Logo
  • Logo
    • Science
      • Research activities
      • Postgraduate study
      • Scientific and practical conferences
      • 300th anniversary of Magtymguly Fragi
        • « Magtymguly, my word is short, has much meaning... » (Magtymguly Fragi)
        • «Magtymguly, tongue will speak of the destan... » (information about Magtymguly collected from websites)
        • Video recording of Magtymguly Fragi's poems
        • Collection of audio recordings of Magtymguly Fragi's poems
        • Magtymguly Fragi in the world press
        • Publications of Magtymguly Fragi's poems in foreign languages
        • Explanatory Dictionary of Magtymguly
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Scientific articles, abstracts and collections
      • Council of Young Scientists
    • International cooperation
      • Meetings
        • BOOK AWARD CEREMONY BY THE NIPPON FOUNDATION
      • Visits
      • Ambassadors' lectures
      • International days
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • UNESCO Club "Culture of Peace"
    • Faculties
      • FACULTY OF INTERNATIONAL RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL LAW
      • FACULTY OF INTERNATIONAL ECONOMIC RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL JOURNALISM
    • About us
      • Administration
      • Departments
        • Department of International Relations and Diplomacy
        • Department of International Law and Comparative Law Studies
        • Department of International Economic Relations
        • Department of Theory and Practice of Journalism
        • Department of Social Sciences
        • Department of World Languages
      • Indicators
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • About us
    • Education
      • Specialties
      • Applicants
    • Centers
      • Scientific Center for Strategic Studies
      • School of Young Diplomats
      • Department of Digital Systems and Communications
      • Scientific and Methodological Center for the Sustainable Development Goals
        • A training session on the Sustainable Development Goals was held
      • Young Messengers of Peace
      • Training Center for Priority Areas of Diplomacy of Turkmenistan
        • Transport diplomacy
        • Energy Diplomacy
        • Water diplomacy
        • Preventive diplomacy
        • Economic diplomacy
      • Diplomatic Protocol Training Center
    • Ambassadors
    • Media
    Main / Articles / «Global Gateway»: Dünýäni durnukly özgertmekde Ýewropa Bileleşiginiň başlangyjy giň gerime eýe bolýar
    «Global Gateway»: Dünýäni durnukly özgertmekde Ýewropa Bileleşiginiň başlangyjy giň gerime eýe bolýar surady
    30/01/2024

    1388

    «Global Gateway»: Dünýäni durnukly özgertmekde Ýewropa Bileleşiginiň başlangyjy giň gerime eýe bolýar

    Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda maýa goýum syýasatynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi, döwrebaplaşdyrylmagy bilen milli ykdysadyýetiň, şeýle-de sebitiň we dünýäniň döwletleriniň arasyndaky maliýe-ykdysady, söwda- senagat, ulag-üstaşyr hem-de beýleki ugurlar boýunça gatnaşyklaryň durnukly, sazlaşykly, kadaly ösüşi üpjün edilýär. Her ýyl üçin maýa goýum Maksatnamasy, galyberse-de ulag ulgamyndaky düýpli özgertmeler işlenip düzülende, onuň anyk wezipeleri kesgitlenýär, önümçilikde we durmuş ulgamynda meýilleşdirilýän sepgitler anyklanýar. Munuň özi ýurduň makroykdysady görkezijilerini ösdürmäge, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga ýardam berýär. Maýa goýum işinde bolşy ýaly, hem ulag ulgamynyň üstünliklerini daşary ýurtly iri işewür düzümler we abraýly halkara maliýe guramalary, ulag logistika babatynda işleýän guramalar bilen gatnaşyklary ýola goýmak möhüm ähmiýetli çäre hasaplanýar. Bu meseläniň üstünlikli çözülmegi diňe bir maýa goýum taslamalarynyň maliýe mümkinçiligini ýokarlandyrman, eýsem, dünýäniň ösen döwletleriniň baý tejribesini öwrenmäge, hünärmenleriň hünär derejesini ýokarlandyrmaga-da zerur şertleri döredýär. Şu maksat bilen biziň Watanymyz dünýä döwletleridir, guramalary bilen maýa goýum, ulag-üstaşyr hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmegi göz öňüne tutýar.
    Kuwwatly döwletler we halkara bileleşikleri dünýäni durnukly ösdürmek babatda ählumumy başlangyçlary öňe sürýärler hem-de kesgitlenen ugurlarda anyk wezipeleri durmuşa geçirmek üçin maýa serişdelerini gönükdirip, ýakyndan ýardam edýärler. Hytaýyň «Bir guşak, bir ýol» başlangyjy ýaly, Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) «Global Gateway» strategiýasy hem Bileleşigiň hyzmatdaş ýurtlarynyň infrastrukturalaryny özara baglanyşdyrmak, «ýaşyl» ösüşe we sanly ulgama geçişi çaltlandyrmak, ilatyň saglygyny we bilim derejesini ýokarlandyrmak üçin hereketlendiriji gurallary goldamak, olara maýa goýumlary gönükdirmek arkaly ykdysady hem-de durmuş ösüşini gazanmagy maksat edinýär.
    «Global Gateway» başlangyjy 2021-nji ýylyň 1-nji dekabrynda sanlylaşdyrma, energetika, ulag, saglygy goraýyş, bilim we ylmy agtaryşlar ýaly ugurlarda ýokary tehnologiýaly, ekologiýa taýdan arassa, howpsuz we ygtybarly global arabaglanyşyklary ösdürmek üçin Ýewropanyň Komissiýasynyň täze strategiýasy hökmünde işe girizildi. Bu strategiýada ÝB-niň ileri tutýan garaýyşlaryna we gymmatlyklaryna laýyk gelýän durmuş we daşky gurşaw ölçeglerine hormat goýmak, kanunyň hökmürowanlygy, adam hukuklarynyň üpjün edilmegi, halkara borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegi ýaly ugurlar hem goldanylýar. Has dogrusy, bu ählumumy strategiýada şu 6 ýörelgeden ugur alynýar: demokratik gymmatlyklar we ýokary ölçegler; netijeli dolandyryş we açyklyk; deň hukukly hyzmatdaşlyk; «ýaşyl» we arassa ösüş; howpsuzlygy ugur edinmeklik; hususy düzümi goldamak. «Global Gateway» strategiýasy sanlylaşdyrmak (açyk we howpsuz internet), howa we energetika (arassa energetika geçişi maýa goýumlar arkaly goldamak), ulag («ýaşyl», döwrebap we howpsuz ulag ulgamyny goldamak), saglyk (üpjünçilik zynjyrlarynyň we ýerli sanjym öndürijileriň işini pugtalandyrmak), bilim we ylmy barlaglar (ýokary hilli bilim almakda, esasan-da, zenanlary goldamak) ulgamlarynda hyzmatdaş ýurtlaryň öňegidişlikleri gazanmaklaryny goldaýar we maýa serişdelerini gönükdirýär. Ählumumy başlangyjy durmuşa geçirmegiň çäklerinde Ýewropa Topary degişli ugurlara 2021 – 2027-nji ýyllarda maliýe serişdesini gönükdirer. Bu Toparyň düzümine Ýewropa Bileleşigi, oňa agza döwletler, şol sanda Ýewropa Maýa goýum banky (EIB), Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş banky (EBRD) ýaly ýerine ýetiriji agentlikler we ösüş banklary girýär.
    2023-nji ýylyň 25-26-njy oktýabrynda Belgiýa Patyşalygynyň Brýussel şäherinde Birinji «Global Gateway» forumy geçirildi. Oňa 40-dan gowrak ýokary derejeli Hökümet wekilleri, maliýe düzümleri we işewürleri gatnaşdylar. Olar dünýäniň maýa goýum zerurlyklaryny ara alyp maslahatlaşyp, täze başlangyçlary işe girizdiler we uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy pugtalandyrdylar. Onuň işine maliýe we ykdysadyýet ministri Serdar Joraýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti hem gatnaşdy. Forumda eden çykyşynda ol Türkmenistanyň infrastrukturasynyň häzirki ýagdaýy we geljekdäki ösüşi barada gürrüň bermek bilen, sebitara baglanyşygy, energiýa howpsuzlygyny berkitmek üçin ýurduň ulag we energetika ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak babatda halkara taslamalaryň ähmiýetine ünsi çekdi.
    Häzirki wagtda dünýä döwletleriniň Merkezi Aziýa ýurtlaryna gyzyklanmalary barha artýar. Şunda sebit ýurtlarynyň, hususan-da, ulag we energetika babatda bar bolan ägirt uly mümkinçilikleri hyzmatdaşlyk üçin giň mümkinçilikleri açýar. Ýakynda, ýagny 29-30-njy ýanwarda Brýussel şäherinde «Global Gateway» başlangyjynyň çäklerinde Ýewropa bilen Merkezi Aziýanyň arasynda durnukly ulag arabaglanyşygy boýunça maýa goýum forumy geçirildi. Çäräniň çäklerinde Ýewropanyň birnäçe kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga we ulag ulgamynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge gönükdirilen gepleşikler, işewürlik duşuşyklary geçirildi.

    Sülgün NEPESOWA,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň mugallymy

    Latest News

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik surady

    05/06/2025

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik
    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI surady

    05/06/2025

    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI
    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ  СЛОВО surady

    05/06/2025

    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ СЛОВО
    Useful Links
    Other
    Contact

    744000, Turkmenistan Ashgabat, Street:Galkhynysh, Building 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 All rights are reserved: TDIMHGI