Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
        • YLYMLAR GÜNI MYNASYBETLI GEÇIRILEN YLMY-AMALY MASLAHAT
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • EÝRANLY ÝAŞ DIPLOMATLAR ÜÇIN GEÇIRILEN TANYŞLYK SAPARY
        • ILÇI BILEN GEÇIRILEN DUŞUŞYK
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
        • ITALIÝALY WEKIL BILEN GEÇIRILEN OKUW SAPAGY
      • Halkara günler
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ BÜTINDÜNÝÄ GÜNÜNE BAGYŞLANAN OKUW SEMINARY GEÇIRILDI
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Sosial media
      • TikTok
      • Instagram
    • Media
    Esasy / Ylmy-amaly maslahatlar / Ýeňiş güni mynasybetli geçirilen ylmy-amaly maslahat
    Ýeňiş güni mynasybetli geçirilen ylmy-amaly maslahat surady
    05/05/2022

    2286

    Ýeňiş güni mynasybetli geçirilen ylmy-amaly maslahat

    2022-nji ýylyň 5-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 77 ýyllygy mynasybetli «Watan goragçylarynyň belent edermenligi ýaşlar üçin merdanalygyň nusgasydyr» atly ylmy-amaly maslahaty geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň wekilleri, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň hem-de beýleki ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary şeýle-de «Ýaş diplomatlar» mekdebiniň işjeň agzalary bolan mekdep okuwçylary gatnaşdylar.
    Maslahatyň umumy mejlisinde Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň esasy ylmy işgäri Meretguly Tangiýew «Gahrymanlaryň gaýduwsyzlygy – Watana wepalylygyň beýik nusagy», Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Dünýä dilleri kafedrasynyň mugallymy Batyr Kairow «Dialog – parahatçylygyň kepili» filosofiýasy – bagtyýar geljegiň binýady», institutyň Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasynyň mugallymy Miwe Nabatowa «Pederleriň göreldesi – nesilleriň ýörelgesi» hem-de institutyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Gurbansähet Gurbansähedow «Watan, saňa gulluk ömrüň manysy!» atly temalar boýunça çykyş etdiler.
    Ylmy-amaly maslahatyň umumy mejlisinden soň öz işini bölümçelerde dowam etdirdi. «Parahatsöýüjilik türkmen halkynyň ýol-ýörelgesiniň binýady», «Beýik Watançylyk urşunyň döwletleriniň ykdysady ýagdaýyna täsiri», «Gahryman pederlerimiziň şöhratly ýeňişi eşretli gelejegimiziň kepilidir» atlary bilen geçirilen bölümçelerde bolsa Beýik Ýeňşiň, watansöýüjilik ýörelgesiniň, Watan mukaddesliginiň, häzirki zamanda parahatçylyk, howpsuzlyk, ykdysady ösüşleriň ähmiýeti we täsiri barada köp sanly çykyşlar diňlenildi.
    Dünýä taryhyna örän pajygaly döwür hökmünde giren 1941-1945-nji ýyllarda hem bu mukaddes kadalara berk eýeren merdana watandaşlarymyz doganlyk halklaryň wekilleri bilen egin-egne berip, aldym-berdimli söweş meýdanlarynda batyrlygyň, Watançylygyň belent nusgasyny görkezdiler, nesilleriň hormatyna mynasyp boldular.
    Watanymyzyň azatlygyny, garaşsyzlygyny gorap saklan edermen, gaýduwsyz ata-babalarymyzyň şan-şöhraty halkymyzyň taryhyna girip, ol milli gahrymanlarymyzyň atlary “Hatyra” we “Şöhrat” atly ýadygärlik kitaplarynda ebedileşdirildi.

    Merjen GURBANNAZAROWA,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş
    kafedrasynyň uly mugallymy.

    Soňky täzelikler

    YLYMLAR GÜNI MYNASYBETLI GEÇIRILEN  YLMY-AMALY MASLAHAT surady

    08/06/2026

    YLYMLAR GÜNI MYNASYBETLI GEÇIRILEN YLMY-AMALY MASLAHAT
    «YLYM WE BILIM XXI ASYRDA» ATLY HALKARA ONLAÝN YLMY MASLAHATY GEÇIRILDI surady

    05/06/2026

    «YLYM WE BILIM XXI ASYRDA» ATLY HALKARA ONLAÝN YLMY MASLAHATY GEÇIRILDI
    HALKARA YLMY-AMALY MASLAHATY GEÇIRILDI surady

    04/06/2026

    HALKARA YLMY-AMALY MASLAHATY GEÇIRILDI
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2026 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI