07/04/2026
68
YLMY SEMİNAR GEÇIRILDI
2026-njy ýylyñ 7-nji aprelinde Türkmenistanyñ Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda “Merkezi Aziýada arheologik ýadygärlikleri öwrenmekde halkara hyzmatdaşlygyň ösüş ugurlary” atly seminar geçirildi. Ony Türkmenistanyñ Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyñ Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyñ uly mugallymy filosofiýa ylymlarynyñ kandidaty Ogulgurban Ezimowa alyp bardy. Ylmy seminarda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň arheologiýa bölüminiň müdiri, taryh ylymlarynyň kandidaty Allaguly Berdiýew we institutyñ mugallymlary çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda ýurdumyzyň çägindäki arheologik ýadygärlikleri öwrenmekde halkara derejeli alymlar bilen alnyp barylýan bilelikdäki taslamalar, gazanylan ylmy netijeler we geljekki meýilnamalar barada şeýle-de halkara arheologik hyzmatdaşlygyň häzirki zaman ugurlary we bu ulgamda halkara hukuk kadalarynyň ulanylyşy barada giñişleýin gürrüñ berdiler.
Seminaryň dowamynda talyplar bilen mugallymlar özara pikir alyşdylar. Gatnaşyjylar Merkezi Aziýanyň gadymy taryhy, medeniýetleriň özara täsiri we arheologik barlaglaryň taryhy hakykatlary ýüze çykarmakdaky ähmiýeti baradaky soraglaryna jogap aldylar.
Geçirilen bu ylmy seminar talyplaryň saýlap alan hünärleri boýunça ylmy dünýägaraýşyny giňeltmekde we halkara gatnaşyklarynyň medeni-gumanitar ugruna bolan gyzyklanmalaryny artdyrmakda uly ähmiýete eýe boldy.
Aýgözel AMANOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.