03/07/2024
575
Ýunus Emre
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda eziz Diýarymyzda türkmen halkynyň her bir güni toýdur-baýramlara beslenýän günlerinde Köpetdagyň eteginde ajaýyp künjek peýda boldy. Dag eteginde ýerleşýän «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumy türkmeniň beýik ogly Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna mynasyp sowgat boldy. Dürli ýurtlara we yklymlara wekilçilik edýän meşhur nusgawy şahyrlaryň, dünýä belli akyldarlaryň heýkellerini bir ýere jemleýän seýilgäh toplumy binagärliginiň aýratyn täsin bölegini emele getirýär. Dostluk-doganlyk, hoşniýetlilik ýaly ýörelgeleri Magtymguly Pyragy özüniň dürdäne setirlerinde ündäpdir.
Bu täsin bölekde daşary ýurt edebiýatynyň meşhur ýazyjy-şahyrlarynyň 24-siniň heýkelleri ýerleşdirilen. Olaryň biri hem diwanlaryň ulusyny ýazan, älemleriň syryny açmaga çalyşan, edebiýatyň kämil şahsyýetleriniň biri-de 1241-1321-nji ýyllar aralygynda ýaşap geçen beýik filosof Ýunus Emredir. Onuň eserleri türkmen halkynyň ruhy we medeni mirasynyň möhüm bölegidir.
Ýunus Emräniň döredijiligi türkmen edebiýatynda ýönekeý we düşnükli dili bilen tapawutlanýar. Onuň goşgularynyň dili sada bolup, ynsan kalbynyň çuňlugyna aralaşyp gidýär. Ol sözüň güýji bilen adam ruhunyň düýp manysyna ýetmäge çalyşýar. Ýunus Emräniň döredijiligi barada aýdylanda, Möwlana Jelaleddin Rumynyň oňa beren bahasy, ilkinji nobatda, göz öňüňde janlanýar. «Men haýsy mertebä aýak bassam, hemişe öňümde bu türkmen gojasynyň yzlaryny görýärin».
Ýunus Emräniň eserleri ilkinji gezek 1991-nji ýylda «Güldesse» ady bilen, 2004-nji ýylda «Diwan» ady bilen neşir edilip, okyjylara ýetirildi. Ony professor Kakajan Ataýew çapa taýýarlapdyr. Bu neşir türkmen okyjysyna Ýunus Emräniň döredijiligi bilen doly tanyşmaga mümkinçilik berdi. Türkiýede şahyryň eserleri birnäçe gezek çap edildi. Ýunus Emre öz eselerinde ylym-bilim almagyň ähmiýetine ýokary baha berýär.
Ylym ylmy bilmekdir,
Ylym kendiň (özüňi) bilmekdir.
Sen kendiňi bilmeseň,
Bu niçik okamakdyr.
Ýunus Emräniň ylmyň öwüt-ündewlerini ýaýradyjy şahyr bolandygyna garamazdan, onuň durmuş meselelerine, ynsan gatnaşyklaryna bagyşlap döreden şygyrlary hem bar. Olardan «Köňül zyýaraty» atly şygryndaky:
Ýüz Käbeden ýegdir ol,
Bir köňül zyýaraty
– diýen setirlerinde batyrgaýlyk hem sowatlylyk duýulýar.
Onuň uly göwrümli «Nusgalaryň beýany» atly eseri – ylmy häsiýetli eseri-de bar. Bu eser on üç bent goşgudan durýan «Giriş» bilen başlanýar. Eseriň kyssa bölüminde akyl we akyllylyk hakda gürrüň berilýär. Akylyň mertebesi taryp edilýär.
Ýunus Emre öz ýaşan zamanasynda türki kowumlaryň arasynda uly şöhrata eýe bolupdyr. Söz ussatlarynyň birnäçesi onuň edebi döredijiliginden täsirlenipdirler. Gündogar edebiýatynda öçmejek yz goýan ägirtler Alyşir Nowaýy, Muhammet Fizuly ýaly şahyrlaryň eserlerini ünsli okap göreniňde, olarda Ýunus Emräniň edebi yzlaryny görmek bolýar.
Dünýä edebiýatynda edebi mirasy bilen yz goýan beýik şahyr Ýunus Emräniň ajaýyp eserleri diňe bir öz döwrüniň däl, eýsem, biziň häzirki günlerimizde hem okyjylar köpçüligi tarapyndan uly gyzyklanma bildirilýär.
Güljemile DÄDEBAÝEWA,
Türkmenistanyň daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň II ýyl talyby.