Logo
  • Logo
    • Science
      • Research activities
      • Postgraduate study
      • Scientific and practical conferences
      • 300th anniversary of Magtymguly Fragi
        • « Magtymguly, my word is short, has much meaning... » (Magtymguly Fragi)
        • «Magtymguly, tongue will speak of the destan... » (information about Magtymguly collected from websites)
        • Video recording of Magtymguly Fragi's poems
        • Collection of audio recordings of Magtymguly Fragi's poems
        • Magtymguly Fragi in the world press
        • Publications of Magtymguly Fragi's poems in foreign languages
        • Explanatory Dictionary of Magtymguly
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Scientific articles, abstracts and collections
      • Council of Young Scientists
        • PRESENTATION COMPETITION WAS HELD
    • International cooperation
      • Meetings
      • Visits
      • Ambassadors' lectures
      • International days
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • UNESCO Club "Culture of Peace"
        • SCIENTIFIC-PRACTICAL CONFERENCE WAS HELD
    • Faculties
      • FACULTY OF INTERNATIONAL RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL LAW
      • FACULTY OF INTERNATIONAL ECONOMIC RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL JOURNALISM
    • About us
      • Administration
      • Departments
        • Department of International Relations and Diplomacy
        • Department of International Law and Comparative Law Studies
        • Department of International Economic Relations
        • Department of Theory and Practice of Journalism
        • Department of Social Sciences
        • Department of World Languages
      • Indicators
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • About us
    • Education
      • Specialties
      • Applicants
    • Centers
      • Scientific Center for Strategic Studies
      • School of Young Diplomats
      • Department of Digital Systems and Communications
      • Scientific and Methodological Center for the Sustainable Development Goals
      • Young Messengers of Peace
      • Training Center for Priority Areas of Diplomacy of Turkmenistan
        • Transport diplomacy
        • Energy Diplomacy
        • Water diplomacy
        • Preventive diplomacy
        • Economic diplomacy
      • Diplomatic Protocol Training Center
    • Ambassadors
    • Media
    Main / International days / YLYMDA AÝAL-GYZLARYŇ HALKARA GÜNI
    YLYMDA AÝAL-GYZLARYŇ HALKARA GÜNI surady
    20/02/2024

    1490

    YLYMDA AÝAL-GYZLARYŇ HALKARA GÜNI

    Garaşsyz Watanymyzyň syýasy, ykdysady, medeni-durmuş binýadynyň pugtalandyrylmagynda, gazanýan beýik ýeňişlerimizde mähriban gelin-gyzlarymyzyň mynasyp paýy bar. Milletimiziň buýsanjy we mertebesi bolan zenanlar bu gün döwlet, häkimiýet we dolandyryş edaralarynda, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda, aýratyn hem, ylym-bilim, medeniýet we saglygy goraýyş ulgamlarynda, in kämil we çylşyrymly tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan önümçilik kärhanalarynda milli we döwlet maksatnamalarymyzyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ugrunda netijeli zähmet çekýärler. Birnäçe ýyllaryň dowamynda ösüp, barha kämilleşýän bilim-ylym taryhynda özüniň öçmez yzyny goýmagy başaran zenanlar barada öňler hem köp gezek aýdyldy we ýene-de nygtalyp aýdylar. Sebäbi, bilim-ylym dünýäsinde aýal-gyzlaryň ornunyň ýokarydygyny aýratyn bellemek gerek. Halk dessanlarymyz, altyna gaplaýmaly nakyllardyr atalar sözleri, hüwdülerdir monjugatdylar, ajaýyp toy aýdymlary, milli şaý-sepler Watana, il-güne, mukaddes ojagyna wepaly, zähmetsöýer gelin-gyzlarymyzyň abraý-mertebesiniň hemişe belent tutulýandygyna şaýatlyk edýär. Şu nukdaýnazardan hem, her ýylyň 11-nji fewraly – Ylymda aýal-gyzlaryň halkara güni hökmünde dünýä jemgyýetçiliginde giňden bellenilýär. Aslynda, bu halkara güni Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 2015-nji ýylyň 22-nji dekabrynda kabul eden Rezolýusiýasyna esaslanýar. Halkara güni aýal-gyzlar üçin ylma doly we deň derejede elýeterliligi hem-de oňa gatnaşmagy üpjün etmek üçin bellenilýär. Aýal-gyzlaryň ylymdaky orny taryhyň irki döwürlerinden başlanýar.
    Ilkinji zenan-alhimik Mariýa Koptskaýa I asyrda Ierusalimde ýaşapdyr.Ol Aleksandriýanyň alhimiýa mekdebini esaslandyryjy hasaplanýar. Şol döwürde ylymda zenanlar ýok diýen ýaly bolsa-da, Koptskaýa kärdeşleriniň arasynda uly abraýa eýe bolupdyr. Mundan başga-da, Ada Lawleýs diňe bir zenanlaryň arasynda däl, umuman, ilkinji programmist hasaplanýar. Onuň adamsy Çarlz Bebbij kompýuteriň birinji nusgasy bolan hasaplaýjy maşyny oýlap tapypdyr. Ada bolsa onuň üçin programmany döredýär, «iş öýjügi», «sikl» adalgalaryny ulanyşa girizýär. Ylymda uly yz goýan Kýuri bolsa adamsy Pýer Kýuri bilen bilelikde radiasiýa hadysasyny açandygy üçin 1903-nji ýylda fizika ugry boýunça Nobel baýragyna mynasyp bolmagy başardy. Ol radiý we poloniý elementlerini açyp, 1911-nji ýylda himiýadan hem bu baýragy alýar.
    Malala Ýusufzaý — bütin dünýäde zenanlara bilimiň elýeterliligi ugrunda çykyş eden pakistanly hukukçy. 2014-nji ýylda oňa «Ýaşlara we çagalara basyşa garşy we ähli çagalaryň bilime hukugy ugrunda tagallasy üçin» parahatçylyk ugrundan Nobel baýragy berilýär. Wengriýaly alym Mariýa Telkeş 39 ýaşyndan başlap Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Massaçussets tehnologiýa institutynda Gün energiýasynyň tehnologiýasyny ösdürmek bilen meşgullanýar. Bu zenan 1947-nji ýylda termoelektrik generatoryny oýlap tapýar. Nobel baýragy hem-de ykdysady ylymlar boýunça baýragy 1901 we 2017-nji ýyllar aralygynda 49 gezek zenanlara berlipdir. Şeýle-de olaryň arasynda 20-ä golaý zenan maşgala fizika, himiýa, fiziologiýa, lukmançylyk ugurlary boýunça Nobel baýragyna mynasyp bolmagy başardy. Şeýle-de, häzirki wagtda hem zenanlaryň ylymda, bilimde we beýleki ugurlarda gazanýan üstünlikleri olaryň dünýä ýüzünde tutýan ornunyň beýikdigini görkezýär.
    Umuman , bu halkara gününiň bellenilmeginiň maksady zenanlaryň tutýan ornyny belende çykarmaklyk däl sebäbi, asyl beýik we belent bolan hakykat hemişe-de beýik we belentdir.

    Oguljahan JOBBOROWA,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara hukugy fakultetiniň III ýyl talyby.

    Latest News

    TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY! surady

    01/06/2025

    TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
    1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni surady

    31/05/2025

    1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
    INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN  TURKMENISTAN surady

    30/05/2025

    INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
    Useful Links
    Other
    Contact

    744000, Turkmenistan Ashgabat, Street:Galkhynysh, Building 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 All rights are reserved: TDIMHGI