24/11/2023
1103
ÝUNESKO-nyň döredilen gününe bagyşlanyp dabaraly çäre geçirildi
2023-nji ýylyň 16-njy noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Parahatçylyk medeniýeti» ÝUNESKO klubynyň agzalarynyň çykyş etmeginde ÝUNESKO-nyň döredilen güni mynasybetli dabaraly çäre geçirildi. Oňa institutyň professor mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar. Talyplar özleriniň çykyşlarynda ÝUNESKO-nyň sanawyna girizilen taryhy ýadygärliklerimiz barada çykyş etdiler. Şeýle-de, guramanyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna giren ýurdumyzyň medeni gymmatlyklary barada giňişleýin gürrüň berdiler. Türkmeniň milli dutarynyň kirşinden ýaňlanan owazlar dabara gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.
Bilşimiz ýaly, ÝUNESKO BMG-niň garamagynda döredilen bilim, ylym we medeniýet baradaky gurama bolup, 1945-nji ýylyň 16-njy noýabrynda döredildi. Gurama öz işinde dünýäde taryhy we medeni ýadygärlikleri gorap saklamagy maksat edinýär. Türkmenistan hem 1993-nji ýyldan bäri bu guramanyň agzasydyr.
Şyhdurdy ŞYHYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň
I ýyl talyby.