16/08/2023
998
TÜRKMENISTAN — ÝUNESKO : hemmetaraplaýyn, adalatly we ýokary hilli bilimi üpjün etmek babatdaky hyzmatdaşlyk
Hemmämize mälim bolşy ýaly, 2015-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 70-nji ýubileý mejlisiniň çäginde 2015-nji ýyldan soňky döwür üçin ösüş meseleleri boýunça Sammitinde dünýä bileleşiginde uly abraý gazanan syýasy Lider hökmünde ilkinji bolup taryhy söz sözledi. Merkezi Aziýa sebitinde ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmeklikde BMG-niň esasy daýanjyna, parahatçylyk dörediji, ylalaşdyryjy merkezine öwrülen Türkmenistanyň dünýäde ykrar edilen milli Liderini dünýä diňledi. Bu çuňňur manyly taryhy çykyş ýubileý sessiýasynyň işine täze badalga berdi.
Milli Liderimiz sözlän sözünde üçünji müňýyllygyň ilkinji 15 ýylynda edilen işleriň ähmiýetini nygtap, geljekki 15 ýyla niýetlenen täze strategiýa boýunça Bitarap Türkmenistanyň garaýşy beýan edip, şeýle diýdi: «Hemmetaraplaýyn, adalatly we ýokary hilli bilimi üpjün etmek meseleleri hem täze halkara Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Biz Birleşen Milletler Guramasy giňden höweslendirse, bu işleriň netijeli boljakdygyna doly ynanýarys. Geçiriljek işler giň halkara gatnaşyklaryny ýola goýmak, bilim babatda ýurtlar, sebitler boýunça we ählumumy derejede täze maksatnamalary ornaşdyrmak arkaly amala aşyrylmalydyr». Milli Liderimiz taryhy çykyşynda 2015-nji ýyldan soňky döwür üçin durnukly ösüşiň Gün tertibini maksatlaryny we wezipelerini durmuşa geçirmekde BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary we degişli düzümleri bilen işjeň hem netijeli hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny mälim edip, BMG-niň Ösüş Maksatnamasyna, Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasyna we Çagalar Gaznasyna esasy hyzmatdaşlarymyz hökmünde garaýandygyny aýratyn nygtady. Üstümizdäki ýylyň 2-nji oktýabrynda ýurdumyzyň Hökümetiniň giňişleýin mejlisinde agzalan düzümler bilen bilim babatyndaky hyzmatdaşlygyň geljekde-de dowam etdiriljekdigini aýdylyp, onuň has-da takyk we anyk maksada gönükdirilen bolmalydygyny, biziň bildirýän talaplarymyza laýyk gelmelidigi, uzakmöhletleýin geljegi nazara alyp, halkara bilim giňişligine ýurdumyzyň ysnyşykly we netijeli goşulmagyna ýardam bermelidigi nygtaldy.
Ýurdumyzyň ylym-bilim babatynda halkara hyzmatdaşlygyny utgaşdyrmakda ÝUNESKO möhüm orun degişlidir. Mälim bolşy ýaly, ÝUNESKO-nyň maksady adalatlylygy, kanunylygy we adam hukuklaryny ählumumy hormatlamagy, şeýle hem halklaryň bilim, ylym we medeniýet pudagynda hyzmatdaşlygyny giňeltmek arkaly parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmäge ýardam etmekdir. 1948-nji ýylda ÝUNESKO hökmany we ählumumy başlangyç bilim hakynda hödürnamany kabul etdi.
2000-nji ýylda kabul edilen Müňýyllygyň maksatlarynda tutuş dünýäde gyzlaryň we oglanlaryň deň derejede bilimiň ähli görnüşlerine mümkinçiligi döretmek nygtalýar. Hut şu maksatlara ýetmekde ÝUNESKO-nyň howandarlygynda bütin dünýäde ählumumy sowatlylygy gazanmak üçin ençeme işler durmuşa geçirilýär.
Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Türkmenistanda ylym, bilim, medeniýet babatda örän çuňňur oýlanyşykly döwlet syýasaty durmuşa geçirilýär. Bu pudaklarda amala aşyrylýan çuňňur özgertmeler giň halkara hyzmatdaşlygyny göz öňünde tutýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, ÝUNESKO bilen ysnyşykly hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň BMG-niň parahatçylygyň, howpsuzlygyň esaslarynyň pugtalanmagyna we ählumumy ösüşiň gazanylmagyna gönükdirilen strategiýasynyň möhüm ugry bilen sazlaşykly goşulyşýar.
