ybarat:
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy parahatçylgyň halkara ýörelgelerine esaslanýar.
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukugy Birleşen Milletler Guramasy derejesinde ykrar edilendir.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň halkara jemgyýetçiligi bilen ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürilip, uly üstünlikler gazanyldy. Birleşen Milletler Guramasy bilen gatnaşyklar has işjeňleşdi. Hormatly Prezidentimiz BMG-niň Baş Assambleýasynyň münberinde birnäçe gezek çykyş etdi we dünýä bileleşigine girýän döwletler tarapyndan giň goldaw tapan ähmiýetli başlangyçlary öňe sürdi.Ynha şol beýik başlangyçlaryň biri hem BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynyň 106-njy mejlisinde guramanyň agza döwletleriniň ählisiniň bir agyzdan kabul etmegi bilen, Türkmenistanyň öňe süren başlangyjy-,,2021-nji ýyl- Halkara parahatçylyk we ynanyşmaklyk ýyly’’ atly Jarnama kabul edildi. Abraýly halkara guramalary bilen köpugurly hyzmatdaşlygyň alnyp barlyşynda ýurdumyz ösüşleriň täze basgançaklaryny nazarlap, öňe sary aýgytly ädimler bilen barýar.
Bu ýyl baky Bitarap Watanymyzyň özygtyýarly Garaşsyzlyk hukuk derejesine eýe bolanyna 30 ýyl dolýar. Eýsem, bu ýyly “Türkmenistan parahatçylygyň we ynanyşmaklygyň mekany” diýip yglan edilmegi ýöne ýere däldir. Bu Gahryman Arkadagymyzyň merdana türkmen halkynyň at-owazasyny täze röwüşde äleme ýaýmagydyr, milletiň mertebesini parahatçylyksöýjülikli, ynsanperwer halk hökmünde jümle-jahana ykrar etmegidir. Bu bolsa tutuş Ýer ýüzünde durnukly ösüşi we howpsuzlygy üpjün etmekde we wagyz etmekde täze mümkinçilikleri açar.
Ýurdumyzyň häzirki wagtda öňe sürýän syýasy başlangyçlaryndan ugur alnyp, diňe bir milli bähbitlere däl, eýsem, dünýä halklarynyň bähbidine gönükdirilen işjeň gatnaşyklar hem ýola goýulýar. Şeýle gatnaşyklar halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna, deňhukukly hyzmatdaşlygyna, birek-birege hormat goýmaga, hoşniýetli goöşuçylyga, dostluga eýerýär. Döwrebap halkara gatnaşyklaryň alnyp barylmagynda BMG, Ýewropa Bileleşigi, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Goşulyşmazlyk hereketi, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly abraýly halkara guramalary esasy orunda durýar. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasy hem-de onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bolan Ösüş Maksatnamasy, ÝUNESKO, ilat gaznasy, Çagalar gaznasy, Bütündünýä saglygy goraýyş guramasy, Neşelere we jenaýatçylyga garşy göreşmek baradaky müdürligi, Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi bilen hyzmatdaşlygy uly ösüşlere, täze many-mazmuna eýe bolýar we bu babatda alnyp barylýan işler Türkmenistan bilen BMG-niň özara işjeň gatnaşyklarynyň oňyn görkezijilerine öwrülýär.
Garaşsyzlyk bagtymdyr,
Bitaraplyk – binýadym.
Garaşsyzlyk - bu ruhuň erkinligidir!
Garaşsyzlyk - bu mertebäňe, belentligiňe, öz taryhyňa, şu günüňe, geljegiňe eýe çykmakdyr!
Bitaraplyk - Oguz ruhundan gözbaş alan mukaddes düşünjedir.
Bitaraplyk - parahatçylygy goramak, beýleki halklaryň erkinligini doly ykrar etmekdir.
Bitaraplyk - ähli halklaryň bähbidine gönükdirilen syýasaty ýöredýän halkyň bagtly geljeginiň kepilidir.
Watanymyz Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany,
Her günümiz toýdur baýram, her ýylymyz sapaly,
Gör, bezenen Aşgabadym gözel gölli bir haly,
Garaşsyz biz, Bitarap biz, bagt daňymyz atandyr,
Arkadagyň gudratyndan şöhratlanan Watandyr!
Türkmen halkyny bir döwlete, bir agza bakdyrýan, halkyň asudalygy, parahatçylygy ugrunda jan aýaman zähmet çekýän Gahryman Arkadagymyza hoşallygymyzyň çägi ýok. Goý, hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, il-ýurt, dünýä ähmiýetli belent tutumlary rowaçlyklara beslensin! Dünýämiz abat, ýurdumyz parahat, abraý –mertebämiz belent bolsun!
Allanazar ALLANAZAROW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar
we informatika
institutynyň 2-nji ýyl talyby.
Soňky täzelikler
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI