03/12/2025
19
MAÝYPLYGY BOLAN ADAMLARYŇ HALKARA GÜNI
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ilatyň durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek maksady bilen alyp barýan syýasatynyň çäklerinde, maýyplaryň durmuş goraglylygyny üpjün etmek döwletimiziň esasy wezipeleriniň biri hökmünde öňe sürülýär. Döwletimizde maýyplaryň beýleki raýatlar bilen deň derejede okamagy, bilim almagy, özleriniň söýen hünärlerine eýe bolmagy, halal zähmet çekmegi, maşgala gurmagy we sagdyn, bagtly durmuş sürmegi üçin ähli amatly şertler döredilendir.
1992-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan yglan edilen halkara maýyplar güni, her ýylyň 3-nji dekabrynda bütin dünýäde bellenilýär. Onuň bellenilmegi olaryň durmuşda gabat gelýän kynçylyklaryna has oňat düşünip, olaryň hak-hukuklaryny durmuşa geçirmegiň ýollaryny tapmaga ýardam edýär.
Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 4-nji maddasynda “Türkmenistanda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy adamdyr” diýip bellenilýär. Biziň ýurdumyzda mümkinçilikleri çäkli adamlaryň özlerini kemala getirmekleri üçin ähli şertler döredilip, olaryň bilim almaklary üçin ýörite kömekçi mekdepler hereket edýär.
2015-nji ýylyň 23-nji maýynda kabul edilen Raýatlaryň saglygynyň goralmagy hakynda Türkmenistanyň kanunyna laýyklykda maýyplygy bolan adamlaryň saglygyny goramaga bolan hukuklaryna çagalykdan I we II topar maýyplygy bolan adamlaryň döwlet saglygy goraýyş edaralarynda tölegsiz saglygy goraýyş kömegini we saglygy goraýyş hyzmatlaryny almaga, saglygy goraýyş durmuş kömegine, saglygyny dikeltmäge, ýeňillikli şertlerde derman serişdeleri bilen üpjün edilmäge bolan hukuklaryny mysal getirmek bolar. Bulardan başga-da, Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary maýyplygy bolan adamlaryň saglygy goraýyş edaralaryna, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaklary üçin sport desgalaryna erkin baryp bilmekleri üçin zerur şertleri döretmäge, ýörite sport enjamlary bilen üpjün etmäge borçludyrlar.
Maýyplygy bolan adamlaryň hukuklaryny öňe sürmek we mümkinçiliklerini giňeltmek maksady bilen BMG we Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalary Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň we Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň goldawy bilen birnäçe döwlet ähmiýetli işler durmuşa geçirilýär.
Halkara derejesinde maýyplar gününiň geçirilmeginiň maksady olaryň durmuş abadanlygyny üpjün etmäge, olaryň hak-hukuklaryny, mertebesini goldamaga we goramaga gönükdirilendir. Birleşen Milletler Guramasy adamlaryň, şol sanda maýyplaryň hem hukuklaryny goramaga gönükdirilen çäreleri yzygiderli geçirýär. Biziň ýurdumyzda hem maýyplaryň hukuklarynyň goraglylygy kanun esasynda berkidilendir.
Wepa MYRADOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy fakultetiniň I ýyl talyby.
Latest News
21/11/2025
WORLD TELEVISION DAY
20/11/2025
BÜTINDÜNÝÄ FILOSOFIÝA GÜNI
19/11/2025
20-nji noýabr – Bütindünýä çaga güni