Logo
  • Logo
    • Science
      • Research activities
      • Postgraduate study
      • Scientific and practical conferences
      • 300th anniversary of Magtymguly Fragi
        • « Magtymguly, my word is short, has much meaning... » (Magtymguly Fragi)
        • «Magtymguly, tongue will speak of the destan... » (information about Magtymguly collected from websites)
        • Video recording of Magtymguly Fragi's poems
        • Collection of audio recordings of Magtymguly Fragi's poems
        • Magtymguly Fragi in the world press
        • Publications of Magtymguly Fragi's poems in foreign languages
        • Explanatory Dictionary of Magtymguly
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Scientific articles, abstracts and collections
      • Council of Young Scientists
    • International cooperation
      • Meetings
        • BOOK AWARD CEREMONY BY THE NIPPON FOUNDATION
      • Visits
      • Ambassadors' lectures
      • International days
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • UNESCO Club "Culture of Peace"
    • Faculties
      • FACULTY OF INTERNATIONAL RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL LAW
      • FACULTY OF INTERNATIONAL ECONOMIC RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL JOURNALISM
    • About us
      • Administration
      • Departments
        • Department of International Relations and Diplomacy
        • Department of International Law and Comparative Law Studies
        • Department of International Economic Relations
        • Department of Theory and Practice of Journalism
        • Department of Social Sciences
        • Department of World Languages
      • Indicators
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • About us
    • Education
      • Specialties
      • Applicants
    • Centers
      • Scientific Center for Strategic Studies
      • School of Young Diplomats
      • Department of Digital Systems and Communications
      • Scientific and Methodological Center for the Sustainable Development Goals
        • A training session on the Sustainable Development Goals was held
      • Young Messengers of Peace
      • Training Center for Priority Areas of Diplomacy of Turkmenistan
        • Transport diplomacy
        • Energy Diplomacy
        • Water diplomacy
        • Preventive diplomacy
        • Economic diplomacy
      • Diplomatic Protocol Training Center
    • Ambassadors
    • Media
    Main / Articles / Ýunus Emre
    Ýunus Emre surady
    03/07/2024

    2639

    Ýunus Emre

    «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda eziz Diýarymyzda türkmen halkynyň her bir güni toýdur-baýramlara beslenýän günlerinde Köpetdagyň eteginde ajaýyp künjek peýda boldy. Dag eteginde ýerleşýän «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumy türkmeniň beýik ogly Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna mynasyp sowgat boldy. Dürli ýurtlara we yklymlara wekilçilik edýän meşhur nusgawy şahyrlaryň, dünýä belli akyldarlaryň heýkellerini bir ýere jemleýän seýilgäh toplumy binagärliginiň aýratyn täsin bölegini emele getirýär. Dostluk-doganlyk, hoşniýetlilik ýaly ýörelgeleri Magtymguly Pyragy özüniň dürdäne setirlerinde ündäpdir. Bu täsin bölekde daşary ýurt edebiýatynyň meşhur ýazyjy-şahyrlarynyň 24-siniň heýkelleri ýerleşdirilen. Olaryň biri hem diwanlaryň ulusyny ýazan, älemleriň syryny açmaga çalyşan, edebiýatyň kämil şahsyýetleriniň biri-de 1241-1321-nji ýyllar aralygynda ýaşap geçen beýik filosof Ýunus Emredir. Onuň eserleri türkmen halkynyň ruhy we medeni mirasynyň möhüm bölegidir. Ýunus Emräniň döredijiligi türkmen edebiýatynda ýönekeý we düşnükli dili bilen tapawutlanýar. Onuň goşgularynyň dili sada bolup, ynsan kalbynyň çuňlugyna aralaşyp gidýär. Ol sözüň güýji bilen adam ruhunyň düýp manysyna ýetmäge çalyşýar. Ýunus Emräniň döredijiligi barada aýdylanda, Möwlana Jelaleddin Rumynyň oňa beren bahasy, ilkinji nobatda, göz öňüňde janlanýar. «Men haýsy mertebä aýak bassam, hemişe öňümde bu türkmen gojasynyň yzlaryny görýärin». Ýunus Emräniň eserleri ilkinji gezek 1991-nji ýylda «Güldesse» ady bilen, 2004-nji ýylda «Diwan» ady bilen neşir edilip, okyjylara ýetirildi. Ony professor Kakajan Ataýew çapa taýýarlapdyr. Bu neşir türkmen okyjysyna Ýunus Emräniň döredijiligi bilen doly tanyşmaga mümkinçilik berdi. Türkiýede şahyryň eserleri birnäçe gezek çap edildi. Ýunus Emre öz eselerinde ylym-bilim almagyň ähmiýetine ýokary baha berýär. Ylym ylmy bilmekdir, Ylym kendiň (özüňi) bilmekdir. Sen kendiňi bilmeseň, Bu niçik okamakdyr. Ýunus Emräniň ylmyň öwüt-ündewlerini ýaýradyjy şahyr bolandygyna garamazdan, onuň durmuş meselelerine, ynsan gatnaşyklaryna bagyşlap döreden şygyrlary hem bar. Olardan «Köňül zyýaraty» atly şygryndaky: Ýüz Käbeden ýegdir ol, Bir köňül zyýaraty – diýen setirlerinde batyrgaýlyk hem sowatlylyk duýulýar. Onuň uly göwrümli «Nusgalaryň beýany» atly eseri – ylmy häsiýetli eseri-de bar. Bu eser on üç bent goşgudan durýan «Giriş» bilen başlanýar. Eseriň kyssa bölüminde akyl we akyllylyk hakda gürrüň berilýär. Akylyň mertebesi taryp edilýär. Ýunus Emre öz ýaşan zamanasynda türki kowumlaryň arasynda uly şöhrata eýe bolupdyr. Söz ussatlarynyň birnäçesi onuň edebi döredijiliginden täsirlenipdirler. Gündogar edebiýatynda öçmejek yz goýan ägirtler Alyşir Nowaýy, Muhammet Fizuly ýaly şahyrlaryň eserlerini ünsli okap göreniňde, olarda Ýunus Emräniň edebi yzlaryny görmek bolýar. Dünýä edebiýatynda edebi mirasy bilen yz goýan beýik şahyr Ýunus Emräniň ajaýyp eserleri diňe bir öz döwrüniň däl, eýsem, biziň häzirki günlerimizde hem okyjylar köpçüligi tarapyndan uly gyzyklanma bildirilýär.

    Güljemile DÄDEBAÝEWA,
    Türkmenistanyň daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara žurnalistikasy fakultetiniň II ýyl talyby.

    Latest News

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik surady

    05/06/2025

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik
    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI surady

    05/06/2025

    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI
    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ  СЛОВО surady

    05/06/2025

    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ СЛОВО
    Useful Links
    Other
    Contact

    744000, Turkmenistan Ashgabat, Street:Galkhynysh, Building 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 All rights are reserved: TDIMHGI