18/08/2023
1506
Yhlasym myrada gowuşdy
Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parasatly syýasatynda ýaşlar baradaky alada ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Şonuň üçin hem ýurdumyzyň geljegini ýaşlarda görýän hormatly Prezidentimiz biz ýaş nesillere döwrebap bilim-terbiýe almaklary üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýär. Ýurdumyzda ýaşlaryň öz ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmekleri üçin dürli ugurlar boýunça bäsleşikler geçirilýär. Men hem ýurdumyzda döwlet derejesinde geçirilýän birnäçe bäsleşiklere gatnaşyp, öz ukyp-başarnygymy synap gördüm. 2023-nji okuw ýylynda «Altyn asyryň altyn zehinleri» ady bilen mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilen ders bäsleşiginiň şäher tapgyrynda taryh dersi boýunça 11-nji synplaryň arasynda 3-nji orna mynasyp bolmagy başardym.
Bu gazanan netijäm geljekde meniň täze bir üstünliklere, ýeňişlere ýetmegime sebäp boldy. Soňra men mugallymlarymyň, halypalarymyň maslahatyna eýerip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Ýaş diplomatlaryň mekdebiniň gurnamagynda geçirilýän «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşigine gatnaşdym. Bu bäsleşigiň hem 2-nji möwsüminiň final oýnunda 2-nji orna mynasyp bolmagy başardym. Ýurdumyzyň dürli künjeklerindäki orta mekdeplerde bilim alýan okuwçylaryň ählisine şu bäsleşige gatnaşyp öz ukyp-başarnygyny synap görmegini maslahat berýärin.
«Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda meniň durmuşyma has-da täsir eden ýene bir wakany buýsanç bilen bellemek isleýärin. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň bilelikde Ylymlar güni mynasybetli Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda 2023-nji ýylda ylmy işler boýunça geçirilen «Ýaş alymlar» bäsleşiginiň ýeňijisi bolmak maňa hem miýesser etdi.
Her bir ene-ata öz perzendiň hünär edinmegi, bir käriň eýesi bolmagy ugrunda uly alada edýär. Guşuň uçmagy üçin iki ganatynyň zerur bolşy ýaly, çaganyň hem bilimli, terbiýeli bolup ýetişmeginde ene-ata bilen deň derejede mugallymlara hem uly orun degişli bolup durýar. «Yhlasa-myrat» diýlişi ýaly, 2023-nji ýyl meniň durmuşymda ähli yhlasymyň ýerine düşüp, maksatlarymyň hasyl bolan ýyly boldy. Bu ýyl maňa Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby bolmak bagty miýesser etdi.
Ýurdumyzda her bir ýaş nesliň öz öňünde goýan maksadyna ýetmegi, ylymly-bilimli bolmagy üçin ähli şertleri döredip berýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyza köp sag bolsun aýdýaryn. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, beýik tutumly işleri elmydama rowaç alsyn! Şu ajaýyp pursatda men hem saýlap alan ugrum boýunça ussat hünärmen bolup ýetişip, ýurdumyzyň ösüşine öz mynasyp goşandymy goşjakdygyma ynandyrýaryn.
Döwletmyrat Arazow,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň 1-nji ýyl talyby.
“Parahatçylygyň ýaş çaparlary” akyl-paýhas bäsleşiginiň
II möwsüminiň 2-nji ornunyň eýesi
Soňky täzelikler
01/06/2024
ÝAŞ ÇAPAR