30/11/-0001
661
Ylym-bilim ulgamyndaky özgertmeler ýurdumyzyň mundan beýläkki ösüşiniň esasydyr
Dünýä ösüşiniň häzirki döwründe innowasiýalaryň döwletiň ähli pudaklarynyň ösüşinde aýratyn orny bar. Onuň esasynda bolsa, ilkinji nobatda, ylym we bilim hem-de halkara gatnaşyklar bar. Milli ýörelgelere we dünýäniň ösen tejribesine laýyklykda, okuw maksatnamalarynyň, kitaplaryň hem-de gollanmalaryň mazmuny we ylmy-usulyýet ugurlary kämilleşdirilýär. Sanly bilim ulgamy yzygiderli ösdürilýär.
Ýurdumyzda mynasyp ýaş nesliň terbiýelenilmegine möhüm üns berilýär. Şu maksat bilen, Türkmenistanda döwrebap orta we ýokary okuw mekdepleri, çagalar baglary, sagaldyş-dynç alyş merkezleri gurulýar hem-de hereket edýär. Bilim edaralaryny zerur okuw kitaplary, gollanmalar bilen üpjün etmek, täze tehnologiýalary we halkara ölçeglere gabat gelýän öňdebaryjy okuw-tehniki enjamlary ornaşdyrmak boýunça ägirt uly işler durmuşa geçirilýär.
Türkmenistanyň hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda bilim ulgamynda durmuşa geçirýän syýasaty hem-de sagdyn, hemmetaraplaýyn ösen, bilimli ýaş nesli terbiýelemek boýunça geçirilýän giň gerimli işler özüniň ýokary netijesini berýär. Milli we abraýly halkara olimpiadalarda baýrakly orunlara mynasyp bolýan ýaşlaryň sany ýylsaýyn artýar. Türkmenistanda dünýäniň oňyn tejribesi işjeň öwrenilýär, daşary ýurtlaryň bilim we ylym merkezleri bilen gatnaşyklar giňeldilýär. Ýurdumyz bilimi döwrebaplaşdyrmakda halkara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýär.
Bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygynyň çäklerinde sentýabr aýynyň 28-den oktýabr aýynyň 7-si aralygynda Germaniýanyň Akademiki alyş-çalyş gullugynyň (DAAD) çäklerinde Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Lýudwigsburg mugallymçylyk uniwersitetinde bilimi dolandyrmak we liderlik boýunça magistratura derejeli okuw sapaklarynyň nobatdaky tapgyry geçirildi. Onuň dowamynda bilim ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygynyň wajyplygy, taslamalary alyp barmagyň usullary, ylmy-barlag işleri geçirilende ýüze çykýan meseleler we dünýä medeniýetleriniň aýratynlyklary boýunça bilimleriň halkara gatnaşyklaryny has-da ilerletmekdäki orny dogrusynda okuw sapaklary gurnaldy. Okuw sapaklary ýokary derejede gurnalyp, özüniň täsirliligi bilen tapawutlandy.
Gapbar Hallyýew,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Dünýä dilleri kafedrasynyň mugallymy.