49
EKOLOGIÝA – DURNUKLY ÖSÜŞ ÜÇIN MÖHÜM MESELE
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda amala aşyrylýan ägirt uly durmuş-ykdysady özgertmelerde daşky gurşawa aýawly çemeleşmek syýasaty ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Tebigaty goramak boýunça milli strategiýany durmuşa geçirmek bilen, ýurdumyz bu ugurda iri halkara guramalar, ilkinji nobatda bolsa, Birleşen Milletler Guramasy bilen işjeň hyzmatdaşlygy alyp barýar.
Biziň ýurdumyz ekologiýanyň goralmagyna, tebigy serişdeleriň rejeli peýdalanylmagyna, daşky gurşawy goramagyň halkara gurallarynyň kemala getirilmegine gönükdirilen başlangyçlary Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde yzygiderli öňe sürýär. Bitarap Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji ýubileý sessiýasynda hem parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmak ugrunda halkara tagallalaryň möhüm tapgyry hökmünde ekologiýa, howa we suw serişdeleri babatda birnäçe teklipleri bilen çykyş etdi. Hut bu ulgamda Türkmenistan Merkezi Aziýada çölleşmä garşy göreşmek boýunça sebitleýin merkezi döretmek başlangyjy bilen çykyş etdi. Hormatly Prezidentimiz şol ýerdäki öz çykyşynda: “Şeýle merkeziň döredilmegi sebit mümkinçiliklerini birleşdirmäge, daşky gurşawy goramak ulgamynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ýardam berer, Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmaga, hususan-da, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek, gury ýeriň ekoulgamlaryny gorap saklamak işine saldamly goşant goşar diýip hasaplaýarys” diýip aýtdy. Şeýle-de 2026-njy ýylda ýurdumyzda Hazar ekologiýa forumyny geçirmegi teklip etmegi ekologiýa meselesi ýaly örän möhüm ugurlarda halkara dialoga işjeň gatnaşyjy hökmünde Türkmenistanyň bu ulgamda BMG-niň çäklerindäki oňyn hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak hem-de giňeltmek, beýleki iri guramalar we düzümler bilen netijeli özara gatnaşyklary ösdürmek, tutuş adamzadyň geljegi bilen bagly meseleleri çözmek işini işjeňlişdirmäge öňdebaryjy döwletdigini dünýä ýüzüne ýene-de bir gezek äşgär etdi.
Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzda durmuşa geçirilýän ekologiýa taýdan ähmiýetli, täzeçil tehnologiýalar esasynda daşky gurşawy goramaga, tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmaga gönükdirilen toplumlaýyn işler dünýä nusgalykdyr. Şol sanda ekologik terbiýe, ekologik düşünje halkymyzyň iň ileri tutan taglymatlarynyň biridir. Bu babatda bilim-terbiýeçilik edaralarynda ýaş nesle ýörite tassyklanan okuw maksatnamalary esasynda ekologik düşünje berilýär. Şonuň üçin bilim ojagymyzda hem ýaşlaryň arasynda ähli bilimler bilen bir hatarda ekologik bilimi, ekologik sowatlylygy artdyrmaga uly üns berilýär. Şu nukdaýnazardan, bu ugur bilen bagly “ECOCLUB” atly gurnak hereket edýär, Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary bilen bagly ýöriteleşen okuwlar, ylmy-amaly maslahatlar, dürli görnüşli ähmiýetli çäreler geçirilýär.
Kaýum ZAHYROW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň I ýyl talyby.
Latest News
25/10/2025
TARYH BEÝIK IŞLER BILEN ÝAZYLÝAR