11/02/2025
559
«Zenanlaryň ylymdaky orny» atly maslahat geçirildi
2025-nji ýylyň 11-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Parahatçylyk medeniýeti» atly ÝUNESKO klubunyň guramagynda Ylymda zenanlaryň halkara güni mynasybetli «Zenanlaryň ylymdaky orny» atly maslahat geçirildi. Oňa ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde hereket edýän ÝUNESKO klublarynyň we kafedralarynyň wekilleri, şeýle-de Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar.
Maslahata gatnaşyjylar, ilki bilen, dürli döwletleriň medeniýetlerini şöhlelendirýän sergä aýlanyp gördüler. Maslahatyň başynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Dünýä dilleri kafedrasynyň uly mugallymy Aýgözel Öwezowa Türkmenistanyň ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlykda durmuşa geçirýän döwlet, sebit ähmiýetli işleri dogrusynda gürrüň berdi. Soňra maslahat ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň jogapkär sekretary, filosofiýa ylymlarynyň kandidaty, Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçi, Türkmenistanyň Gahrymany Çynar Rustemowanyň çykyşy bilen dowam etdi. Halypa diplomat ýurdumyzyň ÝUNESKO-nyň maksatnamalaryna we taslamalaryna gatnaşygy, guramanyň iri düzümlerindäki orny, sanly taslamalarda we maglumat alyşmakda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri dogrusynda giňişleýin gürrüň berdi. Şeýle-de maslahatyň dowamynda Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory Gülşat Ýusupowa, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Aspirantura bölüminiň başlygy, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Gülälek Annanepesowa, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy, taryh ylymlarynyň kandidaty, «Medeni miras ― geçmişden geljege» atly ÝUNESKO kafedrasynyň agzasy Mähri Perdeliýewa, Türkmenistanyň «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzasy Lilianna Annaýewa çykyş etdiler. Çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň çuňňur oýlanyşykly syýasatynyň netijesinde Türkmenistanyň halkara gatnaşyklary ulgamynda işjeňliginiň yzygiderli artýandygy, şeýle-de Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň mundan beýläk-de netijeli hyzmatdaşlyk etmegi we onuň geriminiň giňeldilmegi üçin uly geljegiň bardygy dogrusynda nygtadylar. Hakykatdan-da, ÝUNESKO bilen netijeli gatnaşyklary berkitmek boýunça Türkmenistanyň öňe sürýän oňyn başlangyçlary, durmuşa geçirýän anyk işleri umumadamzat medeni mirasyny gorap saklamaga ýardam etmäge, ählumumy parahatçylygyň, abadançylygyň möhüm şerti hökmünde halkara ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmäge, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge gönükdirilendir.
Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ata Watanymyz Türkmenistanyň halkara giňişligindäki abraý-mertebesini has-da belende galdyrmak, Diýarymyzy ösüşlerden-ösüşlere sary öňe ilerletmek ugrunda uly tagallalar edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyklaryny beýan etdiler.
Jahantäç ÖWEZOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň III ýyl talyby.