Logo
  • Logo
    • Science
      • Research activities
      • Postgraduate study
      • Scientific and practical conferences
      • 300th anniversary of Magtymguly Fragi
        • « Magtymguly, my word is short, has much meaning... » (Magtymguly Fragi)
        • «Magtymguly, tongue will speak of the destan... » (information about Magtymguly collected from websites)
        • Video recording of Magtymguly Fragi's poems
        • Collection of audio recordings of Magtymguly Fragi's poems
        • Magtymguly Fragi in the world press
        • Publications of Magtymguly Fragi's poems in foreign languages
        • Explanatory Dictionary of Magtymguly
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Scientific articles, abstracts and collections
      • Council of Young Scientists
    • International cooperation
      • Meetings
        • BOOK AWARD CEREMONY BY THE NIPPON FOUNDATION
      • Visits
      • Ambassadors' lectures
      • International days
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • UNESCO Club "Culture of Peace"
    • Faculties
      • FACULTY OF INTERNATIONAL RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL LAW
      • FACULTY OF INTERNATIONAL ECONOMIC RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL JOURNALISM
    • About us
      • Administration
      • Departments
        • Department of International Relations and Diplomacy
        • Department of International Law and Comparative Law Studies
        • Department of International Economic Relations
        • Department of Theory and Practice of Journalism
        • Department of Social Sciences
        • Department of World Languages
      • Indicators
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • About us
    • Education
      • Specialties
      • Applicants
    • Centers
      • Scientific Center for Strategic Studies
      • School of Young Diplomats
      • Department of Digital Systems and Communications
      • Scientific and Methodological Center for the Sustainable Development Goals
        • A training session on the Sustainable Development Goals was held
      • Young Messengers of Peace
      • Training Center for Priority Areas of Diplomacy of Turkmenistan
        • Transport diplomacy
        • Energy Diplomacy
        • Water diplomacy
        • Preventive diplomacy
        • Economic diplomacy
      • Diplomatic Protocol Training Center
    • Ambassadors
    • Media
    Main / Articles / «Gyzyl alma» filminde baş gahrymanyň keşbini janlandyran Altyn Berdiýewa bilen söhbetdeşlik
    «Gyzyl alma» filminde baş gahrymanyň keşbini janlandyran Altyn Berdiýewa bilen söhbetdeşlik
    «Gyzyl alma» filminde baş gahrymanyň keşbini janlandyran Altyn Berdiýewa bilen söhbetdeşlik
    19/08/2023

    2427

    «Gyzyl alma» filminde baş gahrymanyň keşbini janlandyran Altyn Berdiýewa bilen söhbetdeşlik

    Ol kino aktýory ýa sahna artisti däl. Ýöne oňa bu ugurdan ylahy zehin berlipdir. Çünki asly käri žurnalist gyzyň gözüni açyp göreni sungat. Altyn çeper okaýyş bilen halkyň öňüne çykanda, ýaňy üç ýaşyny doldurypdy. Dört ýaşynda bolsa şirin aýdymlary bilen «Iň eýjejik gyzjagaz» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy. Soňra uly sahnalarda, döwlet derejesinde geçirilen çärelerde edilen çykyşlar onuň zehinini has-da açdy. Halkymyz ýaş gyzy hem alypbaryjy, hem aýdymçy, hem kino artisti hökmünde tanap başlady. Ynha, bu gün bolsa ýaş zehin Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi tarapyndan surata düşürilen «Gyzyl alma» atly täze filmde baş gahrymanyň keşbini ussatlyk bilen janlandyryp, tomaşaçylaryň gyzgyn söýgüsini gazanmagy başardy. Oba durmuşyndan alnyp, ýaşlaryň söýgüsine bagyşlanan bu film Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda kino muşdaklaryna ajaýyp sowgat boldy.

    Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň halkara hyzmatdaşlygy bölüminiň esasy hünärmeni Altyn Berdiýewa bilen söhbetdeşligimiz, elbetde, gutlag sözlerinden başlandy.

    — Altyn, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ilkinji üstünligiňiz bilen tüýs ýürekden gutlaýarys. Bu ýyl, nesip bolsa, türkmen ýaşlaryndan ähli babatda täze üstünliklere, beýik ýeňişlere garaşylýar. Alma gyzyň keşbini ussatlyk bilen janlandyrmaga ruhlandyran güýç nämede?

    — Ynam. Her bir işde adamyň öz-özüne ynamy bolmaly. Filmiň edebi esasyny okap, Almada sadaja oba gyzynyň keşbini gördüm. Ol keşp maňa ýakyn. Çünki şäherde doglup, önüp-ösenem bolsam, meniň çagalygym obada geçdi diýen ýaly. Her tomusky dynç alyşda Tagtabazara — mamamlara giderdim. Oba gyzlary bilen oýnap, hezil ederdim. Mamam — Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Gurbangül Babaýewa «Pendi nagmalary» folklor toparyna ýolbaşçylyk etdi. Köp wagtymy mamamyň ýanynda geçirip, toparyň çykyşlaryna tomaşa ederdim. Bile çykyş eden gezeklerim hem az bolmandy. Folklor žanry sungatyň ähli görnüşini özünde jemleýär. Onda sahna eseri-de janlandyrylýar, aýdym aýdylyp, tans hem edilýär. Garaz, oba sahnasy meni kemsiz taplady.

