14/05/2026
30
Ylmy-amaly maslahat geçirildi
2026-njy ýylyň 14-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli «Türkmenistanyň Konstitusiýasy – halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň hukuk esaslary» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Oňa institutyň professor mugallymlary we talyp ýaşlary, şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň hünärmenleri gatnaşdylar.
Maslahatda çykyş edenler Bitarap Türkmenistanyň konstitusion ýörelgeleriniň içeri we daşary syýasatymyzyň sazlaşygynyň esasy kepili bolup durýandygyny aýratyn nygtadylar. Şeýle-de milli ahlak ýörelgeleriniň hukuk binýadyndaky beýany hem-de ýurdumyzda adamlaryň we raýatlaryň konstitusion hukuklarynyň yzygiderli kämilleşdirilişi baradaky ylmy garaýyşlaryny we gymmatly maglumatlaryny gatnaşyjylar bilen paýlaşdylar.
Çykyşlarda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Konstitusiýasy ýurdumyzyň ýagty geljeginiň, halkymyzyň abadan ýaşaýşynyň aýdyň kepili bolup, amala aşyrylýan konstitusion özgertmeler ýurdumyzyň hukuk binýadyny pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýedir.
Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar berkarar döwletimizi ösüşlere tarap ynamly öňe alyp barýan hormatly Prezidentimize, Gahryman Arkadagymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
Umumy mejlisden soň ylmy-amaly maslahat öz işini “Halkara gatnaşyklaryny ösdürmekde Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň orny”, “Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň ösüşi”, “Türkmenistanyň Konstitusiýasy-milli ykdysady ösüşiniň hukuk binýady”, “Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Döwlet baýdagy bedew batly diýarymyzyň buýsanjy” atly bölümçelerde dowam etdirdi.
Mähri NURYÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby