1504
Türkmen halkynyň milli gymmatlygy bolan ýüpekçilik hem-de halyçylyk sungaty
2011-nji ýylda Türkmenistan ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak hakynda Konwensiýasyna goşuldy. Şol döwürden bäri ýurdumyz onuň düzgünlerini ýerine ýetirmek boýunça halkara tagallalara işjeň gatnaşýar. Şunuň bilen baglylykda, 2015-nji ýylda ýurdumyzyň ýüztutmasy bilen ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna “Görogly” dessançylyk sungaty, 2017-nji ýylda bolsa “Küştdepdi” türkmen milli aýdym we tans dessury girizildi. Halk döredijiliginiň bu özboluşly nusgalary döwürleriň hem-de nesilleriň arabaglanyşygyny özünde jemläp, milletiň köpasyrlyk ruhy tejribesiniň we däpleriniň häzirki zamanyň döredijilik kuwwaty bilen sazlaşygyny emele getirýär. 2019-njy ýylda ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna türkmen milli halyçylyk sungatynyň girizilmegi hem bellärliklidir. Gözelligi, reňkleriniň sazlaşygy bilen hemmeleri haýrana goýýan el halylary halkymyzyň ruhy taýdan özboluşlylygynyň, ägirt uly döredijilik mümkinçilikleriniň çeper beýanydyr. Häzirki taryhy döwürde türkmen haly gölleri Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň möhüm syýasy nyşanlarynyň birine öwrüldi. Ol Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň esasy bezegidir. Gahryman Arkadagymyzyň türkmen halyşynaslygynyň milli däpleriniň asyrlaryň jümmüşinde emele gelendigini beýan edýän kitaplary bu ajaýyp sungatyň dünýäde giňden wagyz edilmeginde ähmiýetli bolup durýar. Halyşynaslyk däpleri häzirki döwürde täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Gahryman Arkadagymyzyň türkmen halylaryna bagyşlan kitaplary daşary ýurt dillerine terjime edilip, dünýäniň köp ýurtlarynyň okyjylar köpçüliginiň söýgüli eserlerine öwrüldi. Şeýle-de ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň girizilendigini bellemek zerur. Bu çözgüdiň 2021-nji ýylyň dekabr aýynda Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçirilen ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça komitetiniň 16-njy mejlisiniň dowamynda kabul edilendigi hem bellärliklidir. Ýüpekçilik pudagynda durmuşa geçirilýän toplumlaýyn çäreleriň netijesinde asyrlar aşyp gelýän milli daýhançylyk däpleri häzirki zamanyň ösen tejribesi bilen utgaşdyrylýar. Bu pudagyň ösdürilmegine onuň halkymyzyň medeni mirasynyň ajaýyp däpleriniň biri bolanlygyndan ugur alnyp, aýratyn ähmiýet berilýär. Şoňa görä-de, ýüpekçilik dokma senagatyny belent sepgitlere çykarmaga ýardam edýär. Ýüpek keteniden tikilen egin-eşikler türkmen zenanlarynyň gadymdan gelýän milli lybaslarydyr. Örän owadan, köp öwüşginli, nepis we berk “mulham” hem-de “kazin” matalary gadymy Merwiň çeper elli ussatlary tarapyndan dokalypdyr, ýüpekden dokalan ajaýyp türkmen halylary gadymdan bäri Günbatary we Gündogary ygtybarly söwda ugurlary bilen baglanyşdyran Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça kerwenlerde onlarça ýurtlara iberilipdir. Şeýle-de Merwde dünýäde ýeke-täk Ýüpekçilik akademiýasy bolupdyr. Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynda ýurdumyzyň ýüpekçiliginiň taryhy barada gymmatly maglumatlar getirilýär. Kitapda bellenilişi ýaly, merwli ýüpekçileriň arasynda hem hytaýlylaryň ýüpek almak usullaryny özleşdiren ussatlar bolupdyr. Şähere suw barýan Majan hem-de Razik akabalarynyň töwereginde tut agaçlary ösüpdir. Tut önümçiligi ýüpek gurçuklaryny köpçülikleýin köpeltmäge mümkinçilik beripdir. Pileden çöşlenip alynýan ýüpek sapajyklar näzik, şeýle-de ýokary hilli syk, digir-digir zolakly ýa-da tutuk matanyň ýüzüne çekilen nagyşly ýüpek parçalary, köşgüň, soltanyň ýatýan otagynyň bezeginde peýdalanylýan owadan matalary dokamaga harçlanypdyr. Merwiň ýüpek matalary zer goşulyp dokalan hytaý, hindi parçalary, Wizantiýanyň gyrmyzy matalary bilen bäsleşipdir. Häzirki wagtda Arkadagly Serdarymyzyň başlangyjy bilen, gadymdan gelýän bu milli pudak gaýtadan dikeldilýär. Ýüpek önümçiliginiň çig mal binýadynyň ösdürilmegine uly üns berilýär. Şunda tut agaçlarynyň ýurdumyzda ekilýän iň gowy görnüşleriniň ýaýradylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Diýarymyzda öndürilýän piläniň möçberleriniň artdyrylmagy, gaýtadan işleýän kärhanalaryň gymmatly çig mal bilen doly üpjün edilmegi, ýüpegi gaýtadan işleýän kärhanalaryň döwrebaplaşdyrylmagy boýunça geçirilýän çäreler munuň aýdyň subutnamasydyr. Häzirki wagtda ýüpek önümçiligi döwrüň ösen talaplary esasynda ýola goýuldy. Aşgabadyň ýüpek fabrigi we Türkmenabadyň ýüpek önümçilik birleşigi öndürilýän ýüpegi gaýtadan işleýän esasy kärhanalar bolup, olar doly döwrebaplaşdyryldy hem-de häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edildi. Bu kärhanalarda ýüpek halylaryny, milli keteni matalaryny we beýleki önümleri taýýarlamak üçin täze önümhanalar açyldy. Häzirki zaman enjamlary bilen enjamlaşdyrylan kärhanalarda dünýä bazarlarynda uly islege eýe bolan önümler — çig ýüpek, inçe ýüpek ýüplük, matalaryň dürli görnüşleri taýýarlanylýar. Bu önümler iň ýokary halkara ülňülerine laýyk gelýär. Ýüpek süýüminden başga-da, ajaýyp ýüpek halylar, keteni matalarydyr gyňaçlar öndürilýär. Bu önümler daşary ýurtly sarp edijileriň uly isleginden peýdalanýar. Türkmen halyçylyk sungaty ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň okgunly ösýändigini görkezýär. Bu sungat gözbaşyny halkymyzyň gadymdan gelýän ruhy we maddy medeniýetiniň däplerinden alyp gaýdýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän maksatnamalaýyn syýasaty netijesinde milli mirasymyzy goramaga we baýlaşdyrmaga, halyçylygy ösdürmäge döwlet tarapyndan uly goldaw berilýär. Bu çeper senetçiligi giňden wagyz etmek, gadymy matalaryň nusgasyny saklamak maksady bilen, ýurdumyzyň halyçylyk pudagynyň önümçilik düzümi döwrebaplaşdyrylýar. Ozaldan hereket edýän fabrikleriň we önümçilik sehleriniň binýadynda täze bölümler açylýar, bar bolanlarynyň durky täzelenýär. Olarda netijeli zähmet çekmek we ussat halyçylaryň döredijilik ukyplaryny açyp görkezmekleri üçin ähli şertler döredilýär. Häzirki wagtda “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň önümçilik kärhanalarynyň çeper elli halyçylary ajaýyp ýüň we ýüpek halylary dokap, türkmen halkynyň örän baý ruhy-medeni mirasynyň gaýtalanmajak görnüşini gaýtadan dikeldýärler. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, türkmen halysy ynsan kalbyny joşa getirýän gudratdyr, türkmeniň öz milletine, diline, dinine, sungatyna, asylly däp-dessurlaryna bolan egsilmez söýgüsiniň nyşanydyr. Türkmen halysy halkymyzyň ruhy ahwalydyr. Gözelligi, nepisligi, müň dürli öwüşginliligi, reňkleriniň ajaýyp sazlaşygy bilen göreni haýrana goýýan halylarymyzda halkymyzyň ähli ajaýyp häsiýetleri, milli aýratynlyklary jemlenendir. Türkmen halyçy zenanlarynyň gadymy döwürlerden bäri uly meşhurlyga eýe bolan el halylary häzirki wagtda-da hemmeleri haýran galdyrýar. Türkmen halylarynyň gözelligi hakyndaky “Janly rowaýat” we “Arşyň nepisligi” atly ajaýyp kitaplaryň awtory bolan Gahryman Arkadagymyzyň bu milli sungaty ösdürmäge beren uly goldawy netijesinde täze taryhy döwürde bu miras mynasyp dowamata eýe bolýar. “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň kärhanalarynyň önümçilik kuwwaty el halylarynyň dokalyşynyň möçberlerini yzygiderli artdyrmaga hem-de bu sungata sarpa goýýan daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň uly isleglerini kanagatlandyrmaga gönükdirilendir. Munuň üçin ýurdumyzyň eksport mümkinçilikleri artdyrylýar. Hususy işewürlik düzüminiň wekilleri hem milli halyçylyk senedini giňden ösdürmäge mümkinçilik aldylar, olar bazarlary nepis we ýokary hilli haly önümleri bilen üpjün edýärler. Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň yzygiderli durmuşa geçirýän döredijilikli daşary syýasy strategiýasy özüniň ajaýyp miwelerini berip, sebitiň we dünýäniň döwletleri bilen köpugurly gatnaşyklary giňeltmäge, ählumumy parahatçylygyň, ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýän halkara hyzmatdaşlygyň möhüm şerti hökmünde ynsanperwer gatnaşyklary baýlaşdyrmaga ýardam edýär. Medeni diplomatiýa bolsa daşary syýasy strategiýanyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolmagynda galýar.
Batyr ESENOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň II ýyl talyby.