Adamzadyň hemmetaraplaýyn ösüşiniň hatyrasyna tagallalaryň birleşdirilmegi, bilim, ylym, medeniýet we maglumat ulgamlarynda uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi arkaly durmuş-ykdysady we gumanitar wezipeleri amala aşyrmakda deňhukukly we birek-birege hormat goýmak esasyndaky gatnaşyklar Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň berk binýadynyň esaslaryny düzýär. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 2009-njy ýylyň 18-nji fewralynda ýurdumyzyň diplomatiki korpusy bilen geçiren maslahatynda daşary syýasatymyzyň esasy ugurlary barada aýdanda, beýleki ugurlar bilen bir hatarda medeni-gumanitar hyzmatdaşlygy giňeltmek barada hem durup geçipdi. «Türkmenistan we türkmen halky baradaky maglumatlary ýaýratmak, ýurdumyz bilen tanyşdyryş çärelerini geçirmek türkmen diplomatiýasynyň esasy wezipeleriniň biridir, bu ugurda abraýly halkara guramalary bilen hyzmatdaşlyk barada aýdylanda bolsa ilkinji nobatda ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek has-da zerurdyr» diýip belläpdi.
2010-njy ýylyň 1-2-nji fewralynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Fransiýa Respublikasyna resmi sapary mahalynda ÝUNESKO-nyň Baş direktory hanym Irina Bokowa bilen duşuşypdy. Hanym Irina Bokowa şonda ÝUNESKO-nyň Türkmenistanyň hökümeti bilen däbe öwrülen konstruktiw hyzmatdaşlygy, hususan-da, ylym-bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge taýýardygyny nygtapdy.
Türkmenistan ÝUNESKO-nyň ugry boýunça Aziýa we Ýuwaş ummany sebitinde ýokary bilim boýunça okuw kurslaryny, diplomlary we derejeleri ykrar etmek baradaky sebit Konwensiýasyna goşuldy. Türkmenistan UNESKO-nyň «Bilim hemmeler üçin» atly Jarnamasyna goşuldy hem-de öz borçnamalaryny gyşarnyksyz berjaý edýär.
Aşgabatda ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Türkmenistanyň milli iş topary işjeň hereket edýär. Iş toparynyň işçi edarasy hökümet bilen ysnyşykly işläp, ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygyň anyk ugurlary boýunça teklipleri taýýarlaýar, işleri utgaşdyrýar. Onuň gurnamagynda meýilnamalaşdyrmak we dolandyrmak boýunça okuwlar geçirilýär. Amyderýanyň suw gorlaryny gorap saklamak we menejment taslamasy ýerine ýetirildi. ÝUNESKO-nyň neşirlerini terjime we neşir ediş merkezi, informatika we kommunikasiýalar boýunça kafedrasy döredildi. 2002-2003-nji ýyllarda okatmagyň we bilim bermegiň täze usullary boýunça maglumatlary taýýarlamak üçin çap ediş merkezi we syýahatçylyk boýunça okuw merkezi döredildi. Ýurdumyzyň bu halkara guramasy bilen hyzmatdaşlygynyň barha çuňlaşýandygyna «Maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalarynyň, ylmyň, meýilleşdirmegiň bilimiň hilini ýokarlandyrmakdaky orny barada» halkara bilermenleriniň Türkmenistandaky maslahaty hem şaýatlyk edýär. Maslahat 2009-njy ýylyň 1-3-nji dekabry aralygynda Türkmenbaşy şäherinde geçirildi. Maslahaty ÝUNESKO-nyň Türkmenistandaky işleri boýunça Milli iş topary we ÝUNESKO-nyň Tährandaky sebit edarasy gurady. Maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalarynyň bilimiň hilini ýokarlandyrmakda eýeleýän ornuna bagyşlanan bu halkara maslahatyň ÝUNESKO tarapyndan Merkezi Aziýa sebitinde ilkinji gezek geçirilendigi bellärliklidir.
Bulardan başga-da, ÝUNESKO bilen medeni-taryhy ýadygärlikleri gorap saklamak, medeni mirasy öwrenmek we halka ýaýmak babatda netijeli hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Netijede, 1999-njy ýylda gadymy Merwiň, 2005-nji ýylda Köneürgenjiň ýadygärlikleri, 2007-nji ýylda gadymy Nusaý galasy ÝUNESKO-yň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. ÝUNESKO-nyň goldawy bilen Türkmenistanda 2002-nji ýylyň 16-18-nji oktýabrynda «Türkmenistanyň we Gündogaryň halklarynyň taryhy-medeni mirasy dünýä bileleşiginde», 2004-nji ýylda «Türkmenistan — Änew medeniýetiniň we ak bugdaýyň watanydyr», 2006-njy ýylda Aşgabatda we Daşoguz welaýatynda «Baky Bitarap Türkmenistan — ÝUNESKO : taryhy-medeni gymmatlyklara baha bermek we dünýä mirasynyň ýadygärliklerini gorap saklamagyň ýollaryny kesgitlemek», Mary welaýatynda «Gadymy Margiana dünýä siwilizasiýasynyň täze merkezidir», 2008-nji ýylda «Türkmen topragy — gadymy medeniýetleriň we siwilizasiýalaryň ojagydyr» atly we başga-da ençeme halkara ylmy maslahatlar geçirildi.
