19/08/2023
1708
«Gyzyl alma» filminde baş gahrymanyň keşbini janlandyran Altyn Berdiýewa bilen söhbetdeşlik
Ol kino aktýory ýa sahna artisti däl. Ýöne oňa bu ugurdan ylahy zehin berlipdir. Çünki asly käri žurnalist gyzyň gözüni açyp göreni sungat. Altyn çeper okaýyş bilen halkyň öňüne çykanda, ýaňy üç ýaşyny doldurypdy. Dört ýaşynda bolsa şirin aýdymlary bilen «Iň eýjejik gyzjagaz» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy. Soňra uly sahnalarda, döwlet derejesinde geçirilen çärelerde edilen çykyşlar onuň zehinini has-da açdy. Halkymyz ýaş gyzy hem alypbaryjy, hem aýdymçy, hem kino artisti hökmünde tanap başlady. Ynha, bu gün bolsa ýaş zehin Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi tarapyndan surata düşürilen «Gyzyl alma» atly täze filmde baş gahrymanyň keşbini ussatlyk bilen janlandyryp, tomaşaçylaryň gyzgyn söýgüsini gazanmagy başardy. Oba durmuşyndan alnyp, ýaşlaryň söýgüsine bagyşlanan bu film Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda kino muşdaklaryna ajaýyp sowgat boldy.
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň halkara hyzmatdaşlygy bölüminiň esasy hünärmeni Altyn Berdiýewa bilen söhbetdeşligimiz, elbetde, gutlag sözlerinden başlandy.
— Altyn, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ilkinji üstünligiňiz bilen tüýs ýürekden gutlaýarys. Bu ýyl, nesip bolsa, türkmen ýaşlaryndan ähli babatda täze üstünliklere, beýik ýeňişlere garaşylýar. Alma gyzyň keşbini ussatlyk bilen janlandyrmaga ruhlandyran güýç nämede?
— Ynam. Her bir işde adamyň öz-özüne ynamy bolmaly. Filmiň edebi esasyny okap, Almada sadaja oba gyzynyň keşbini gördüm. Ol keşp maňa ýakyn. Çünki şäherde doglup, önüp-ösenem bolsam, meniň çagalygym obada geçdi diýen ýaly. Her tomusky dynç alyşda Tagtabazara — mamamlara giderdim. Oba gyzlary bilen oýnap, hezil ederdim. Mamam — Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Gurbangül Babaýewa «Pendi nagmalary» folklor toparyna ýolbaşçylyk etdi. Köp wagtymy mamamyň ýanynda geçirip, toparyň çykyşlaryna tomaşa ederdim. Bile çykyş eden gezeklerim hem az bolmandy. Folklor žanry sungatyň ähli görnüşini özünde jemleýär. Onda sahna eseri-de janlandyrylýar, aýdym aýdylyp, tans hem edilýär. Garaz, oba sahnasy meni kemsiz taplady.
Hekim Alowowyň režissýorlyk etmeginde surata düşürilen «Gyzyl alma» filminiň edebi esasyny Gurbangül Makenowa ýazdy. Bu filmde Bakjaly obasynda ýaşaýan Medet aganyň ogly Mergen Almaly obasynda ýaşaýan Nazar bagbanyň gyzy Alma aşyk bolýar. Özem olaryň söýgüsine çeşme suwy bilen akyp barýan alma sebäp bolýar. Film Ahal welaýatynyň Gökdepe, Daşoguz welaýatynyň Akdepe etraplarynyň çäklerinde surata düşürildi. Filmiň şowly çykmagynda oba adamlarynyň arasynda bolup, olaryň durmuşy bilen ýakyndan tanyşlygymyzyň hem täsiri uly bolandyr.
— Elbetde, bu siziň ilkinji ýerine ýetiren keşbiňiz däldir?
— Baş keşbi göz öňünde tutýan bolsaňyz-a, ilkinji diýseňem boljak. Ýöne öň kän filmlerde surata düşdüm. Birinji gezek 9-njy synpda okaýan wagtym «Täze ýyl sowgady» atly filmde Hurmanyň keşbini janlandyrdym. Soňra «Çapar» filminde keniziň, «Toýa çagyrýas» filminde Gülleriň keşbini ynandylar. «Bakylyk mukamy» filminde bolsa birbada iki keşbi janlandyrmak meniň paýyma düşdi. Bir-ä irki döwürde ilkinji halyny dokan Aýçeçegiň, beýlekisem häzirki döwrüň halyçy gyzy Aýgülüň keşpleri. Öňki ýerine ýetiren keşplerim «Gyzyl almada» baş keşbiň ynanylmagyna täsir edendir diýsem ýalňyşmaryn. Onuň şowly çykmagynda bolsa, ilkinji nobatda, ejem janyň, soňra-da aşyk ýigidiň keşbini janlandyran ýaş artist, ýagny Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynyň artisti Ahmet Amandurdyýewiň uly goşandynyň bolandygyny buýsanç bilen aýdyp bilerin. Ejem janyň asylly terbiýesi, Ahmediň, şol sanda filme gatnaşan halypa artistler Söhbet Täçmämmedowyň, Şyhmämmet Mollaýewiň, Baýramtäç Mollaýewanyň, Göwher Muhammetgulyýewanyň gymmatly maslahatlary bilen maňa bu üstünligi gazanmak başartdy.
