Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
        • Ylmy-amaly maslahat geçirildi
        • HALKARA YLMY-AMALY MASLAHAT GEÇIRILDI
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
        • ILÇI BILEN GEÇEN DUŞUŞYK
      • Halkara günler
        • 8-NJI MAÝ - HALKARA GYZYL HAÇ WE GYZYL ÝARYMAÝYŇ BÜTINDÜNÝÄ GÜNI
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
        • Ясмин Гуэдар в гостях у экспертов Центра стратегических исследований ИМО МИД Туркменистана
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Sosial media
      • TikTok
      • Instagram
    • Media
    Esasy / Habarlar / ÝHHG-NIŇ AŞGABATDAKY MERKEZINDE TALYPLAR ÜÇIN OKUW MASLAHATY GEÇIRILDI
    ÝHHG-NIŇ AŞGABATDAKY MERKEZINDE TALYPLAR ÜÇIN OKUW MASLAHATY GEÇIRILDI
    ÝHHG-NIŇ AŞGABATDAKY MERKEZINDE TALYPLAR ÜÇIN OKUW MASLAHATY GEÇIRILDI
    ÝHHG-NIŇ AŞGABATDAKY MERKEZINDE TALYPLAR ÜÇIN OKUW MASLAHATY GEÇIRILDI
    ÝHHG-NIŇ AŞGABATDAKY MERKEZINDE TALYPLAR ÜÇIN OKUW MASLAHATY GEÇIRILDI
    14/04/2026

    515

    ÝHHG-NIŇ AŞGABATDAKY MERKEZINDE TALYPLAR ÜÇIN OKUW MASLAHATY GEÇIRILDI

    2026-njy ýylyň aprel aýynyň 13-14-ine Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Aşgabatdaky merkezinde «Ýaşlar we klimat diplomatiýasy: gepleşikleriň ÝHHG modeli» atly iki günlük okuw maslahaty geçirildi. Bu çäre ÝHHG-niň «Howanyň üýtgemegi, daşky gurşawy dolandyrmak we ekologiýa howpsuzlygy babatda hyzmatdaşlygy güýçlendirmek» taslamasynyň çäginde guraldy.
    Okuw maslahatyna Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň hem-de Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyplary we mugallymlary gatnaşdylar.
    Bu okuw maslahatynyň esasy maksady ýaşlaryň howanyň üýtgemegi bilen howpsuzlygyň arabaglanyşygy babatyndaky bilimlerini artdyrmakdan, şeýle hem olaryň halkara gepleşikleri geçirmek we konsensus gazanmak ukyplaryny kämilleşdirmekden ybarat boldy. Maslahatyň dowamynda dowamynda talyplar halkara bilermenleriň ýolbaşçylygynda howanyň üýtgemegine degişli dürli ugurlar boýunça çykyşlary diňlediler. Okuwyň amaly böleginde bolsa, olar dürli döwletleriň wekilleriniň keşbini janlandyryp, milli bähbitlerini goradylar we ÝHHG-niň kararlarynyň taslamalaryny taýýarlamak boýunça gepleşikleriň iki tapgyryna gatnaşdylar.
    Maslahatyň dowamynda talyplar ýokary işjeňlik we iňlis dilinde erkin pikir aňlatmak başarnygyny görkezip, geljekki diplomatlar hökmünde halkara ekologiýa syýasaty we diplomatiýasy boýunça gymmatly tejribe topladylar.

    Hemragylyç NURMÄMMEDOW,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Dünýä dilleri kafedrasynyň mugallymy.

    Soňky täzelikler

    HALKARA HUKUKÇYLAR ÜÇIN GEÇIRILEN OKUW SAPAGY surady

    14/05/2026

    HALKARA HUKUKÇYLAR ÜÇIN GEÇIRILEN OKUW SAPAGY
    Belgiýaly žurnalist Derýa Soýsal bilen okuw sapagy geçirildi surady

    14/05/2026

    Belgiýaly žurnalist Derýa Soýsal bilen okuw sapagy geçirildi
    Sebitiň ösüşiniň täze ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy surady

    14/05/2026

    Sebitiň ösüşiniň täze ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2026 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI