26/11/2025
425
Halypa diplomat bilen açyk sapak geçirildi
2025-nji ýylyň 26-njy noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň we institutyň Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi bilen bilelikde guramagynda açyk sapak geçirildi.
Açyk sapak BMG-niň Baş Assambleýasynyň garamagyna hödürlenen “Durnukly ösüşi üpjün etmekde ygtybarly we durnukly energiýa birikmesiniň esasy orny” atly Kararnamanyň ähmiýetine bagyşlandy. Sapagy Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň uly mugallymy, Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, «Türkmenistanyň ussat diplomaty» atly tapawutlandyryş nyşanynyň eýesi Kakajan Mommadow alyp bardy.
Sapagyň dowamynda K.Mommadow ygtybarly we durnukly energiýanyň durnukly ösüşiň esasy bölegidigini, onuň ykdysadyýeti güýçlendirýändigini, şol sanda sosial abadançylygy ýokarlandyrýandygy we daşky gurşawy goraýandygy barada aýratyn belläp geçdi. Mundan başga-da, K.Mommadow bu başlangyjyň durmuşa geçirilmegi ýurdumyzyň açyk we ygtybarly energiýa akymlarynyň emele gelmegine, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň dünýä ulgamyna goşulyşmagyna ýardam berjekdigini nygtady.
Şeýle duşuşyklaryň türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebinde yzygiderli geçirilmegi talyp ýaşlaryň syýasy düşünjeleriniň kämilleşmegine, bu ugurda goşmaça bilim endikleriniň kämilleşmegine uly goşant goşýar.
Rahym AKMURADOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň mugallymy.