— Altyn, siz aýdym aýtmaga-da ökde bolmaly...
— Paýtagtymyzdaky 19-njy orta mekdepde okaýan wagtym 2-nji çagalar sungat mekdebine gatnap, fleýta saz guralynda saz çalmagy-da, aýdym aýtmagy-da öwrendim. Ýöne aýdymlarymyň şowly çykmagy ugrunda mamam yhlas baryny etdi. Ol ýerine ýetirýän aýdymlarymyň sözlerini ýazyp bererdi. Ýanynda oturdyp, gaýtalap-gaýtalap aýtdyrardy. Aýdym aýtmagyň, goşgy okamagyň, sahnada özüňi alyp barmagyň inçe tärlerini öwrederdi. «Iň eýjejik gyzjagaz» bäsleşigine dört ýyl gatnaşdym we dört gezek hem ýeňiji boldum. «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşigine gatnaşyp, döwlet tapgyrynda birinji orna, Gulbaba adyndaky çagalar baýragyna mynasyp bolanymda, mamam jan begenjinden ganat baglapdy. 2010-njy ýylda Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda türkmen wekiliýeti Hytaý Halk Respublikasynda geçirilen Bütindünýä sergisine gatnaşdy. Şonda maňa-da sergä gatnaşanlaryň öňünde rus dilinde goşgy okamak miýesser edipdi.
— Altyn, bu başarnyklaryň haýsy birini siz özüňize has ýakyn duýýarsyňyz?
— Olaryň ählisi-de maňa ýakyn. Orta mekdebi tamamlap, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara žurnalistikasy fakultetine okuwa girenimde, žurnalistiň hemmetaraplaýyn bolmalydygyna göz ýetirdim. Çünki žurnalist dürli kärdäki, dürli ýaşdaky adamlaryň arasynda bolup, olaryň iş we durmuş tejribesini öwrenmeli, okyja ýetirmeli. Talyp wagtym arhiw materiallaryndan Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti Seýitguly Geldiýewiň ýokary okuw mekdebinden soň zähmet ýoluna başlan ilkinji ýyllarynda ýazan «Žurnalist kärini üýtgedýär» atly makalasyny okadym. Şonda žurnalist bir aýlap önümçilik kärhanasynda zähmet çekmek bilen, ol ýerde işleriň guralyşyny, işçiler üçin döredilýän şertleri birkemsiz öwrenýär. Edil önümçilik kärhanasynda bolmasam-da, «Ýaşlyk» teleýaýlymynda çagalar üçin taýýarlanylýan gepleşikleri alyp bardym, aýdymlarym bilen çykyş etdim.
Talyp ýyllarym okuwymyň daşyndan «Türkmen owazy» teleýaýlymynda alypbaryjy bolup işledim. Ildeşlerimiz üçin taýýarlanylýan birnäçe gepleşikleri, şol sanda aýdymçy ýaşlaryň arasynda geçirilýän bäsleşikleri alyp bardym. Ýokary okuw mekdebimizde hereket edýän aýdym-saz toparymyz bilen institutymyzda geçirilýän dabaralarda hem täze aýdymlarym bilen çykyş etdim. Şu ýerde «Gyzyl alma» filminde Almanyň aýdýan aýdymlaryny hem özümiň ýerine ýetirendigimi aýdasym gelýär.
— Tüweleme, bu başarnyklaryňyz sizi döwlet sylaglaryna ýetiren bolmaly!
— Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi bolmak bagty miýesser etdi. Munuň özi meni öňküden-de döredijilikli zähmete ruhlandyrdy. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň halkara hyzmatdaşlygy bölüminiň esasy hünärmeni hökmünde öz işimi ýaşlaryň durmuşy bilen baglylykda alyp barýaryn. 2023-nji ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyrylmagy bize bildirilen uly ynamdan nyşan. Diýmek, biz öz işimize bolan jogapkärçilgimizi öňküden-de artdyryp, ýaşlaryň arasynda alnyp barylýan terbiýeçilik çäreleriniň, wagyz-nesihat işleriniň many-mazmunyny has-da baýlaşdyrmaly. Bu babatdan ene-mamalarymyzyň asylly ýörelgeleriniň, milli däp-dessurlarymyzyň nusgalykdygy begendirýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň, peder ýoluny üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda biz ýaşlar bagtyýar durmuşyň eşretli günlerine buýsanyp ýaşaýarys. Geljekde hem ýurdumyzyň ösüş-özgerişlerine öz mynasyp goşandymyzy goşmak ugrunda yhlasymyzy, zehin-başarnygymyzy gaýgyrmarys. Bize berkarar döwleti, arzuwlaryň hasyl bolýan mekanyny peşgeş beren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun! Eziz Watanymyzy gülletmek ugrunda alyp barýan işleri rowaçlyklara beslensin!
— Altyn, beren gyzykly gürrüňleriňiz üçin köp sag boluň! Biz hem size zähmet ýoluňyzda uly üstünlikleriň ýaran bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris!
Söhbetdeş bolan Şamyrat MUHAMMETGURBANOW, žurnalist.
Çeşme:
“Zenan kalby” žurnaly 02-2023