ÝUNESKO-nyň iň ýokary «Awisenna» altyn medalynyň 2009-njy ýylyň 6-njy maýynda hormatly Prezidentimize gowşurylmagy biziň üçin has-da guwandyryjy ýagdaýdyr. Iri halkara guramasy tarapyndan döredilen hem-de ildeşimiz Ibn Sinanyň adyny göterýän, diňe döwlet baştutanlary sylaglanýan Altyn medalyň hem syýasatçynyň, hem alym-lukmanyň häsiýetlerini özünde jemleýän adama — biziň hormatly Prezidentimize gowşurylmagynyň simwoliki manysy bardyr.
Ýeri gelende ýatlasak, hormatly Prezidentimiz entek Hökümetde ylym, bilim, saglygy goraýyş we medeniýet ulgamlaryna ýolbaşçylyk edýän mahalynda bu tanymal alymyň «Lukmançylyk ylmynyň kanunlary» kitaby ilkinji gezek türkmen diline terjime edilip, neşir edilipdi. Bu sylag mertebeli döwlet Baştutanymyzyň ençeme ýyllaryň dowamynda alyp barýan ynsanperwer maksatly işleriniň giden toplumynyň halkara bileleşigi tarapyndan ýene bir ýola ykrar edilmesiniň aýdyň subutnamasydyr.
Ýurdumyzyň 2013-2017-nji ýyllar üçin ÝUNESKO-nyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzalygyna saýlanmagy netijesinde bu gurama bilen hyzmatdaşlygyň gerimi has-da giňeldi. Bu düzümiň ýolbaşçylary tarapyndan hormatly Prezidentimiz tarapyndan amala aşyrylýan döwrebap ylym-bilim özgertmeleriniň netijesinde ylym-bilimiň mazmunynyň we hiliniň ýokarydygyna berilýän baha has-da guwandyryjydyr. Halkara gatnaşyklary ugrundan hünärmenleri taýýarlaýan Türkmenistanyň Daşary işler minsitrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda okaýan talyplara ÝUNESKO-nyň alyp barýan işleri barada giňişleýin düşünje berilýär. Institutyň mugallymlary bu gurama bilen ýurdumyzyň hyzmatdaşlygy barada metbugatda, teleýaýlymlarda yzygider gepleşikleri alyp barýarlar. Talyplarymyz tarapyndan bu gurama bilen hyzmatdaşlygyň dürli jähetlerini açyp görkezýän ýyllyk we diplom işlerini ýerine ýetirilýär. ÝUNESKO-nyň Tähran şäherindäki edarasy tarapyndan 2015-nji ýylyň 17-18-nji sentýabrynda Magtymguly adyndaky TDU-nyň žurnalistika hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara žurnalistikasy hünäriniň talyplary üçin «Ylmyň ýaýylmagy üçin Türkmenistanyň ýaş žurnalistleriniň hünär kämilleşdiriş okuwy» atly okuw maslahaty geçirildi.
Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen bilim ulgamynda alnyp barylýan düýpli özgertmeleriň netijesinde uly üstünlikler gazanyldy. Zähmet ýolunda ynsanyýet üçin iki sany möhüm hünäri — ynsanlara ýagty şamşyragy görkeziji mugallymçylyk hem-de olaryň iň gymmatly zadyny — saglygyny goraýan lukmançylyk hünärlerini utgaşdyryp, bu gün bolsa dünýäde ykrar edilen milli Lider derejesine ýeten hormatly Prezidentimiziň hemmetaraplaýyn, adalatly we ýokary hilli bilimi üpjün etmek babatdaky bitiren ägirt uly işleri hakda köp zatlary nygtap bolardy. Ýöne bu meseleleri çözmek üçin döwlet tarapyndan çykarylan milliardlarça harajadyň beren peýdasyny hiç hili fiziki ölçeg birliklerinde aňladyp bolmajakdygyny aýdalyň. Ak mekdeplerimizde, ýokary okuw jaýlarymyzda bilim alýan zehinli ýaşlarymyzyň dünýäniň dürli dillerinde suwara gürläp, öz zehin-başarnyklary bilen Watanymyzyň abraýyny belende galdyrmagy, ýaşlarymyzyň önümçilikde dünýäniň ösen döwletlerinden alnan çylşyrymly tehnologiýalara erk etmekleri... — bularyň hemmesi ýaşlara, olaryň geljegine goýlan maýanyň özüni dessine, özem birnäçe esse ödeýändigini görkezýär.
Türkmenistanda gazanylan bilimiň hilini bu günki günde dünýä bileleşigi ykrar edýär. Bilimiň «Ýewropa hili» direjesiniň 2011-nji ýylda Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk uniwersitetine, 2013-nji ýylda bolsa Halkara nebit we gaz uniwersitetine berilmegi hem munuň aýdyň delilleridir. Şol sebäpli milli Liderimiziň 2-nji oktýabrdaky Hökümet mejlisinde aýdan «Biziň toplan oňyn tejribämizden hyzmatdaşlarymyzyň hem peýdalanmagy zerur hasap edýärin» diýen sözleri bilim ulgamynda ýeten sepgitlerimiziň halkara derejesinde wagyz edilmegine degişlidir.
Jumamyrat GURBANGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary instituty.
«Mugallymlar gazeti», – 21.10.2015.