    Hekim Alowowyň režissýorlyk etmeginde surata düşürilen «Gyzyl alma» filminiň edebi esasyny Gurbangül Makenowa ýazdy. Bu filmde Bakjaly obasynda ýaşaýan Medet aganyň ogly Mergen Almaly obasynda ýaşaýan Nazar bagbanyň gyzy Alma aşyk bolýar. Özem olaryň söýgüsine çeşme suwy bilen akyp barýan alma sebäp bolýar. Film Ahal welaýatynyň Gökdepe, Daşoguz welaýatynyň Akdepe etraplarynyň çäklerinde surata düşürildi. Filmiň şowly çykmagynda oba adamlarynyň arasynda bolup, olaryň durmuşy bilen ýakyndan tanyşlygymyzyň hem täsiri uly bolandyr.

    — Elbetde, bu siziň ilkinji ýerine ýetiren keşbiňiz däldir?

    — Baş keşbi göz öňünde tutýan bolsaňyz-a, ilkinji diýseňem boljak. Ýöne öň kän filmlerde surata düşdüm. Birinji gezek 9-njy synpda okaýan wagtym «Täze ýyl sowgady» atly filmde Hurmanyň keşbini janlandyrdym. Soňra «Çapar» filminde keniziň, «Toýa çagyrýas» filminde Gülleriň keşbini ynandylar. «Bakylyk mukamy» filminde bolsa birbada iki keşbi janlandyrmak meniň paýyma düşdi. Bir-ä irki döwürde ilkinji halyny dokan Aýçeçegiň, beýlekisem häzirki döwrüň halyçy gyzy Aýgülüň keşpleri. Öňki ýerine ýetiren keşplerim «Gyzyl almada» baş keşbiň ynanylmagyna täsir edendir diýsem ýalňyşmaryn. Onuň şowly çykmagynda bolsa, ilkinji nobatda, ejem janyň, soňra-da aşyk ýigidiň keşbini janlandyran ýaş artist, ýagny Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynyň artisti Ahmet Amandurdyýewiň uly goşandynyň bolandygyny buýsanç bilen aýdyp bilerin. Ejem janyň asylly terbiýesi, Ahmediň, şol sanda filme gatnaşan halypa artistler Söhbet Täçmämmedowyň, Şyhmämmet Mollaýewiň, Baýramtäç Mollaýewanyň, Göwher Muhammetgulyýewanyň gymmatly maslahatlary bilen maňa bu üstünligi gazanmak başartdy.

    — Altyn, siz aýdym aýtmaga-da ökde bolmaly...

    — Paýtagtymyzdaky 19-njy orta mekdepde okaýan wagtym 2-nji çagalar sungat mekdebine gatnap, fleýta saz guralynda saz çalmagy-da, aýdym aýtmagy-da öwrendim. Ýöne aýdymlarymyň şowly çykmagy ugrunda mamam yhlas baryny etdi. Ol ýerine ýetirýän aýdymlarymyň sözlerini ýazyp bererdi. Ýanynda oturdyp, gaýtalap-gaýtalap aýtdyrardy. Aýdym aýtmagyň, goşgy okamagyň, sahnada özüňi alyp barmagyň inçe tärlerini öwrederdi. «Iň eýjejik gyzjagaz» bäsleşigine dört ýyl gatnaşdym we dört gezek hem ýeňiji boldum. «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşigine gatnaşyp, döwlet tapgyrynda birinji orna, Gulbaba adyndaky çagalar baýragyna mynasyp bolanymda, mamam jan begenjinden ganat baglapdy. 2010-njy ýylda Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda türkmen wekiliýeti Hytaý Halk Respublikasynda geçirilen Bütindünýä sergisine gatnaşdy. Şonda maňa-da sergä gatnaşanlaryň öňünde rus dilinde goşgy okamak miýesser edipdi.

    — Altyn, bu başarnyklaryň haýsy birini siz özüňize has ýakyn duýýarsyňyz?

    — Olaryň ählisi-de maňa ýakyn. Orta mekdebi tamamlap, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara žurnalistikasy fakultetine okuwa girenimde, žurnalistiň hemmetaraplaýyn bolmalydygyna göz ýetirdim. Çünki žurnalist dürli kärdäki, dürli ýaşdaky adamlaryň arasynda bolup, olaryň iş we durmuş tejribesini öwrenmeli, okyja ýetirmeli. Talyp wagtym arhiw materiallaryndan Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti Seýitguly Geldiýewiň ýokary okuw mekdebinden soň zähmet ýoluna başlan ilkinji ýyllarynda ýazan «Žurnalist kärini üýtgedýär» atly makalasyny okadym. Şonda žurnalist bir aýlap önümçilik kärhanasynda zähmet çekmek bilen, ol ýerde işleriň guralyşyny, işçiler üçin döredilýän şertleri birkemsiz öwrenýär. Edil önümçilik kärhanasynda bolmasam-da, «Ýaşlyk» teleýaýlymynda çagalar üçin taýýarlanylýan gepleşikleri alyp bardym, aýdymlarym bilen çykyş etdim.

    Latest News

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik surady

    05/06/2025

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik
    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI surady

    05/06/2025

    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI
    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ  СЛОВО surady

    05/06/2025

    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ СЛОВО
    Useful Links
    Other
    Contact

    744000, Turkmenistan Ashgabat, Street:Galkhynysh, Building 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 All rights are reserved: TDIMHGI