30/01/2024
1015
«Global Gateway»: Dünýäni durnukly özgertmekde Ýewropa Bileleşiginiň başlangyjy giň gerime eýe bolýar
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda maýa goýum syýasatynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi, döwrebaplaşdyrylmagy bilen milli ykdysadyýetiň, şeýle-de sebitiň we dünýäniň döwletleriniň arasyndaky maliýe-ykdysady, söwda- senagat, ulag-üstaşyr hem-de beýleki ugurlar boýunça gatnaşyklaryň durnukly, sazlaşykly, kadaly ösüşi üpjün edilýär. Her ýyl üçin maýa goýum Maksatnamasy, galyberse-de ulag ulgamyndaky düýpli özgertmeler işlenip düzülende, onuň anyk wezipeleri kesgitlenýär, önümçilikde we durmuş ulgamynda meýilleşdirilýän sepgitler anyklanýar. Munuň özi ýurduň makroykdysady görkezijilerini ösdürmäge, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga ýardam berýär. Maýa goýum işinde bolşy ýaly, hem ulag ulgamynyň üstünliklerini daşary ýurtly iri işewür düzümler we abraýly halkara maliýe guramalary, ulag logistika babatynda işleýän guramalar bilen gatnaşyklary ýola goýmak möhüm ähmiýetli çäre hasaplanýar. Bu meseläniň üstünlikli çözülmegi diňe bir maýa goýum taslamalarynyň maliýe mümkinçiligini ýokarlandyrman, eýsem, dünýäniň ösen döwletleriniň baý tejribesini öwrenmäge, hünärmenleriň hünär derejesini ýokarlandyrmaga-da zerur şertleri döredýär. Şu maksat bilen biziň Watanymyz dünýä döwletleridir, guramalary bilen maýa goýum, ulag-üstaşyr hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmegi göz öňüne tutýar.
Kuwwatly döwletler we halkara bileleşikleri dünýäni durnukly ösdürmek babatda ählumumy başlangyçlary öňe sürýärler hem-de kesgitlenen ugurlarda anyk wezipeleri durmuşa geçirmek üçin maýa serişdelerini gönükdirip, ýakyndan ýardam edýärler. Hytaýyň «Bir guşak, bir ýol» başlangyjy ýaly, Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) «Global Gateway» strategiýasy hem Bileleşigiň hyzmatdaş ýurtlarynyň infrastrukturalaryny özara baglanyşdyrmak, «ýaşyl» ösüşe we sanly ulgama geçişi çaltlandyrmak, ilatyň saglygyny we bilim derejesini ýokarlandyrmak üçin hereketlendiriji gurallary goldamak, olara maýa goýumlary gönükdirmek arkaly ykdysady hem-de durmuş ösüşini gazanmagy maksat edinýär.
«Global Gateway» başlangyjy 2021-nji ýylyň 1-nji dekabrynda sanlylaşdyrma, energetika, ulag, saglygy goraýyş, bilim we ylmy agtaryşlar ýaly ugurlarda ýokary tehnologiýaly, ekologiýa taýdan arassa, howpsuz we ygtybarly global arabaglanyşyklary ösdürmek üçin Ýewropanyň Komissiýasynyň täze strategiýasy hökmünde işe girizildi. Bu strategiýada ÝB-niň ileri tutýan garaýyşlaryna we gymmatlyklaryna laýyk gelýän durmuş we daşky gurşaw ölçeglerine hormat goýmak, kanunyň hökmürowanlygy, adam hukuklarynyň üpjün edilmegi, halkara borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegi ýaly ugurlar hem goldanylýar. Has dogrusy, bu ählumumy strategiýada şu 6 ýörelgeden ugur alynýar: demokratik gymmatlyklar we ýokary ölçegler; netijeli dolandyryş we açyklyk; deň hukukly hyzmatdaşlyk; «ýaşyl» we arassa ösüş; howpsuzlygy ugur edinmeklik; hususy düzümi goldamak. «Global Gateway» strategiýasy sanlylaşdyrmak (açyk we howpsuz internet), howa we energetika (arassa energetika geçişi maýa goýumlar arkaly goldamak), ulag («ýaşyl», döwrebap we howpsuz ulag ulgamyny goldamak), saglyk (üpjünçilik zynjyrlarynyň we ýerli sanjym öndürijileriň işini pugtalandyrmak), bilim we ylmy barlaglar (ýokary hilli bilim almakda, esasan-da, zenanlary goldamak) ulgamlarynda hyzmatdaş ýurtlaryň öňegidişlikleri gazanmaklaryny goldaýar we maýa serişdelerini gönükdirýär. Ählumumy başlangyjy durmuşa geçirmegiň çäklerinde Ýewropa Topary degişli ugurlara 2021 – 2027-nji ýyllarda maliýe serişdesini gönükdirer. Bu Toparyň düzümine Ýewropa Bileleşigi, oňa agza döwletler, şol sanda Ýewropa Maýa goýum banky (EIB), Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş banky (EBRD) ýaly ýerine ýetiriji agentlikler we ösüş banklary girýär.
2023-nji ýylyň 25-26-njy oktýabrynda Belgiýa Patyşalygynyň Brýussel şäherinde Birinji «Global Gateway» forumy geçirildi. Oňa 40-dan gowrak ýokary derejeli Hökümet wekilleri, maliýe düzümleri we işewürleri gatnaşdylar. Olar dünýäniň maýa goýum zerurlyklaryny ara alyp maslahatlaşyp, täze başlangyçlary işe girizdiler we uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy pugtalandyrdylar. Onuň işine maliýe we ykdysadyýet ministri Serdar Joraýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti hem gatnaşdy. Forumda eden çykyşynda ol Türkmenistanyň infrastrukturasynyň häzirki ýagdaýy we geljekdäki ösüşi barada gürrüň bermek bilen, sebitara baglanyşygy, energiýa howpsuzlygyny berkitmek üçin ýurduň ulag we energetika ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak babatda halkara taslamalaryň ähmiýetine ünsi çekdi.
Häzirki wagtda dünýä döwletleriniň Merkezi Aziýa ýurtlaryna gyzyklanmalary barha artýar. Şunda sebit ýurtlarynyň, hususan-da, ulag we energetika babatda bar bolan ägirt uly mümkinçilikleri hyzmatdaşlyk üçin giň mümkinçilikleri açýar. Ýakynda, ýagny 29-30-njy ýanwarda Brýussel şäherinde «Global Gateway» başlangyjynyň çäklerinde Ýewropa bilen Merkezi Aziýanyň arasynda durnukly ulag arabaglanyşygy boýunça maýa goýum forumy geçirildi. Çäräniň çäklerinde Ýewropanyň birnäçe kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga we ulag ulgamynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge gönükdirilen gepleşikler, işewürlik duşuşyklary geçirildi.
Sülgün NEPESOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň mugallymy
Последние новости
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI